Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Anadolyda türkmen beglikleriniň döwri
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Anadolyda türkmen beglikleriniň döwri
XIII asyrdan başlap Anadolyda mongollaryň täsiri azalmaga başlady we bu ýagdaýdan peýdalanan türkmen begleri ýuwaş-ýuwaşdan Seljuklylar bilen gatnaşyklaryny kesip garaşsyzlyklaryny yglan etmäge başladylar. Anadoly Seljuklylarynyň häkimiýetindäki topraklarda gurulan bu begliklere Anadoly beglikleri (tawaif-i mülük) diýlipdir. Bularyň köpüsi Wizantiýa imparatorluguna ýakyn serhetlerde we kenarýaka sebitlerinde gurlupdylar. Seljukly-mongol täsiriniň has güýçli görünýän ýerleri bolan Anadolynyň ortalarynda bolsa beglikleriň sany gaty azdyr. Anadoluda gurlan beglikleriň arasynda iň güýçlüsi merkezi Ermenek bolan Garamanogullary begligidir (1256- 1483). Garamanogullary 1277-nji ýylda Konýa girdiler we bu begligiň baştutatny Mehmet beg begligiň serhetlerinde türkmen dilinden başga bir diliň ulanylmazlygyny emir berdi. Türkmen diliniň resmi taýdan döwletin dili diýlip yglan edilmegi Anadolydaky türkmenleriň milli ruhlarynyň örän güýçlidigini görkezýän möhüm faktordyr. Garamanogullary Anadoluda üstünligini gurmak isleýän Osmanlylar bilen hem söweşdiler. Wagtal-wagtal Osmanlylara garşy Wenesiya, Papalyk we Akgoýunlylar bilen soýuzdaş boldylar, ýöne Osmanly- Garamanogullary göreşi Osmanlylaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Mongol çozuşlarynyň öňünden gaçan türkmenler Anadolynyň günbatarynda Ladik (Denizli), Honaz we Dalaman sebitinde Ladik ýa-da Ynançogullary begligini (1261-1368) gurdular. Bu sebite gelenleriň başyndaky Mehmet beg Soltan 272 Izzedin Keýkawus II garşy gozgalaň turuzdy we Ladik begligini gurdy. Karahisar (Afýon), Kütahýa, Sandykly, Akşäher we Beýşäheri içine alan sebitde Seljukly weziri Sahip Ata Fahreddin Alynyň ogullary we agtyklary tarapyndan gurlan kiçi beglik bolsa Sahip Ataogullary adyny göterýärdi (takmynan 1275-1341). Anadolynyň günbatarynda Milas, Mugla we töwereginde gurlan başga bir türkmen begligi bolsa Menteşeogullary begligidir (takmynan 1280-1424). Bu begligi o sebtite deňiz yoly bilen gelen türkmenler gurupdyrlar. Bu sebit Anadoly Seljukly hökümdarlary tarapyndan begligiň gurujysy Menteşe begiň atalaryna ykta edilip berlipdi. Menteşeogullary özleriniň gämileri bilen Ortaýer deňzinde haçly gämilerine garşy hereket edipdirler. Olar Rodosy hem eýelemek isläpdirler, ýöne Wenesiyalylar we Kipr korollygy olara rugsat bermäňdir. Menteşeogullary begligi 1402-nji ýylda Osmanly şazadalrynyň arasyndaky tagt ugrundaky göreşe hem gatnaşypdyrlar. Anadolynyň günbataryndaky begliklerden biri hem Karasi ogullary begligidir. Anadolu Seljuklylary Danyşmendileri ýok edende Danyşmendi maşgalasyna degişli käbir begler Wizantiýa serhetlerinde beg hökmünde hyzmat beripdirler. Bu maşgaladan Kalem beg we ogly Karasi beg Wizantiýa şäherlerini eyelemek üçin herekete geçdiler we merkezi Balykesir bolan Karasi begligini gurdular (takmynan 1297-1360). Kütahýa we töwereginde höküm süren başga bir türkmen begligi bolsa Germiýanogullarydyr. XIII asyryň birinji ýarymynda Malatýa töwereklerinde ýaşaýan Germiýan boýy, mongollaryň täsiri ýüzünden bolsa gerek 1262-1263-nji ýyllarda günbatara göçüpdirler. Germiýanogullary begligini (1300-1429) Kerimüddin Alyşiriň ogly Ýakup beg I gurupdyr. Onuň 273 edarasyndaky Germiýanogullary Anadoly beglikleriniň arasynda iň güýçlilerinden biri bolupdyr we XIV asyrda iň ösen döwrüni ýaşapdyrlar. XIII asyryň ikinji ýarymynda Beýşäher we Seýdişäher töwereklerinde gurlan türkmen begligi Eşrefogullarydyr. Begligiň gurujysy Eşrefogly Süleýman begden soňra ýerine geçen Mübarizüddin Mehmet beg topraklaryny demirgazyga tarap ulaldan hem bolsa mongol häkimi Timurtaş Eşrefogullary begligini ýykypdyr (1326). Anadolynyň günbatarynda merkezi Manisa bolan türkmen begligi Saryhanogullarydyr. Saryhanogullary Osmanly döwleti tarapyndan ýykylypdyr. Günbatar Anadoluda gurlan güýçli beglikleriň biri hem Aýdynogullary begligidir (1308-1426). Bu beglik Ortaýer deňzinde harby ýörişler gurnap uly üstünlikler gazanypdyr. Aýdynogullary begliginde Umur begiň zamanasy iň ösen döwri bolupdyr. Umur begden soňra beglik çökmäge başlapdyr. Ankara söweşinden (1402) soňra Jüňeýit beg begligi güýçlendirjek bolsa-da Osmanlylar bu begligi ýykypdyrlar. Anadolynyň günorta kenarýakalarynda bolsa Alaiýe begligi (1293-1471) höküm sürýärdi. Alaiye (Alanýa) şäheri Anadoly Seljuklylarynyň soňky ýyllarynda Garamanogullary tarapyndan eýelenipdir (1293) we mundan soňra bu sebite Garamanogullaryna bagly begler höküm edipdir. Syýasy taýdan känbir ähmiýeti bolmaýan Alaiýe begligi has soňralary memlükleriň häkimiýeti astyna giripdir. Söwda-ykdysady taýdan ähmiýetli bolan Alaiýe şäheri wagtal-wagtal Kipr korollygy tarapyndan hüjüm edilipdir. Türkmenleriň liderlerinden Feleküddin Dündar beg Ysparta, Egridir we töwereginde Hamidogullary begligini gurupdyr (takmynan 1301-1423). Ilhanlylaryň Anadolydaky häkimi Timurtaş Hamidogullarynyň topraklaryny eyelän hem 274 bolsa, onuň Müsüre gaçmagy bilen beglik täzeden janlanypdyr we Eşrefogullarynyň topraklarynyň bir bölegini eýeläp güýçlenipdir. Yöne soňra Hamidogullarynyň Egridir topraklaryny Osmanlylar bilen Garamanlylar özara paýlaşypdyrlar. Dündar beg Antalýany eýeläninden soňra bu şäheri inisi Ýunus bege beripdir we şeýlelikde Hamidogullarynyň Antalýa bölümçesi (ýa-da Tekeogullary) peýda bolupdyr. Tekeogullary Antalýany basyp almak isleýän we hat-da wagtlaýyn bu şäheri eýelemgi başaran Kipr Korollygyna garşy üstünlikli göreş alyp barypdyr. Dulkadyrogullary begligi (1339-1521) bolsa Maraş we Elbistan sebitinde höküm sürüpdir. Anadolynyň günortasyndaky Adana sebitinde höküm süren beglik bolsa Remezanogullary begligidir (1352-1608). Bu beglikleriň ikisi hem syýasy taýdan ilki memlüklere, soňra bolsa Osmanly türkmen döwletine bagly bolupdyrlar. Bu beglikleriň ikisi hem Osmanly döwleti tarapyndan ýykylypdyr. Anadolynyň ortasynda gurlan bir başga beglik bolsa Eretnaogullarydyr (1335-1381). Begligiň gurujysy Eretnanyň asly uýgur bolup, onuň ogly Mehmet begiň döwründe begligiň dolandyrylyşynda emirler rol oýnamaga başlapdyrlar. Munyň netijesinde bu begligiň öňde gelenlerinden Kady Burhaneddin Eretna begligini ýykyp öz döwletini gurupdyr (1381-1398). Ol öz hökümdarlygynda töweregindäki Jandarogullary, Garamanogullary, Tajeddinogullary we Osmanlylara garşy göreş alyp barypdyr. Kady Burhaneddiniň döwleti gurujysynyň ölüminden soňra derrew çöküpdir. Anadolynyň demirgazygynda Garadeňiz sebitinde görülen ilkinji beglik Çopanogullary begligidir (takmynan 1227-1309). Bu beglik Oguzlaryň gaýy boýuna degişli Hüsamettin Çopan tarapyndan gurlupdyr. Bu beglik soňra öz 275 ýerini Jandarogullaryna (1292-1462) beripdir. Jandarogullary begligi Isfendiyarogullary ady bilen hem bilinýändir. Garadeňiz sebitinde höküm süren bir başga beglik bolsa Perwanaogullary begligidir (1277-1322). Perwana Muünüddin Süleýmanyň öldürilmeginden soňra ogly Mehmet Sinopda Perwana ogullary ady bilen garaşsyz bir beglik gurupdyr. Bu beglik soňra Bafra we Sinoby eýeläpdir, şeýle hem Krym kenarýakalryna ýörişler gurnapdyr we Garadeňizde Jenewizliler bilen söweşipdir. Garadeňiziň kenarýakasynda bu günki Bafra bilen Ordu arasynda gurlan türkmen begliginiň ady Tajeddinogullaydyr (takmynan 1348-1428). Ilhanlylaryň Anadolydaky häkimi Çopan we ogly Timurtaş Anadolynyn hemme ýerinde höküm sürmek maksady bilen bu beglikleri ýykmak isläpdirler we doly däl hem bolsa üstünlik gazanypdyrlar. Emir Çopanyň 1327-nji ýylda Ilhanly hökümdary Abu Said Bahadyr han tarapyndan öldürülmesinden soňra Timurtaş memlükleriň ýanyna gaçypdyr. Beglikler üçin asyl howp Osmanly döwletiniň kämilleşmesi we osmanlylaryň Anadolyda syýasy bütünligi gurmak üçin herekete geçmegi bilen başlapdyr. Esasanam Ýyldyrym Bayezidiň döwründe (1389-1402) Garaman, Hamit, Menteşe, Aýdyn, Saryhan we Jandarogullary beglikleri ýykylypdyr. Teýmirleňiň Ankara söweşinde Ýyldyrym Baýezidi ýeňlişe sezewar etmegi bilen bu beglikler täzeden janlanan hem bolsalar, Osmanly döwletiniň gitdigiçe güýçlenmegi Anadolydaky beglikleriň ömürlerini gysgaldypdyr. Netijede in soňunda Osmanly döwleti bu beglikleri ýykyp, Anadoluda syýasy birligi gurmagy başarypdyrlar. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling