27
Arap dil bilimi
Orta asyr musulman siwilizasiýasynyň çeşmelerini öwrenmek
Gündogaryň musulmanlarynyň medeni ösüşleri
hem-de ruhy gym-
matlyklary hakynda baý maglumat berýär, şeýle hem, olaryň dünýä
siwilizasiýasyndaky ornuny, ähmiýetini kesgitlemekde möhüm çelgi
bolup durýar.
Bize mälim bolşy ýaly, ylym ilkibaşda bütewülikde emele gelip
başlaýar. Mysal üçin, filosofiýa, many jähtden özüne golaý bolan bir-
topar ylymlary birleşdiripdir. Filosofiýanyň emele gelmegini ylmyň
bellibir ulgamlara salynmagyna dörän islegiň ilkibaşky alamaty diýip
düşünip bolar. Orta asyrlarda ylymlary bölümlere bölmekde ylahyýet,
mantyk (logika), grammatika aýratyn ähmiýete eýe bolupdyr.
Arap ylmynyň ösüşiniň birinji döwründe (VII–VIII a.) ylmyň
merkezi Yrakdaky
Kufa we
Basra şäherleri bolupdyr. Ol ýerde arap
dili hem-de onuň grammatikasy çuňňur öwrenilipdir, munuň esasy se-
bäbi arap diliniň döwlet dili, şeýle-de yslam dininiň dili bolmagydyr.
Arap ylmynyň ikinji döwri Halyflygyň Bagdat şäherine geçirilmegin-
den soň, ýagny VIII asyryň ahyrlaryndan başlanýar. Şol döwürlerde
Bagdat şäheri arap ylmynyň merkezine öwrülipdir. Ilkinji nobatda bu
ýere gadymy döwrüň gündogar golýazmalary ýygnalypdyr
hem-de
olar arap diline terjime edilipdir. Terjime işleri 830-njy ýylda Bagdat-
da
«Dar-el-Hikmäniň» (Parasat öýüniň) esaslandyrylmagyndan soň
has-da giň gerime eýe bolupdyr.
IX–X asyrlarda Bagdat we arap medeniýetiniň beýleki merkezleri
özbaşdak ylmy-döredijilik ojaklaryna öwrülipdir. Arap medeniýetiniň
bu döwürdäki meşhur wekillerine
at-Tabari, al-Masudi, Ibn Fadlan
we beýlekiler degişlidir. X asyryň ahyrynda Basra şäherinde döre-
dilen
«Ihwan as-safa» (Päk doganlyk) diýlip atlandyrylýan alymlar
topary öz döwrüniň ähli ylymlaryny jemläp, ensiklopediýa ýazypdyr-
lar. Arap ylmynyň ösüşiniň üçünji döwri hakynda gürrüň edilende,
onuň XI–XV asyrlary öz içine alýandygyny belläp geçmek gerek. Bu
döwürde arap ylmynyň täze
merkezleri Halapda, Damaskda (Si-
Do'stlaringiz bilan baham: