Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Günorta Gyrgyzystanyň basylyp alynmagy


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet91/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   87   88   89   90   91   92   93   94   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Günorta Gyrgyzystanyň basylyp alynmagy 
Kokant hanlygynyň syýasy ýagdaýynyň erbetleşmegi bu 
döwürdäki wakalaryň uçguny bolupdyr. Köşk gozgalaňlary, 
hanlaryň tiz-tizden üýtgemegi döwletiň esasyny sarsypdyr. 
Ruslar iki tarapdan ýagny Syr-derýa we Sibiriň üstünden 
Türkistana tarap hereket edip, Gyrgyzystanyň günortasyna 
ansatlyk bilen girmekligi başarypdyrlar. 
Öňki yyllarda hem bolşy ýaly bu ýyllarda-da gyrgyz 
asylzadalarynyň ýokary gatlagy Kokandyň syýasy durmuşyna 
aktiw gatnaşypdyrlar. Syýasy wakalarda gyrgyzlar esasy roly 
oýnapdyrlar. Olar köplenç tagt ugrundaky göreşlerde käbir 
dalaşgärleri goldapdyrlar. Köp wagtlap dowam eden iç söweşler 
hanlygyň güýjüniň pese gaçmagyna sebäp bolupdyr, rus 
goşunlarynyň Kokant topraklaryna girmegi we ony ýuwaş-
ýuwaşdan basyp almagy üçin gerekli şertleri döredipdir. 
1860-njy ýyllaryň başynda Patyşa hökümeti Orenburg 
(Syr-derýa) we Sibir serhet sebitleriniň birleşdirilmegi üçin rus 


249 
goşunlarynyň Merkezi Aziýadaky hereketlerini yzygider gözden 
geçiripdir. 1863-nji ýylyň dekabr aýynda Rus Patyşasy 
Aleksandr II ady agzalan sebitleriň öz topraklaryna goşulmagy 
üçin 1964-nji ýylyň başyndan hereket geçilmegini emir edipdir. 
Bu emirden soňra Russiýa harby ministri D. A. Milýutin 
Orenburg we Günbatar Sibir gubernatorlaryna ýörite bir 
emirnama iberip, Günbatar Sibir general-gubernatory A. O. 
Dýugameliň Wernyýda goşun ýygnap Oluýa-Atany (Taraz) 
eýelemeklige taýýarlanmagyny görkezme berýär. Orenburgdan 
gelen rus goşunyna bolsa Suzak we Çolok Kurgany basyp 
almaklygy emir beripdir.
1864-nji ýylyň 1-nji maýynda hereket geçen rus ordusy 
şol ayyň ahyryna çenli Merke galasyny we Daşkendi, iýun 
aýynda Türkistan şäherini, sentýabrda bolsa Çimkenti basyp 
alypdyrlar. 1867-nji ýylyň tomsunda Türkistan oblastyny 
Türkistan general-gubernatorlugy edilip üýtgedilýar. 1865-nji 
ýylda gurlan Türkistan oblasty Yssyk-kölden Aral kölüne çenli 
aralygy öz içine alyardy. 
Türkistan general gubernatorlugyna başda M. G. 
Çernýaýew bellenen hem bolsa, soňradan bu wezipä Rus 
Patyşasy Aleksandr II-niň karay bilen K. P. Fon Kaufman 
bellenilipdir. 1868-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Kaufman bilen 
Kokant hany Hudaýar hanyň arasynda gol çekilen şertnama 
laýyklykda, Kokant hanlygy Russiya bagly edilipdir. Kokant 
hanlygynyň ruslaryň golastyna girmesinden soňra hanlygyň 
içinde ýaşaýan (günorta) gyrgyzlar ruslaryň häkimiýetini kabul 
etmäge mejbur galypdyrlar. Ýöne olar şonda-da Kokant hanlygy 
ýykylýança Russiýanyň häkimiýetini kabul etmändirler. 
Kokant hanlygynyň Russiýa baglylyk döwri ýerli halk 
üçin iň kyn döwür bolupdyr. Salgytlar her ýyl artypdyr. 
Meselem XIX asyryň 60-njy ýyllarynda Kokant hanlygynda 
halkdan 20 görnüş salgyt alnypdyr. Hudaýar han tarapyndan 


250 
alnyp barylýan syýasat esasanam gyrgyzlara garşy talaňçylykly 
bolupdyr. Bu hem halkyň hana garşy ýigrenç duýgusyny 
artdyrypdyr. Munyň netijesinde 1871-nji ýylyň ýaz aýynda 
Soha gyrgyzlarynyň gozgalaňy başlady. Köp wagt geçmänkä 
gozgalaňa Alaý gyrgyzlary hem goşuldylar. Ýöne Kokant 
hanlygy bu halk gozgalaňyny ýatyrmagy başarypdyr. 
Bu gozgalaňlar geljekki gozgalaňlaryň habarçysy 
bolupdyr. 1873-nji ýylda Günorta Gyrgyzyzstanda başlaýan 
halk gozgalaňlary iki etapda bolupdyr. Birinji etap 1873-1874-
nji ýyllarda gönüden-göni Kokant hanlygyna garşy bolsa, ikinji 
etabynda 1875-1876-njy ýyllarda Hudaýar hana harby goldaw 
berýän Patyşa Russiyasyna garşy bolupdyr. 
Bu gozgalaňa esasanam Hudaýar hanyň zulum 
syýasatynyň gurbanlary bolan maldarçylyk we ekerançylyk 
bilen meşgullanýan daýhanlar uly hyjuw bilen gatnaşypdyrlar. 
Bu gozgalaňa gyrgyzlaryň asylzadalary hem gatnaşypdyrlar. 
Olar 1873-nji ýylyň iýunynda Fergana tarap herekete 
geçipdirler we köp wagt geçmänkä Özgön, Soha galalaryny, Oş, 
Suzak, Bulakbaşy, Üçkorgon we köp sanly ýaşaýyş ýerlerini 
eýeläpdirler. Bu şäherlerde we obalarda ýaşaýan Özbekler 
umuman gozgalaňy goldapdyrlar, garyplar bolsa gozgalaňa 
gatnaşypdyrlar. 
Gozgalaňçylaryň 
üstünlikleri 
Hudaýar 
hany 
gorkuzypdyr. Ol halkyň üstüne goşun iberen hem bolsa 
gozgalaňý ýatyryp bilmändir. Gaýtam halk 1875-nji ýylyň iýul 
aýynda täzeden Özgönde uly bir gozgalaň başladypdyr. 
Kokant hany gozgalaňçylaryň üstüne birnäçe uly goşun 
iberipdir. Ýöne iberilen goşun gozgalaňçylaryň tarapyna 
geçipdir we olar az wagtdan Oş, Namangan, Andijan we 
Asakeni eýeläpdirler. Wakalaryň örän çalt özüne garşy 
öwrülýändigini gören we gorkan Hudaýar han Kaufmana habar 


251 
iberip, gozgalaňçylara garşy toplar bilen bilelikde rus 
goşunynyň iberilmegi üçin ýalbarypdyr.
Ýöne Hudaýar han rus patyşasynyň iberen goşunyna 
garaşman paýtagtdan gitmeklik kararyny alypdyr. Ol 1875-nji 
ýylyň 22-nji iýulynda Kokantdan çykypdyr we medet sorap 
Türküstan 
general-gubernatorunyň 
golastyna 
barypdyr. 
Gozgalaňçylar söweşsiz Kokant şäherini eýeläpdirler we az 
wagt öň gozgalaňçylaryň tarapyna geçen Hudaýar hanyň ogly 
Nasyrerddini han diýip yglan edipdirler. 
Türküstan general gubernatory Nasyreddiniň hanlygyny 
kabul etmäge mejbur bolupdyr. Yöne bu hem gozgalaňyň 
ýatyşmagyna peýda bermändir. Gosgalaňçylar bilen rus 
goşunlarynyň arasynda söweşler gitdikçe artypdyr. Netijede 
awgust aýynyň soňunda Patyşa goşunlary Kokandy basyp 
alypdyrlar. Gol çekilen täze şertnama bilen Kokant hanlygy 
öňküden hem beter Russiýa bagly ýagdaýa getirilipdir. Bu 
şertnama garşy çykanlar köp wagt geçmänkä täzeden gozgalaňa 
başlapdyrlar. Olar Nasyreddin hana boýun egmekligi ret 
edipdirler we özleriniň lideri Polat hanyn häkimiýetini kabul 
edipdirler we ony han yglan edip, ak keçäniň üstünde ýokaryk 
galdyrypdyrlar.
Polat han gysga wagtyň içinde 12 müň atlydan ybarat uly 
bir goşun ýygnapdyr. Uly bir oba bolan Asake bolsa Polat 
hanyň ştaby bolupdyr. Polat han Nasyreddin hanyň tarapdarlary 
bilen söweşmäge başlapdyr we Feýzabad obasynyň töwereginde 
Nasyreddiniň goşunyny ýeňipdir. Andijanyň töwereklerinde 
bolsa Patyşa goşunyny dargadypdyr. Köp wagt geçmänkä Polat 
han Kokant şäherini eýeläpdir. Nasyreddin bolsa Hojente 
ruslaryň yanyna gaçyp barypdyr. 
Bu wakalardan soňra gozgalaňçylara garşy General 
Skobelewiň baştutanlygynda rus goşuny iberilipdir. 1875-nji 
ýylyň 11-nji noýabrynda Balykçy obasynyň töwereginde bolup 


252 
geöen söweşde Skobelew Polat hanyň goşunyny ýeňipdir. 
Patyşa goşunlary 1875-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Andijany, 
12-nji ýanwarda bolsa halk gozgalaňynyň lideriniň iň soňky 
galasy bolan Üçkorgan galasyny basyp alypdyrlar. Polat han az 
salymdan haýynlar tarapyndan tutulyp, ruslaryň eline berlipdir. 
Ruslaryň eline ýesir düşen Polat han Margalanda öldürilipdir. 
Bu uly gozgalaňyň basylyp ýatyrylmagyndan soňra 
Kokant hanlygy ýykylypdyr. Hanlygyň topraklarynda 1876-njy 
ýýlyň 19-njy fewralynda Türküstan general gubernatorlugyna 
bagly Fergana oblasty döredilipdir. Türküstan general 
gubernatorlugyna Fergana (1876), Syrderýa (1867), Semireçýe 
(1867), Samarkand (1886) we Zakaspi (1882) oblastlary degişli 
bolupdyr. Gyrgyzystan bolsa Semireçýe, Fergana oblastlaryna 
we Syrderýa bilen Samarkand oblastlarynyň bir bölegine degişli 
bolupdyr.
1916-njy ýylyň birinji ýarymynda gyrgyzlaryň sany 804 
524 töweregi bolupdyr. Olar bilen bu ýerde rus, ukrainaly, 
belorussiýaly, özbek, tatar, uýgur halklary hem ýaşapdyrlar. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   87   88   89   90   91   92   93   94   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling