Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- antropologiýa
- arheologiýanyň
- matematikanyň
– filosofiýa bilen baglanyşyk «diliň düýp manysy», «dil we
jemgyýet», «dil we aň», «dil we medeniýet», «sözüň manysynyň we düsünjäniň biri-birine gatnaşygy» ýaly meseleler çözülende ýüze çykýar; – adamyň döreýşi, onuň diliniň irki döwürlerdäki ösüşi hakyndaky meseleler umumy dil biliminde antropologiýa bilen bilelikde çözülýär; – diliň dürli görnüşdäki jemgyýetlerde ulanylyşy baradaky me- seleler bolsa, umumy dil bilimini etnografiýa bilen baglanyşdyrýar; – öli diller öwrenilende, ol dillerde geplän adamlaryň ýüze çy- karylmagynda, ýaşaýyş çäkleri kesgitlenilende arheologiýanyň hyz- matyndan peýdalanylýar; – diliň jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýeti, diliň sosial te- bigaty, diliň jemgyýetçilik hyzmatlary, sosial ýagdaýlaryň dile täsir 11 ediş mehanizmleri we ş.m baradaky meseleler sosiologiýa bilen dil biliminiň baglanyşygyny emele getirýär; – hatyň, elipbiýleriň döreýşi, olaryň ösüşiniň esasy döwürleri ba- radaky meseleler umumy dil biliminde ýazuwy öwrenýän ylym bolan grammatalogiýanyň (grekçe «gramma – ýazuw belgisi, çyzgy» kö- megi arkaly anyklaşdyrylýar; – tekstleri, olaryň gurluşyny, düşündirilişini öwrenmek bi- len meşgullanýan ylym germenewtika (grekçe (hermenewtite) – düşündirme sungaty) hem dil bilimi bilen baglanyşyklydyr; – adamyň gepleýşiniň psihofiziologik gurluşy, sözleýşiň, diň- lenişiň mehanizmlerine degişli «sözleýiş psihologiýasynyň» mesele- leri umumy dil bilimini psihologiýa bilen baglanyşdyrýar; – edebiýat bilen dil biliminiň baglanyşygy bolsa olaryň ikisiniň birleşip, filologiýa ylmyny emele getirýänligi bilen kesgitlenilýär. 2. «Umumy dil biliminiň» tebigy ylymlar bilen baglanyşygy: – maglumat bermegiň matematiki nazaryýetleri arkaly gepleýşiň statistik häsiýetleri ýüze çykarylanda, diliň statistik nazaryýeti işlenilip düzülende, dil biliminiň logiki-matematiki modelirlemek usullarynda umumy dil bilimi matematikanyň kömeginden peýdalanýar; – fizika dil biliminde eksperimental fonetikanyň tehniki mesele- lerini çözmäge mümkinçilik berýär; – deňeşdirme-taryhy dil biliminde, gadymy dilleri dikeltmegiň usullarynda, gadymy dilleriň ýitip giden wagtlaryny kesgitlemekde ewolýusiýanyň molekulýar nazaryýetini ulanmakda biologiýanyň hyzmaty zerur bolýar; – bilmezlikden goýberilýän, akyl taýdan ýetmezçilikler bilen baglanyşykly psiholingwistik gepleýiş ýalňyşlyklaryny seljermekde, merkezi nerw ulgamynyň hyzmatlary, lingwistik maglumatlaryň zolagy öwrenilende, saglygy goraýyş (medisina) ylmy dil bilimine daýanýar. Diýmek, «Umumy dil bilimi» dersi talyplaryň umumy lingwis- tik taýýarlygyny, bilim derejesini giňelder hem-de çuňlaşdyrar, olary diliň nazary we faktik materiallary, dünýä dil biliminiň taryhy bilen tanyşdyrar. «Umumy dil bilimi» dersi dil biliminiň taryhy, dil biliminiň na- zary meseleleri, dili öwrenmegiň we beýan etmegiň usullary ýaly bölümlere bölünip öwrenilýär. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling