57
XIX asyryň görnükli dilçilerine eden täsiridir. Ol öz
pikirleri bilen
Awgust Şlýeher,
German Paul, Ferdinand de Sossýur ýaly meşhur
dilçileri-de haýran galdyrypdyr. Ý.Grimm dil bilimini – biologiýa,
dili bolsa, janly organizme meňzedip şeýle diýipdir: «Eýsem, dilleriň
görnüşleri özleriniň tükeniksiz diýen ýaly dürlüligi bilen ösümlik
we haýwanat dünýäsindäki görnüşlere, hatda adamzadyň özüne hem
meňzeş dälmi? Eýsem, dil oňyn şertlerde gülläp ösmeýärmi, hiç bir ta-
rapdan azar çekmeýän daragt ýaly dürli taraplara gol ýaýratmaýarmy?»
Grimm dildäki ses kanunlarynyň gutulgysyzlygyny inkär edýär.
Ol bu kanunlaryň kadadan çykmalary bilmeýän
tebigy kanun-
lar ýaly hereket etmeýändigi baradaky pikirini öňe sürýär: «Diller
ýagtylygyň we agramyň kanunlary ýaly tebigatyň baky hem üýt-
gewsiz kanunlarynyň däl-de, adamlaryň başarjaň elleriniň täsirine
düşdi. Olar halklaryň gülläp ösmeginiň netijesinde çalt ösýärdiler, şol
halklaryň gazaply gödeklikleriniň
netijesinde bolsa, öz ösüşlerinde
durgunlyk döwri başdan geçirýärdiler.»
Ýakob Grimm hem öňe süren pikirleri bilen dilçileriň täze
nesliniň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýe boldy.
Do'stlaringiz bilan baham: