Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
tikalar diýip hem atlandyrylýardy. Kada grammatikalaryň öňünde
goýýan meselesi takyk alnan edebi-ýazuw diliniň kadalaryny beýan etmekden ybaratdy. M.W.Lomonosowyň 1755-nji ýylda ýazan «Rus grammatikasy» atly işi hem beýan ediji kada grammatikasyna degişli bolup durýardy. Grammatika baradaky ylmyň merkezinde söz toparlary beýan edilýär (M.W.Lomonosow olary söz bölekleri diýip atlandyrýar). Söz topar- lary «Rus grammatikasynda» atlara, sypatlara, sanlara, çalyşmalara, işliklere, hallara, ümlüklere, baglaýjylara, söz öňülere (predloglara), ortak işliklere, hal işliklerine bölünýär. 54 Şol döwürlerde sözlükleriň iki hilli görnüşi: – köpdilli we düşündirişli (akademik) sözlükler ýüze çykýar. Köpdilli sözlüge P. S. Pallasyň 1787–1789-njy ýyllarda Peterburgda çap edilen «Ähli dilleriň we gepleşikleriň deňeşdirme sözlügini» görkezmek bolar. Bu sözlügiň ikinji neşirine (1791 ý.) Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň, Afrikanyň 272 diliniň hem-de şiwesiniň sözleri girizilipdir. Ilkinji akademik düşündirişli sözlük 1612-nji ýylda çap edilen italýan diliniň «Kursk akademiýasynyň sözlügidir», 1694-nji ýylda «Fransuz akademiýasynyň sözlügi», 1789-1794-nji ýyllarda «Rus- siýa akademiýasynyň sözlügi» çap edilýär. «Russiýa akademiýasynyň sözlügi» rus medeniýetiniň hem-de sözlük düzmek işiniň taryhynda möhüm waka bolup, daşary ýurtlardaky hem-de Russiýadaky öňki sözlük düzmek işiniň tejribelerini jemleýär, XVIII asyryň ikinji ýarymyndaky edebi kadalary özünde şöhlelendirýär. Sözlükde 43257 sözüň düşündirişi beýan edilýär (gaýtadan neşir edilende 1131 söz goşulypdyr). Sözleriň manysyny açyp görkezmek üçin düşündirişleriň dürli görnüşleri: beýan ediş (sözüň aňladýan manysyny beýan etmek), filologiýa (zadyň häsiýetli alamatyny görkezmek), manydaşlyk ala- matlary ulanylypdyr. XIX asyryň birinji çärýeginde deňeşdirme taryhy dil bilimi we deňeşdirme taryhy usul ýüze çykýar. Ý. Dobrowskiniň, Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling