Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Gyrgyzlar 1916-njy ýyldaky halk gozgalaňynda
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Gyrgyzlar 1916-njy ýyldaky halk gozgalaňynda
Patyşa Russiýasy bu gozgalaňdan ýarym asyr öň gyrgyzlaryň topraklaryny basyp alypdy. Rus imperatorlugy Merkezi Aziýada milli-baknalyk syýasatyny alyp barypdyr. Esasanam rus hökümdary tarapyndan alnyp barylýan toprak syýasaty halky gaty bimaza edipdir. Rus we ukrainaly daýhanlar has gowy topraklara eýe bolmak üçin Russiýadan Gyrgyzystana göçmäge başlapdyrlar. Rus hökümeti gyrgyzlaryň suwarymly, bereketli topraklaryny halkyň elinden alyp rus we ukrainalylara beripdir. Çünki bu gelenler Patyşa hökümetiniň sebitdäki daýanjy bolmalydy. Gyrgyzlaryň elinden topraklarynyň alynmagy olarda uly ýaralar açypdyr. 253 Şeýle hem Gyrgyzystayň tebigaty we howa şertleri Merkezi Russiýanyňka örän meňzeýärdi. Şol sebäpli hem rus we ukrainalylar ilki bilen bu ýeri saýlaýardylar. Birinji jahan urşundan öň Türküstana göçüp gelen 540 müň daýhandan 110 müňi, ýagny 20%-i Pişpek we Pržewal uýezdlerinde mesgen tutupdyrlar. Demirgazyk Gyrgyzystanyň bu sebiti ruslaryň merkezi bolupdyr. 1916-njy ýýlda Pržewaldaky ilatyň 24%- inden gowragy rus we ukrainalylar bolup, olar bereketli topraklaryň 67%-ine eýedirler. Bu ýagdaý Pişpek uýezdi üçin hem degişlidi. Birinji jahan urşy ýyllarynda hasyl ik esse azalypdyr. Iri we kiçibaş mallaryň baş sany birden azalypdyr. Diňe harby maksatly Semireçýeden ýygnanan dürli önümleriň jemi bahasy 55 million rubl töweregi bolupdyr. Bazardaky bahalar galypdyr, salgytlaryň mukdary ýokarlanypdyr. Meselem 4 rubl bolan maşgala salgydy 8 rubl bolupdyr. Şeýle hem 1 rubl 84 kopeýek bolan uruş salgydy alynmaga başlanypdyr. Patyşa hökümediniň adamlary urşy bahana edip ýerli halkdan gereginden köp at, düye, egin-eşik, keçe we çadyr ýygnapdyrlar. Gulluga çagyrylan rus daýhanlaryň meýdanlarynda gyrgyzlar zor bilen işledilipdir. Bu bolsa şeýle hem kyn ýagdaýdaky halka örän agyr ýük bolupdyr. Uruş ýyllarynda yerli halkyň topraklarynyň zor bilen alynmagyna dowam edilipdir. Mysal üçin 1915-nji ýyla çenli diňe Çu jülgesinde gyrgyzlaryň elinden 700 mün gektardan gowrak toprak alnypdyr. Günorta Gyrgyzystanda bolsa rus daýhanlaryna 82 müň gektar toprak berlipdir. Halkyň gozgalaň turuzmagynyň ýene bir sebäbi bolsa rus döwlet işgärleriniň we käbir gelen daýhanlaryň ýerli halkyň adatlaryny, dinini we dilini kemsitmekleri bolupdyr. 1916-njy ýylyň iýunynda Ak Patyşanyň ýerli halkdan tylda hyzmat üçin adam ýygnamalydygy baradaky karary yglan edilipdir. 254 Baknalyk syýasaty astynda gahar-gazaply halk üçin rus hökümetiniň bu islegi artykmaçlyk edýärdi. Ak Patyşanyň kararnamasyna garşy Hojent we Samarkand oblastynda başlaýan gozgalaň iýulyň ortalarynda Fergana we Günorta Gyrgyzystana ýaýrapdyr. Yssyk-kölde ýaşaýan gyrgyzlar tylda işlemek islemediler we aglabasy Hytaýa göçmek kararyny aldylar. Entek gozgalaňyň başynda Andijana bagly Altyn-köl we Bazar-Kurganda halk rus hökümdarynyň kararyny ret edipdirler we tylda hyzmat üçin çagyrylanlaryň atlary ýazylgy resminamalary ýok edipdirler. Gozgalaňlara Kokant we Namanganda ýaşaýan gyrgyzlar aktiw gatnaşypdyrlar. Oşdaky gozgalaň iýulyň başlarynda başlapdyr. Süleýman-dagda gozgalaňa 10 müň adam gatnaşypdyr. Iýulyň soňunda Üçkorgon obasynyň halky hem gozgalaňçylara goşulypdyr. Awgustyň başynda Gyrgyzystanyň günortasynyň uly bir böleginde gozgalaň turupdyr. Demirgazyk Gyrgyzystanda ilkinji uçgunlar iýulyň ortalarynda başlapdyr. Bu sebitdäki gozgalaňa gyrgyz, gazak, uýgur, dungan, başkyrt, tatarlar gatnaşypdyrlar. Iýulyň soňunda Semireçýe sebitine-de gozgalaň ýaýrapdyr. Yzysüre Keminden Sokuluka çenli sebitde rus hökümetine garşy hereketler başlapdyr. Gozgalaňçylar Wernyý – Bişpek ýoluny eýeläp, potça we telegraf merkezlerini ýumrupdyrlar. Halk gozgalaňyny basyp ýatyrmak üçin Demşrgazyk Gyrgyzystana rus goşunlary iberilipdir. 8-nji awgustda Tokmoka ýakyn obalarda gozgalaň başlapdyr. 9-njy awgustda Boom geçelgesinde Ybraýym Teleýewiň baştutanlygyndaky gyrgyz goşuny Yssyk-köle barýan rus goşunynyň ýoluny kesdi we 200 tüpeň we 30 müňden gowrak ok olja aldy. 255 Awgustyň ortalarynda Yssyk-köl, Talas we Týan-şan daglarynyň ortalarynda uruşlar has hem möwjäpdir. 12-nji awgustda Karakol türmesindäki 300-den gowrak gyrgyz, uýgur we dungan gozgalaň başlatdylar. Gozgalaňçylar bilen Ruslar arasyndaky iň soňky gazaply uruşlar awgustyň soňunda bolup geçipdir. Bu uruşlara ýedi müňden gowrak adam gatnaşypdyr. Gowy ýaraglar bilen üpjün rus goşunyna garşy gozgalançylar agyr ýitgiler berip, güýzde dag eteklerine çekilmäge başlapdyrlar. Olar Ruslar bilen güýçleriniň deň däldigini bilipdirler we janlaryny goramak üçin Hytaýa gaçypdyrlar. 1916-njy ýylyň güyzünde 45 müň maşgala Hytaýa gidipdir. Jemi giden 160 müň kişiniň 130 müňi gyrgyzlar bolupdyr. Olar serhetden geçenlerinde atlarynyň diňe 10 %-ini, kiçibaş mallarynyň 25%-ini ýanlary bilen äkidip bilipdirler. Hytaýda açlykdan, keselçilikden ölen gyryz we gazaklaryň sany 70 müňden gowrakdyr. 1917-nji ýylyň başlarynda Hytaýa giden gyrgyzlar watanlaryna gaýdyp gelmek islänlerinde, olardan liderleriniň tussag edilip berilmegi şerti getirilipdir. 1917-nji ýylyň başylaryna çenli Semireçýe oblastyndaky halkyň 30 müň maşgala, ýagny takmynan 120-150 müň adam ýitgisi bolupdyr. Şeýlelikde gozgalaň ýeňliş bilen netijelenipdir. Gozgalaňçylar merkezsiz hereket edipdirler. Şeýle hem halkyň harby tälimsiz bolmalary we hemme kişä ýeterli ýaragyň bolmaýyşy bu ýeňlişiň sebäpleridir. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling