Türkmenistanyň Bilim ministrligi
III BÖLÜM Gyrgyz topraklarynyň Rus Patyşalygy tarapyndan
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
III BÖLÜM
Gyrgyz topraklarynyň Rus Patyşalygy tarapyndan basylyp alynmagy Demirgazyk Gyrgyzystanyň basylyp alynmagy Gyrgyzystnayň Russiýa tarapyndan basylyp alynmagy XIX asyr taryhynda möhüm orny bardyr. Gyrgyz topraklarynyň basylyp alynma prossesi 1855-nji ýylda başlapdyr we 21 ýyl dowam edip, 1876-njy ýylda tamamlanypdyr. Yssyk-kölüň günorta-gündogarynda ýaşaýan Bugu taýpasy Russiýa goşulan ilkinji gyrgyzlardyr. XIX asyryň başlarynda Bugu taýpasynyň baştutanlary Günbatar Sibirdäki rus ýolbaşçylary bilen diplomatiki gatnaşyklary gurupdyrlar. Rus täjirler päsgelçiliksiz Gyrgyzystan topraklarynda söwda bilen meşgullanypdyrlar. Şol günüň syýasy şertleri Bugu taýpasynyň baştutanlaryny ruslara ýakynlaşdyrypdyr. Sebäbi bir tarapda Kokant hanlarynyň, gazak soltanlarynyň beýleki tarapdan hytaýlylaryň arasynda galan Bugu taýpasynyň baştutanlary güýçli Russiýa döwleti bilen gatnaşyk saklamagy saýlap alypdyrlar. Gazak topraklaryny basyp alan ruslar, Yssyk-kölüň töwereginde ştablaryny gurupdyrlar. Bu ýerde ýörite wezipeli tatar täjirler gyrgyz obalaryny aýlanyp, güýçli gyrgyz baştutanlaryny ruslaryň häkimiýetine geçmeklige çagyrypdyrlar. Patyşa hökümeti öz maksatlaryny amala aşyrmak üçin hiç bir maddy serişdäni gaýgyrmanyrlar. Olar gyrgyz asylzadalaryna gymmatbahaly sowgatlar beripdirler. Ruslaryň bu syýasaty öz miwesini beripdir we 1855-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Omsk şäherinde Bugu taýpasynyň ilçisi Kamçybek Şeralin öz taýpasynyň rus raýatlygyna geçjekdigine ant içipdir. Russiýanyň ýolbaşçylary halkynyň Russiýanyň tabynlygyna 247 geçmegi üçin uly aladalar eden Borombaý Bekmuradowy Bugu taýpasynyň Beýik Manapy (manap-baştutany) yglan edipdirler we sylaglapdyrlar. 1855-nji ýylda paýtagty Wernyý bolan Ala- too oblasty gurulypdyr. Ýöne demirgazykda ýaşaýan gyrgyzlaryň hemmesi ruslar bilen dostlukly gatnaşyk gurmandyrlar. Olaryň köpüsi Rus Patyşasyna tabyn bolmaklygy kabul etmändirler we hat-da ruslara garşy ýaragly çaknyşyklar gurnapdyrlar. 1860-njy ýylyň 5-nji fewralynda ruslar Wernyýdan Yssyk-köle goşun iberipdirler. Olaryň esasy maksady sebitde rus häkimiýetini güýçlendirmekdir. Ruslar ýerli halky Kokandyň täsirinden çykaryp, gyrgyz asylzadadalaryny rus raýatlygyna geçmekligi maksat edinipdiler. Netijede ruslara tabynlygy kabul eden gyrgyz baştutanlary sylaglanypdyr, galanlary bolsa Týan-Şan daglaryna göçüp gitmäge mejbur bolupdyrlar. Russiýa Patyşalygynyň indiki maksady Çu jülgesindäki Kokant galalaryny eýelemekden ybarat bolupdyr. 1860-njy ýylyň iýunynda herekete geçen ruslar awgust aýynyň soňuna çenli Kastek, Tokmok we Bişkek galalaryny basyp alypdyrlar. 1860-njy ýylyň sentýabr aýynda rus goşunynyň Wernyý şäherine dolanmagyndan peýdalanan Kokant hany Daşkentdäki häkimi Kanaat Şaany 20 müň serbaz we 10 sany top bilen Çu jülgesine iberipdir. 1860-njy ýylyň 29-njy iýulynda iki goşun Uzyn agaçda garşylaşypdyr we ruslatyň ýeňşi bilen netijelenipdir. Bu söweşde ruslara garşy söweşen gyrgyz liderlerinden Şabdan Jantaý ýeňlişden soňra, öz golastyndaky Kemin gyrgyzlary bilen ruslaryň raýatlygyny kabul edipdir. Bu habara begenen Patyşa hökümeti Jantaý altyn medal we yokary harby çin beridpir. Çu jülgesini häkimiýetine alan ruslar, 1865-nji ýýlda Talasdaky gyrgyzlaryň topraklaryny hem basyp alypdylar. 248 Ruslara garşy söweşmekligiň kyndygyna düşünen gyrgyzlar olara tabyn bolmakdan başga alaç tapmandyrlar. Ýöne olar Bugu taýpasy ýaly sadyklyk andyny içmändirler. Dogrusyny aytsak ol wagta çenli Gyrgyzystanyň uly bir bölegini basyp alan ruslar üçin ant içmekligiň kän bir ähmiýeti hem ýokdy. Týan-Şan dagynyň ortalarynda ýaşaýan gyrgyzlary basyp almaklyk prossesi köp wagt alypdyr. Birnäçe ýyl dowam eden ganly çarpyşyklardan soňra 1867-nji ýylda ruslar bu ýerde ýaşaýan gyrgyzlary özlerine boýun egdiripdirler. Demirgazyk Gyrgyzystanda Russiýanyň häkimiýetiniň ýerleşdirilmegi Týan-Şan dagynyň ortalarynyň basylyp alynmagy bilen tamamlanypdyr. 1868-nji ýylda Narin we Karakolda galalar gurlupdyr. Galalardaky goşun Russiýanyň serhedini we häkimiyetini goramak wezipesini alyp barypdyr. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling