Umumy dil bilimi


harplaryň biri-birinden tapawutlanyşydyr


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet10/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

harplaryň biri-birinden tapawutlanyşydyr (Bu ýerde Faraby arap 
ýazuwyny göz öňünde tutýar. Bize mälim bolşy ýaly, arap ýazuwynda 
diňe çekimsizler we uzyn çekimliler ulanylyp, gysga çekimliler «here-
ketler» diýlip atlandyrylýan belgileriň üsti bilen berilýär). Ýazuwda 
ulanylýan harplaryň dürli şekillerde ýazylyşyna hem üns çekilýär. 
Dürs okuw (gepleýiş), ýagny orfoepik kanunlaryň ylmy hem bir-
näçe meselelere ýüzlenýär. Harplara degişli nokatlary ýerli-ýerinde 
we dürs okap bilmek, ýazuwda ulanylýan we ulanylmaýan (hereketler 
bilen berilýän) harplardan aňlanylýan sesi dogry aýtmak, şekil taýdan 
meňzeş harplary goýlan belgileriň esasynda tapawutlandyryp bilmek, 
ýanaşyk gelende meňzeşleşýän seslere üns bermek, pikiriň bölünýän 
ýerlerinde säginmek... ýaly birnäçe kanunlar bu bölümiň esasyny 
düzýär. Munda säginmäniň «gysga», «orta dereje» we «uzak» ýaly 
görnüşleriniň bardygy hem ünsi çekýär. 
Şygryň kanunlarynyň ylmy hem dil bilimi bilen aýrylmaz 
baglanyşykly (Faraby şygyr sungatyny dil bilimine şu iki esasda 
degişli edýär: 1. Şygyrdaky sözler; 2. Sözleriň many hasyl etmek üçin 
baglanyşmaklary. Şu esaslaryň birinjisi bilen alym pikirini delil-
lendirýär) bolup, 3 bölüme bölünýär:
Birinji bölümde şol halkyň edebiýatyna degişli sada we 
çylşyrymly şygyr ölçeglerine seredilýär. Aýry-aýry ölçegleri hasyl 
etmek üçin, harplaryň dürli görnüşde birleşdirilişiniň üstünde hem 
durulýar. Harplaryň bu hereketleri araplarda «esbab» we «ewtad» 
(bu terminler aruz şygyr ölçegine degişli bolup, «esbab» bir ýapyk 
bogun ýa-da iki açyk bogundyr. «Ewtad» bolsa birinjisi açyk, ikin-
jisi ýapyk ýa-da birinjisi ýapyk, beýlekisi açyk bolan iki bogundan 
ybaratdyr), greklerde bolsa, «säginme ýeri» ýa «aýak» diýlip at-
landyrylýar. Şonuň ýaly-da setirleriň, beýtleriň bellibir mukdarda we 
dürli ölçegleriň, aýry-aýry beýtleriň näçe harpdan we «maktadan» 


24
(säginme-pauza) ybarat bolup, ajaýyp şygyr halyna gelşini doly açyp 
görkezýär. Ahyrynda-da doly ölçeglerden nogsanlaryny aýryp, haýsy 
ölçegiň has aýdyň, has owazly eşidilýändigine ünsi çekýär.
Ikinji bölüm aýry-aýry ölçeglerde hasyl bolan beýtleriň se-

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling