Türkmenistanyň Bilim ministrligi


IV BÖLÜM  Gyrgyzystan Sowet häkimiýeti döwründe (1917-1991)


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet93/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   89   90   91   92   93   94   95   96   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

IV BÖLÜM 
Gyrgyzystan Sowet häkimiýeti döwründe (1917-1991) 
Gyrgyzystanda Sowet häkimiyetiniň ýeňmegi we
Gyrgyzystan SSR-niň döredilmegi 
1917-nji ýylda bolup geçen Oktýabr rewolýusiýasyndan 
soňra ýygnanan Russiýa Werjownyý Sowetiniň ikinji 
gurultaýynda Halk Komissarlar Soweti saýlanypdyr. Gurultaýda 
―ýer hakynda‖ we ―parahatçylyk hakynda‖ kararlar kabul 
edilipdir. Bolşewikler ―Russiýada ýaşaýan hemme milletlere 
milli ykballaryny özleriniň çözmegi üçin haklar berjekdiklerini‖ 
yglan etdiler. 1917-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türküstanýň 
merkezi 
Daşkentde 
Sowet 
häkimiýetiniň 
gurlandygy 
bildirilipdir. 15-22-nji noýabrda Daşkentde Halk Komissarlar 
Soweti tarapyndan gurnalan gurultaýda sebitlerdäki Sowet 
häkimiyeti barasynda karar alnypdyr. Gurlan halk komitetine 15 
agza saýlanypdyr, olaryň 7-si bolşewik, 8 sanysy bolsa çepçi 
Es-erlerden bolupdyr. Şeýlelikde bu komitet Gyrgyzystanyň 
dürli sebitlerinde Sowet häkimiyetini gurmaga girişipdir. 1917-
nji yylyň noýabr aýynyň soňunda Gyzyk-Kyýada, dekabr 
aýynda Jelal-Abadda we Oşda, 1918-nji ýylyň fewral aýynda 
Bişkekde, aprel aýynda Narynda, maý aýynda Karakolda Sowet 
häkimiyetiniň gurlandygy yglan edilipdir.
1918-nji ýylyň fewral aýynyň soňunda Bolşewik we 
çepçi Es-erleriň ýolbaşçylygyndaky Gyzyl goşun Kokandy 
ýarag bilen basyp alypdyrlar we köp adamy öldüripdirler. 
Kokant hökümetiniň agzalary şäherden gaçyp gitmäge mejbur 
bolupdyrlar. Bu waka Fergana jülgesinde täze bir milli göreş 
hereketiniň başlamagyna sebäp bolupdyr. 
Fergana jülgesiniň Jelal-Abad, Oş, Andijan şäherleri 
bolşewiklere garşy hereketiň merkezine öwrülipdir. 1919-njy 
ýylda Özbaşdak Fergana hökümetiniň wagtlaýyn hökümetiniň 
gurlan Alaý sebitiniň Erkeştam obasynda korbaşylaryň (Ýaragly 


257 
halk güýçleriniň serkerdeleri) gurultaýy bolupdyr. Bu ýerde 
hökümet baştutanlygyna Mädemin beg saýlanypdyr. 1920-nji 
ýylda Mädemin begiň ölümünden soňra ýerine Şermuhammet 
beg geçipdir we şol ýylyň 3-nji maýynda Türküstanda türki 
halklaryň Yslam döwleti yglan edilipdir. Bu döwletiň wagtlaýýn 
hökümeti Fergana jülgesiniň halkynyň arasynda uly abaraýa eýe 
bolupdyr. Ýöne bu hereket M. W. Frunzeniň baştutanlygyndaky 
Gyzyl goşun tarapyndan basyp ýatyrylypdyr. 
Bolşewiklere garşy ýaragly göreşmekligiň netije 
bermejekdigine düşünen milli liderler ýuwaş-ýuwaşdan 
bolşewik režimi astynda milli özbaşdaklygy güýçlendirme 
ýoluny saýlap alypdyrlar. Olaryň arasynda Eşenaly Arabaýogly, 
Abdykerim Sydykogly we Alaş Orda partiyasynyn öňki 
agzalary bolupdyr. 
1918-nji ýylyň soňky aýlaryndan başlap Sowetler diňe 
Bolşewik häkimiýetiniň agzalaryndan ybarat häkimiyete 
öwrülipdir. Çünki olaryň önki soýuzdaşlary bolan Es-erler 
Bolşewikleriň anti-demokariki ulgam gurmak islaýändiklerine 
karar beripdirler we garşy tarapa geçipdirler. Ýeke partiýaly 
Sowet düzgünine garşy rus pomeşikleri we Çu, Yssyk-köl we 
Naryn oblastlarynyň daýhanlary hem garşy çykypdyrlar. 1918-
nji 
ýylyň 
6-njy 
dekabrynda 
Ak-Suu 
(Yssyk-kölüň 
gündogarynda) gozgalaňyna gatnaşan ruslaryň agalabasy 
Bolşewiklerden köp partiýaly ulgama geçilmegini talap 
edipdirler. Bu gozgalaňyň başynda çepçi Es-er Blagodarenko 
bolupdyr. Ýöne bu gozgalaň 28-nji dekabrda bolşewikler 
tarapyndan basylyp ýatyrylypdyr. 
Abdykerim Sydykow we Jusup Abdyrahmanowun 
baştutanlygyndaky gyrgyz syýasatçylary Sowet Russiýanyň 
içinde özbaşdak Gyrgyz döwletini gurmak üçin işe girşipdirler. 
Olar 1922-nji ýylyň ýaz aýlarynda RSFSR-e bagly Dagly 
Gyrgyz oblastynyň gurulmagy üçin işler alyp barypdyrlar. Ýöne 


258 
käbir yerli syýasatçylaryň we merkezden I. Staliniň garşy 
çykmagy bilen bu taslama durmuşa geçmändir. Bu taslamanyň 
baştutanlary bolan A. Sydykow, K. Tynystanow, I. Arabayew, I. 
Aydarbekow we beýleki syýasatçylar ―milletçilik we 
panyslamizm‖ bilen günäkärlenipdirler.
1924-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türküstan Awtonom 
Sowet Sosialistik Respublikasynyň Werhownyý Sowetinde 
alynan karar netijesinde 14-nji oktýabrda RSFSR-e bagly Gara 
Gyrgyz Awtonom Oblasty gurlupdyr. 1925-nji ýylyň 27-30-njy 
martynda Bişkek şäherinde Gara Gyrgyz Awtonom Oblastynyň 
mejlisniň birinji gurultaýy geçirilipdir. Bu gurultaýda resmi 
atdan ―gara‖ sözüniň çykarylmagy we döwlete oblast däl-de 
respublika statusynyň berilmegi teklip edilipdir. 1925-nji ýylda 
döwletiň resmi adyndan ―gara‖ sözi çykarylypdyr we Gyrgyz 
Awtonom Oblasty adyny alypdyr. 1926-njy ýyldan başlap bu 
oblast RSFSR-e bagly Gyrgyz Awtonom Sowet Sosialistik 
Respublikasy adyny alypdyr. 1936-njy ýylyň 5-nji dekabrynda 
Gyrgyzystan Sowet Sosialistik Respublikasy gurlupdyr. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   89   90   91   92   93   94   95   96   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling