Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Bhawrtrihari
- Patanjali, Katýaýana, Çandragomin, Jaýnendra, Şa
Panininiň (b.e.ö V a.) «Aştadhýaýýa» («Sekiz kitap») işi meşhurdyr.
Panini bu işinde weda dili bilen sanskrit dilini deňeşdirip, olaryň hä- siýetli aýratynlyklaryny ýüze çykarýar. Ol hemişe weda diline üns berip, onuň sanskrit dilinden tapawudyny belleýär. Häzirki döwrüň «işjeň grammatika» (sözleýşiň grammatikasy) ugruny goldaýan dilçilerini Panininiň dilleri beýan etmekdäki çemeleşmesi haýran galdyrýar. Ol berilýän pikiriň aragatnaşygy guramakdaky ähmiýe- tini, söz morfemalaryny, soňra sintaktik gurluşlary ýygnamak bilen baglanyşdyrýar. Fonetik maglumatlar grammatikanyň tutuş süňňüne siňdirilýär. Ol şu nukdaýnazardan häzirki zaman morfologiýasynyň öňe sürýän meselelerine ýakynlaşýar. Panini morfologik seljermelere üns berende söz ýasalyşyň we söz üýtgeýşiň arasynda çäk goýmaýar. Mundan başga-da, grammatiki kadalar çendenaşa gysgalygy, ýat tut- mak üçin örän amatlydygy bilen tapawutlanýar. Sintaksis baradaky maglumatlar işde bar bolan sözlemleriň ýerine ýetirýän wezipeleriniň beýan edilmeginde jemlenýär. Hindistanda gadymy we orta asyrlarda döredilen grammati- ka degişli işleriň hemmesi diýen ýaly Panininiň grammatikasyna düşündirişler bermek bilen meşgullanypdyr. Panininiň düzen gram- matik kadalary beýleki hindi–ariý dilleriniň beýan edilişinde (şol san- da prakrit diliniň) daýanç bolup hyzmat edipdir. Panininiň sözleriň döredilmegi üçin möhüm çeşmeleriň biri bo- lup hyzmat edýän sesleriň gezekleşmegi hakyndaky öňe süren pikiri aýratyn gymmatlydyr. 42 Paniniden soňky hindi dilçilik däpleri düşündirijilik häsiýetine eýe bolupdyr. Ilkinji nobatda keramatly ýadygärlikleriň, wedalaryň diline, ikinjiden bolsa Panininiň işlerine düşündirişler berlipdir. Grammatikalara, dil boýunça edilen işlere düşündirişler bermek tä XVIII asyryň ahyrlaryna çenli dowam edipdir. Gadymy hindiler ilkibaşda tymsallarda, rowaýatlarda, soň-soňlar bolsa filosofiýa we grammatika bilen baglanyşykly işlerde diliň filoso- fiýasy baradaky meselelere ýüzlenipdirler. Olar dili hudaý tarapyndan («Rigweda») döredilen diýip ykrar edipdirler. Weda gimnlerinde dil hudaýlary: sözleýşiň hudaýy Waç, mukaddes sözleriň hudaýy Baha- rati, dogry sözleriň hudaýy Waruna tapawutlandyrylypdyr. Dil bara- daky garaýyşlar hindi dini filosofiýasynyň ähli ugurlarynda: brahma- nizmde, jaýinizmde, buddizmde, induizmde esasy meseleleriniň biri bolupdyr. Hindistanda Bhawrtrihari filosofiýasynyň «grammatiki mekde- biniň» wekilleriniň «Wakýapadiýa» («Sözler we sözlemler hakynda») ýygyndysynda beýan edilen filosofiki dilçilik garaýyşlary aýratyn orna eýe bolýar. Munda Brahman başlangyjy we ahyry bolmadyk sözler bilen deňeşdirilýär, şol sözler Älemi hem-de ondaky tükeniksiz hadysalaryň, zatlaryň dürli görnüşliligini kesgitleýär. Olaryň pikiriçe Älem aýdylan, aýdyljak (beýan ediljek, aňladyljak) zatlaryň, ýagny sözleriň, sözleýşiň esasynda barlyk hökmünde ýüze çykýar. Dile şunuň ýaly filosofiki nukdaýnazardan garamaklyk giň gerime eýe boldy, hatda häzirki zaman hindi dil biliminde-de olara duş gelmek bolýar. Ýewropa alymlary sanskrit dili we gadymy Hindistanyň gram- matiki işleri bilen XVIII asyryň aýagynda XIX asyryň başlarynda tanşypdyrlar, bu bolsa taryhy-deňeşdirme dil biliminiň we onuň usullarynyň emele gelmeginde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Dil biliminiň taryhy-deňeşdirme usulynyň düýbüni tutujylar gadymy hindi diliniň ähli hindi-ýewropa dilleriniň asly bolup durýandygyny belläp geçýärler. Häzirki zaman ýewropa we amerika dil biliminde gadymy hindiler tarapyndan işlenilip düzülen düşünjelere, aýratyn hem seljerme usullaryna ýygy-ýygydan ýüzlenilýär. Şunda gadymy hindi ylmy tarapyndan öňe sürlen düşünjeleriň milli aýratynlyklaryny göz öňünde tutmanyňda, kämilleşen ýewropa dilçilik däpleri bilen 43 doly deň gelýändigine göz ýetirmek bolýar. Hindi ylmynyň milli me- deni aýratynlyklary grammatiki işleriň we sözlükleriň taryhy taýdan emele gelşinde öz ugruny üýtgetmändigi bilen şertlendirilýär. Bu bol- sa hindi dil biliminiň taryhynda gadymy we orta asyrlary döwürlere bölmekde kynçylyk döredýär. Olaryň arasyndaky aýratynlyk, esasan, orta asyrlar döwrüniň başynda leksikografiýanyň ösüp başlamagynda we bilelikde gram- matiki-leksikografiki däpleriň emele gelmeginde jemlenýär. Mundan başga-da orta asyrlarda edil gadymy döwürlerdäki ýaly dil biliminiň tejribe işlerine, dini däp-dessurlaryň berjaý edilişine tabyn edilme- gi hem gabat gelýär. Gadymy döwürde hem, orta asyrlarda-da hindi akyldarlary tarapyndan dile işiň görnüşi hökmünde düşünipdirler. Bu ýewropa dilçileriniň garaýyşlaryna düýbünden gapma-garşylyklydyr, sebäbi ýewropa dilçileri, ilkinji nobatda, dili atlaryň sanawy hasap- laýarlar. Orta asyrlarda söze bolan üns has güýçlenip, ol hemmeta- raplaýyn öwrenilip başlanýar. Nusgawy grammatikanyň wekilleri weda tekstlerini düşün- dirmegi dowam etdirýärler, dilçi-semantikler bolsa Buddanyň öwüt- nesihatlarynyň manysy bilen meşgullanýarlar. Panini we onuň tarap- darlary tekstiň görnüşine, aňladylyş usulyna gyzyklanma bildiren bolsalar, budda aňyýetiniň wekilleri tekstleriň mazmunyna üns be- ripdirler. Bularyň hemmesi adalgalaryň toplanylyşyndaky tapawutlar arkaly şertlendirilipdir. Hindi dil biliminiň taryhynda Panininiň işleriniň köpsanly düşündirişleri bellidir. Orta asyrlarda onuň dilçilik däpleriniň nus- gasynda Patanjali, Katýaýana, Çandragomin, Jaýnendra, Şa- Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling