Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Geraklit
Gesioddan başlanýar. Grek dilçilik filosofiýasynyň taryhynda diliň
etimologiýasy ilkinji ýüze çykypdyr diýlip çaklanylýar. Ilkibaşda söz bilen onuň aňladýan manysynyň arasyndaky tebigy baglanyşygyň bardygy hakyndaky garaýyşlar öňe sürlüpdir. Akyldarlar sözleriň etimologik seljermesinde zatlaryň aňladyş tebigatyna ýetmek üçin ylmy agtaryşlar edipdirler. Ýunanlylar her bir zadyň iki adynyň – hudaýlaryň dilinde we ölüleriň dilinde ulanylýan atlarynyň bardygy- na ynanypdyrlar. B.e.öň V asyrda filosofiýada zatlaryň we olaryň atlarynyň arasyndaky baglanyşygyň düýbünden şertli ýagdaýdadygy baradaky garaýyşlar öňe sürlüpdir. Gadymy ýunanlylaryň zatlaryň te- bigaty baradaky jedelleri Ýewropada diliň filosofiýasynyň emele gel- meginde çeşme bolup hyzmat edipdir. Diliň tejribede ulanylyşyna bolan gyzyklanmalar ösüpdir. B.e.öň V asyrda dilewarlyk (oratorlyk) sungaty, suhangöýlük (ritorika) eme- le gelýär. Şol döwürde dili öwrenmekde esasy usul, nusgawy hem-de eýýäm ulanylyşdan galan şygryýet eserlerini okamakdan, olara düşündiriş bermekden ybarat bolup durýardy. Şeýdip, dil we edebiýat ylmynyň il- kinji şineleri döreýär. Sazyň nazaryýeti, ritmika we metrika bilen gyzy- klanmalar diliň ses gurluşynyň düýpli öwrenilmegine getirýär. Gadymy ýunan filosoflarynyň esasy jedeli söz bilen zadyň arasyndaky baglanyşygyň häsiýetidir. Geraklit sözleýşiň hakyky- lygyna ynanan bolsa, Parmenid sözleýşi ilkibaşdan başlap ýalan hasaplaýar. Gorgiý sözler bilen zatlaryň arasyndaky uly tapawutlary tassyklaýar. Prodik zatlaryň özlerini haýsy söz bilen atlandyrylsa- -da, oňa hiç hili täsiriniň ýokdugyny, olaryň gymmatynyň diňe dog- ry ulanmakdadygyny belleýär. Sokratyň şägirdi Antisfen sözleri öwretmegiň esasynda derňeýär. Şuňa meňzeş jedelleriň barşynda dilçilik gözegçilikleri emele gel- ýär. Prodik ilkinji bolup manydaşlyk (sinonim) meselelerini belleýär, Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling