Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- (arapça- indigam)
- «elip» , «lam» harplary
- «igrap harplary»
- «münsarif»
ruf-y mugjeme) («harplar» diýen manyny aňladýar. Harp ýazuw-
da ulanylýan nyşanlar we şekiller bolup, bu ýerde şol yşaratlardan aňlanylýan sesler nazara alnany üçin, «harp» ses görnüşinde ter- jime edildi) sanyny, olaryň gep apparatyna, beden agzalaryna bo- lan gatnaşygyny öwrenýär. Şeýle hem ses döretmäge gatnaşýan organlaryň hereketi bir sözüň hasyl bolmagy üçin azyndan näçe sesiň birleşmelidigi ýaly meseleler hem şol kanunlary düzýär. Bir- lik, köplük, erkeklik, zenanlyk (rod) ýaly söz üýtgediji we söz ýa- saýjy goşulmalary, olaryň söze goşulanda ses gabygynda bolup geçýän üýtgeşmeleri, ýanaşyk gelen iki sesiň meňzeşligini (arapça- indigam) hem sada sözleriň ylmy öwrenýär. Goşma sözleriň ylmyna degişli kanunlar, esasan, iki bölümden ybarat: 1.Sözleriň goşma we düzme şekilde bolup, isimleri we işlikleri emele getirişi barada; 2. Sözleriň goşulyp we düzülip hasyl edilişiniň her dildäki aýratynlyklary. Isimlerde we işliklerde duş gelýän üýtgeşmeleriň kanunlaryny nahw (sintaksis) ylmy öwrenýär. Nahw ylmy arap dilinde isimlere we işliklere girýän sözleriň üýtgeýşini aýratyn öwrenýär. Sözsoňular asla üýtgedijiler bilen üýtgemeýärler. Söz üýtgediji goşulmalar kähalatda isimleriň öňünden gelýärler. Mysal üçin, arap dilinde «elip», «lam» harplary («e» we «l» seslerini aňladýar hem-de «el» görnüşinde sözleriň öňünden goşulyp ulanylýarlar: el-beýt – öý) ýa beýleki dil- lerdäki dürli harplar muňa mysal bolup biler. Isimleriň soňundan goşulýan söz üýtgedijilere arapçada «igrap harplary» (käbir alymlar, 22 şol sanda Faraby hem bularyň işliklere-de goşulýandygyny belleýär. El-kitab-u (kitap), el-kitab-a (kitaby), el-kitab-i(kitabyň), kitab-ün (bir kitap), kitab-en(bir kitaby), kitab-in(bir kitabyň) sözlerindäki -u, -a, -i, -ün, -en, -in ýaly goşulmalar mysal bolup biler diýilýär. Üýtgediji goşulmalar isimlere goşulsa-da, işlikleriň öňünden goşulyp bilmeýär. Isimleriň we işlikleriň ahyryndan goşulýan üýtgedijiler arap di- linde tenwinden(-un, -an, -in goşulmalary), harekeden, ýagny he- reketden (-ü, -e, -i) we jezmden(sözüň çekimsize gutarmagy: lem ýaktüb - ýazmady) ybaratdyr. Şu dile degişli ähli söz üýtgediji bö- lekler ýokarky üçüsine esaslanýar. Isimleriň käbiri «münsarif» (3 sany -a, -e, -i çekimlilerini ka- bul eden), käbiri «münsarif bolmaýan» diýlip atlandyrylyp, 2 to- para bölünýär. Bu bölümde isimleriň we işlikleriň yzyndan gelýän ähli sözsoňularyň we üýtgedijileriň hem üstünde durulýar. Isimler we işlikler bilen ulanylýan sözsoňular aýry-aýrylykda öwrenilýär. Hatda bu iki söz toparyň münsarif bolan we bolmadyk ýagdaýynda nähili sözsoňular ulanylýandygy meselesine hem degilýär. Şunda, ilkinji no- batda, isimleriň dürli ýagdaýdaka, ýagny birligi, köplügi, degişliligi we şuňa meňzeş hallary aňladýan mahalynda haýsy sözsoňulara ýüz- lenilmelidigi bir-birden yzygiderli sanalýar. Soňra bolsa işliklere mahsus bolan sözsoňularyň üstünde durulýar. Arap dilindäki sözleriň käbiri şol durşuna, ýagny şol bir şekili saklap, dürli manylary bermek ukybyna-da eýedir. Olaryň şu häsiýe- tine mebni (üýtgewsiz formasy bolan sözler. Mysal üçin, «haza» sözi «bu», «muny’», «munuň» we ş.m. manylarda ulanylýar) diýilýär. Söz- soňularyň hem käbiri şeýledir. Ýöne käbiri kontekstde ulanylyşyna görä, bir ýerde mebni bolsa, başga bir ýerde münsarif bolýar. Bu dildäki sözleriň käbiriniň isimleriň, işlikleriň ýa sözsoňularyň haýsysyna degişlidigini anyklamak kyn. Ine, şu «şübheli» topardaky sözleriň käbiri isime meňzese, käbiri işlik ýaly bolup dur. Şonuň üçin bularyň haýsy ýagdaýda münserifdigini ýa-da däldigini anyklamak zerurdyr. Indi sözleriň goşulyp ulanylyşy baradaky kanunlara degip 23 geçeliň. Bu bölümde sözleriň täze many aňlatmak üçin, nähili ýag- daýda goşulyşýandygy ýa haýsy täsirler bilen birleşýändigi, tertibe salynýandygy barada aýdylýar. Dürs ýazuw ylmynyň kanunlary bölüminde ilki bilen seredil- ýän mesele, setirlerde (ýazuwda) ulanylýan we ulanylmaýan Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling