Türkmenistanyň Bilim ministrligi
II BÖLÜM Gyrgyzlar Kokant hanlygy döwründe
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
II BÖLÜM
Gyrgyzlar Kokant hanlygy döwründe Gyrgyzlaryň Kokant hanlygynyň düzümine girmegi Fergana jülgesinde esaslandyrylan Kokant hanlygy gurulanda ilatynyň esasy bölegi özbeklerden ybarat bolupdyr. Ýöne gyrgyzlaryň bu hanlyga goşulmagy bilen ilatyň düzümi üýtgäpdir we gyrgyzlar Kokant hanlygynyň esasy ilaty bolupdyrlar. Şeýle hem Kokant hanlygynyň goşunynyň esasy böleginiň gyrgyzlardan bolmagy, olaryň döwlet häkimiýetinde birinji orunda bolmagyna sebäp bolupdyr. Ýagny ilat taýdan gyrgyzlaryň üstünligindäki Kokant hanlygy, harby we dolandyryş tarapyndan özboluşly bir Gyrgyz döwleti bolupdyr. Kokant başda, Şahruh ibn Aşyrguluň ogly (1700-1721) we mirasdüşeri Abdurahim beg tarapyndan gala hökmünde düýbi tutulypdyr (1732) we Rahym beg galasy diýlip atlanyrylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen bu galanyň ýerinde Kokant şäheri gurlupdyr we XVIII asyrda Kokant hanlygynyň merkezine öwrülipdir. Gyrgyzlar Kokant hanlygynyň häkimiýetini özleri kabul edipdirler. XVIII asyryň ortalarynda Ýeniseý töwereklerinden 240 gelen 3-4 müň gyrgyz hojalygynyň hem olara goşulmagy bilen Türküstan sebiti güýçlenmäge başlapdy. Bu ýagdaýy özi üçin howply gören Hytaý 1757-nji ýýlda güýçli bir goşun iberip ilki bilen Gündogar Türküstany, soňra bolsa Kokant hanlygyny ýeňlişe sezewar etdi. Hytaýyň Sinjan (Sinszýan) sebitine serhetdeş ýaşaýan gyrgyzlar, Demirgazyk Gyrgyzystanyň doly derejede Russiýanyň tabynlygyna girýänçe Hytaýa garaşly ýaşapdyrlar. Sinjanda galan gyrgyzlar bolsa Hytaýda ýaşamaga dowam edipdiler. 1808-nji ýylda Alym hanyň özüni han yglan etmegi netijesinde Fergana jülgesinde resmi taýdan Kokant hanlygy gurlupdyr. XIX asyryň başlarynda Fergana jülgesiniň günorta- gündogar sebitlerinde ýaşaýan gyrgyzlar Kokant hanlygyna degişli bolupdyrlar. XIX asyryň 20-30-njy ýyllarynda Kokand hanlygy Gyrgyzystanyň hemme ýerinde höküm sürmäge başlapdyr. Kokant hanlary hojalyk harytlarynyň bazary we arzan maldarçylyk önümleriniň çeşmesi bolandygy üçin Gyrgyzystana aýratyn üns beripdirler. Şeýle hem Kaşgara söwda ýoluna eye bolmaklygyň hem möhüm ähmiyeti bardy. XIX asyryň 30-njy ýyllarynda Gyrgyzystanyň hemme ýerini eýelän Kokant hanlygynyň topraklary Kaşgara çenli giňişlikde bolupdyr. Hat-da gazaklaryň uly jüzüne degişli gazaklaryň uly bir bölegi hem Kokant hanlygynyň häkimiýetini kabul edipdirler. Kokant hanlary Gyrgyzystanda galalar gurupdyrlar. Günortada Gyzyl-Kurgan, Çinaz, Türe-Kurgan, Darut-Kurgan, Sufi-Kurgan we Daş-Kurgan; Çu jülgesinde Merke, Çaldywar, Şiş-Tübe, Aksuu, Pişpek we Tokmak; Yssyk-kölde Karakol, Barskaun, Goňur-Ulen we beýleki galalar gurlupdyr. XIX asyryň 40-njy ýyllaryndan başlap Kokant hanlygynyň ýykylyşna çenli müňbaşy we leşgerbegi 241 wezipelerini gypjak we gyrgyz halkynyň wekilleri eýeläpdirler. Ýagny Kokant goşunynyň esasyny gyrgyzlar düzüpdirler. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling