Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet1/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)



1
T. Bekjäýew
UMUMY DIL BILIMI
Ýokary okuw mekdepleri üçin synag okuw kitaby
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
tarapyndan hödürlenildi
Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Aşgabat – 2010


2
UOK 80:378
B 45
Bekjäýew T.
Umumy dil bilimi. Ýokary okuw mekdepleri üçin sy-
nag okuw kitaby. – A. :Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 
2010.
Okuw kitaby häzirki zaman dil biliminiň gazanan üstünliklerini göz 
öňünde tutmak bilen, özünde «Umumy dil bilimi» dersiniň esasy temalaryny 
jemleýär. Olarda dil biliminiň taryhy, esasy ugurlary barada gürrüň berilýär, 
häzirki zaman nazary dil biliminiň esasy meseleleri häsiýetlendirilýär, dili 
ylmy taýdan derňemegiň dürli usullary görkezilýär. Kitapda gadymy we hä-
zirki zaman türkmen dilçileriniň, şeýle-de dünýä dil biliminiň wekilleriniň
dil biliminiň ösmegine goşan goşantlaryna aýratyn üns berildi. Kitap ýokary 
okuw mekdepleriniň dil we edebiýat fakultetleriniň talyplaryna, aspirantla-
ra, dilçi mugallymlara, şeýle-de dil biliminiň nazaryýeti bilen gyzyklanýan 
adamlaryň ählisine niýetlenilýär. 
TDKP № 315, 2010 KBK 81.2(Tü) ýa 73

T.Bekjäýew, 2010.
B 45


3
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW 


4


5
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET TUGRASY
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY


6
TÜRKMENISTANYŇ
DÖWLET SENASY
Janym gurban saňa, erkana ýurdum,
Mert pederleň ruhy bardyr köňülde.
Bitarap, garaşsyz topragyň nurdur,
Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde.
Gaýtalama: 
Halkyň guran Baky beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim-janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!
Gardaşdyr tireler, amandyr iller,
Owal-ahyr birdir biziň ganymyz.
Harasatlar almaz, syndyrmaz siller,
Nesiller döş gerip gorar şanymyz.
Gaýtalama:
Halkyň guran Baky beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim-janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!


7
Sözbaşy
«Umumy dil bilimi» dersi dil hakyndaky ylmyň nazary me-
selelerini özünde jemleýär. Bu derse ýokary okuw mekdepleriniň 
dil we edebiýat fakultetleriniň talyplaryna okadylýan «Dil bilimi-
ne giriş» dersiniň dowamy hökmünde seretmek bolar. Bu ders dil 
biliminiň taryhyna, diliň nazary meselelerine, olaryň aýratynlyklary-
na, dil biliminiň usullaryna hem-de tärlerine, diliň düýp manysy-
na düşünmäge çalyşýan her bir adam üçin möhümdir. Dil bilimini 
öwrenýän islendik adam dilleriň ösüşindäki kanunalaýyklyklaryň 
mazmunyna, diliň adamyň durmuşyndaky ähmiýetine, filosofiýasyna 
göz ýetirmelidir. Şulara akyl ýetirmezden, hiç bir dili ylmy taýdan 
öwrenmek mümkin däldir.
Bu ders haýsy dili öwrenýändigine garamazdan, dil we edebiýat 
ugurlarynda okaýan talyplaryň ählisi üçin möhümdir. Hut şu babat-
dan hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 
«Ylmy açyşlaryň, tehnologik oýlap tapyşlaryň durmuşymyzyň ähli 
ugurlaryna tapgyrma-tapgyr aralaşýan döwründe halkyň bilime bo-
lan isleg-arzuwyny kanagatlandyrmak, kämil bilim ulgamyny kemala 
getirmek, milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ýaş nesil-
lerimizde raýat düşünjelerini kemala getirmek giň möçberli bilim we 
ylym reformalarymyzyň düýp özenidir, täze taryhy eýýamyň baş talap-
larydyr» (Gurbanguly Berdimuhamedow, Ösüşiň täze belentliklerine 
tarap, Aşgabat – 2009, 237 sah.) diýen ajaýyp setirlerinden ugur alnyp 
hem-de talyplaryň dünýä derejesinde bilim almaklary, ylmyň soňky 
gazananlaryna eýe bolmaklary babatynda hormatly Prezidentimiziň 
alyp barýan tutumly işlerine jogap hökmünde türkmen dilinde ilkinji 
gezek «Umumy dil bilimi» dersinden okuw kitaby ýazyldy. 
Hormatly Prezidentimiz G. Berdimuhamedowyň «Türkmenis-
tanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky» Permany, «Bilim-


8
-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek hakyndaky», «Türkmenistanyň 
Ylymlar akademiýasynyň işi hakyndaky», «Türkmenistanda ylym ul-
gamyny kämilleşdirmek hakyndaky» Kararlary türkmen ýaşlarynyň 
dünýä derejesinde bilim almagyna badalga boldy. Talyp ýaşlarymyza 
dünýäniň ösen ýurtlaryndaky ülňülere laýyklykda bilim bermek me-
selesi täze okuw kitaplaryna, gollanmalaryna ylmyň soňky gazanan-
laryny girizmegi, olara daýanmagy talap etdi. 
Okuw kitaby dil biliminiň taryhy, dil biliminiň nazaryýeti, dil 
biliminiň usullary atlandyrylýan üç bölümden ybaratdyr. Her bölümde 
ýerleşdirilen temalaryň soňundan degişli soraglar, ýumuşlar, şeýle-
-de goşmaça edebiýatlar berildi. Goşmaça edebiýatlar arkaly şol te-
malar boýunça has giň düşünjeler almak mümkindir. Mundan başga-
da kitabyň soňunda dünýä belli dilçiler barada gysgaça maglumat 
hem-de kitap ýazylanda ulanylan, göz öňünde tutulan edebiýatlaryň 
sanawy berildi.
«Umumy dil bilimi» atly okuw kitaby ýazylanda, Magtymguly 
adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty 
fakultetinde talyplara bilim berlende köp ýyllaryň dowamynda toplanan 
iş tejribelere daýanyldy. Şol sebäpden hem bu iş diňe bir ylmy tarapdan 
däl, eýsem, usuly tarapdan hem talyplaryň, professor- mugallymlaryň 
synagyndan geçdi.
Biz kitap babatda berlen gymmatly maslahatlaryň, edilen 
bellikleriň ählisi üçin kärdeşlerimize, mugallymlara, alymlara çuňňur 
minnetdarlyk bildirýäris.


9
 Giriş 
Adamzadyň ulanýan dilleriniň ählisi adamlaryň aragatnaşyk 
serişdesi bolup hyzmat edýär. Dilleriň gurluşy, hyzmat edişi hem-
me adamlar üçin meňzeş bolan beýni, eşidiş we görüş, gepleýiş 
agzalarynyň gurluşy hem-de hyzmat edişi arkaly kesgitlenilýär. 
Şonuň üçin-de dürli dilleriň ösüşi we ýaşaýşy umumy kanunalaýyk-
lyklara baglylykda amala aşyrylýar.
Aýratyn alnan diliň taryhyny, gurluşyny, ýaşaýşyny doly öwren-
mek üçin dilleriň emele gelşi, ösüşi, gurluşy, ýaşaýşy baradaky umumy 
kanunlara düşünmek zerurdyr. Her bir dil adamzadyň dil baýlygynyň 
diňe bir bölejigidir. Aýratyn alnan, meselem, türkmen, rus, iňlis, arap, 
ispan we ş.m. anyk diller ylmy taýdan öwrenilende diliň umumy na-
zary meseleleriň çözgüdi bilen onuň üsti ýetirilmelidir.
«Umumy dil bilimi» dil hakyndaky ylmyň bir bölümi bolup, diliň 
emele gelşiniň, ösüşiniň, gurluşynyň, ýaşaýşynyň esasy kanunlaryny 
öwrenýär. Ol filosofiýa, neýrofiziologiýa, psihologiýa, sosiologiýa, 
logika, antropologiýa, etnografiýa, medeniýeti öwreniş ýaly birentek 
ylymlar bilen baglanyşyklydyr. Dil biliminiň bu bölümi dil biliminiň 
beýleki bölümlerinde peýdalanylýan lingwistiki barlaglarynyň usul-
laryny we tärlerini hem işläp düzýär. Mundan başga-da ol lingwistiki 
barlaglaryň netijelerini tejribede ulanmagyň ýollaryny gözleýär.
Häzirki döwürde umumy dil biliminiň gazanan üstünlikleriniň tej-
ribede ulanylmagy hökmünde aşakdaky mysallary görkezmek bolar:
– dilleriň beýan edilmegine daýanmak bilen, ene dilinde we 
daşary ýurt dillerinde bilim bermek;
– diliň frazeologizmleriniň we sözleriniň etimologiýasy boýunça 
halkyň taryhyny we medeniýetini öwrenmek;
– gadymy tekstleri we golýazmalary okamak;


10
– gepleýşi we ýazuwy boýunça şahsyýetleriň dilçilik deňeş-
dirmesini geçirmek;
– tekstleriň näbelli awtorlaryny ýüze çykarmak;
– aragatnaşygyň täze ulgamyny işläp düzmek;
– kompýuter terjimeleriniň amala aşyrylmagyny gazanmak.
«Umumy dil bilimi» takyk alnan dilleriň düýpli öwrenilme-
gi netijesinde emele gelýär. Ýöne ol öz nobatynda takyk dilleri 
öwrenmegiň usullarynyň, ýörelgeleriniň yzygiderli kämilleşmegine 
düýpli täsir edýär. Takyk dilleriň we dil toparlarynyň (türkologiýa, 
rusistika, germanistika, arabistika we ş.m) öwrenilmegi umumy dil 
bilimi bilen mydama özara gatnaşyk saklaýar. Takyk dillerde ýüze çy-
karylýan täzelikler dessine umumy dil bilimine ornaşdyrylýar, umu-
my dil biliminiň nazary meselelerinde gazanylýan üstünlikler bolsa 
takyk dilleri öwrenmegiň tejribesini baýlaşdyrýar. 
«Umumy dil bilimi» beýleki ylymlardan üzňe däldir. Şu nuk-
daýnazardan ol diňe bir gumanitar ylymlar bilen däl, eýsem, tebigat 
ylymlary bilen-de baglanyşyklydyr. 
1.«Umumy dil biliminiň» gumanitar ylymlar bilen baglanyşygy 
diýlende, adamy we adamzat jemgyýetini öwrenmäge gönükdirilen 
sosial ylymlaryň dil bilimine gatnaşygy göz öňünde tutulýar:
– umumy dil biliminiň taryh bilen baglanyşygynda jemgyýetiň 
sosial gurluşynyň üýtgemegi bilen baglanyşykly hadysalar we 
olaryň diliň, medeniýetiň, edebiýatyň, sungatyň ösüşindäki täsirine 
düşünilýär;

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling