259
üçin 189 million rubl pul we 964 million rubl obligasiýa
görnüşinde ýygnaldy.
Uruş ýyllarynda nemes faşistleriň howpy astyndaky
sebitlerde bar bolan zawod-fabrikler köp sanlysy gyssagly
ýagdaýda gündogara göçürilipdir. Bu iri zawod-fabrikleriň 30-
dan gowragy Gyrgyzystana hem göçürilip getirilipdir. Mysal
üçin Bişkek, Tokmok, Ak-Suu we beýleki sebitlerde dürli
zawod-fabrikler gurlupdyr. Şeýle hem uruş ýyllarynda
Gyrgyzystana Kawkaz, Krym we Wolga boýlaryndan nemes,
çeçen, Ahyska türkleri, azerbaýjan, balkar, kumuk, nogaý we
beýleki milletleriň wekilleri sürgün edilipdirler.
Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Gyrgyzystanly
esgerler batyrlyk bilen söweşipdirler. Olaryň arasyndan 100
müňden gowragy orden we
medallar bilen sylaglanypdyr, 72
esgere SSSR-iň gahrymany diýlen at dakylypdyr. Olaryň
arasynda Düýşönkul Şopokow, Çolponbaý Tuleberdiýew,
Talgat Begeldinow, Kalyýnur Usenbekow we beýlekiler bardy.
Do'stlaringiz bilan baham: