Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet97/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   93   94   95   96   97   98   99   100   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

 


263 
V BÖLÜM 
Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllarynda (1991-2010) 
Garaşsyz Gyrgyzystanyň içeri we daşary syýasaty 
Gyrgyzystan 
1991-nji 
ýylyň 31-nji awgustynda 
garaşsyzlygyny yglan edipdir. Şol ýylyň 12-nji oktýabrynda 
Askar Akaýew saýlaw esasynda Gyrgyzystanyň Prezidentligine 
saýlanypdyr. 1991-nji ýylyň dekabrynda Gyrgyzystan Garaşsyz 
Döwletleriň Arkalaşygyna giren şertnama gol çekipdir.
Gyrgyzystanyň garaşsyzlygy ilkinji ykrar eden döwlet 
Türkiýedir (24-nji dekabr 1991). 
Gyrgyzystanda ilçihana açan ilkinji döwlet Amerikanyň 
Birleşen Ştatlarydyr (1992-nji ýýlyň 1-nji fewraly). 28-nji 
fewralda Türkiýe Bişkekde ilçihanasyny açypdyr. Gyrgyzystan 
1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasyna 
kabul edilipdir. 1992-nji ýylda Ykdysady hyzmatdaşlyk 
guramasyna, UNESCO, 1996-njy ýyldan başlap Şanhaý 
hyzmatdaşlyk guramasynyň agzasydyr. 
UNESCO-nyň goldawy bilen Gyrgyzystanda ―Manas‖ 
dessanynyň 1000 ýyllygy (1995) we Oş şäheriniň 3000 ýyllygy 
(2000) ýyllygy bellenilipdir. 
Gyrgyzystanyň teklibi bilen 2002-nji ýyl Birleşen 
Milletler Guramasy tarapyndan ―Daglar ýyly‖ diýlip kabul 
edilipdir.
SSSR-iň 
ýykylmagyndan 
soňra 
Gyrgyzystan 
Konstitusiýasyny taýyarlamak üçiň ýörite topar düzülip 
işlenilipdir we 1993-nji ýylyň 5-nji maýynda Gyrgyzystanyň 
ilkinji Konstitusiýasy yglan edilipdir. 
1992-nji ýylyň 3-nji martynda Gyrgyzystanyň milli 
baýdagy tassyklanylypdyr. Döwletiň gimni şol ýylyň 18-nji 
dekabrynda, gerbi bolsa 1994-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda 
kabul edilipdir. 1992-nji ýylda öz milli goşunyny guran 


264 
Gyrgyzystanyň 
yaragly 
güýçleriniň 
serkerdebaşysy 
Prezidentdir.
Gyrgyzystanyň resmi dili gyrgyzjadyr. 2001-nji ýylyň 
24-nji dekabrynda çykarylan kanun bilen rus dili döwletiň ikinji 
resmi dili bolupdyr. Häzirki wagtda Gyrgyzystanda ulanylýan 
elipbiý 1940-njy ýyldan bäri dowam edip gelýän Kirill 
elipbiýidir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Gyrgyzystanyň metbugatynda 
dürli atdaky gazet-žurnallar çap edilýärler. Asaba (Baýdak), 
Gyrgyz ruhy, Res Publika, Delo No, Aalam ýaly hususy 
gazetler, Kut Bilim (Kutadgu Bilig) ýaly ýarym resmi gazetler, 
Gyrgyz Tuusu (Gyrgyz baýdagy), Slowo Kyrgyzystana, Erkin 
Too (Erkin daglar) ýaly resmi gazetler metbugatyň esasy 
organlarydyr. Şeýle hem Türkiýäniň Zaman gazeti hem 
çykýandyr. 
2005-nji 
ýylda 
Gyrgyzystandaky 
parlament 
saýlawlaryndan soňra Kurmanbek Bakiýew Prezidentlige 
saýlandy. 2010-njy ýylyň aprel aýynda Talasda başlaýan halk 
gozgalaňynyň netijesinde öňki Daşary işler ministri Roza 
Otunbaýewa Gyrgzystanyň Prezidentligine saýlandy.

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   93   94   95   96   97   98   99   100   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling