Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet24/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   20   21   22   23   24   25   26   27   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Protagor bolsa, dil kadalarynyň meselelerini öňe sürýär we atlaryň 
üç jynsyny hem-de aýdylyşyň dört görnüşini – soragy, jogaby, haýyşy, 
buýrugy tapawutlandyrýar.
Diliň nazaryýetiniň we filosofiýasynyň ösmegine gymmatly 
goşant goşan ýunan (grek) alymlarynyň biri hem Eflatundyr (Pla-
ton) (b.e.öň 420-347-nji ýyllar). Ol diliň taryhynda uly gyzyklanma 
döreden «Kratil» atly eserini ýazyp, onda, esasan, zatlar bilen olaryň 
atlarynyň arasyndaky gatnaşyk baradaky meseläni derňeýär. Eflatun 


47
sözler bilen zatlaryň arasynda göni däl-de, gytaklaýyn baglanyşygyň 
bardygyny ykrar edýär we atlaryň endik hem-de şertnama boýun-
ça ulanylmagynyň mümkinçiligini-de öňe sürýär. Ol sözüň içki 
görnüşi baradaky düşünjäni açýar. Eflatun sözi we sözlemi («iň kiçi 
sözleýiş»), işlik bilen ady tapawutlandyrýar, ýöne sesi, harpy meňzeş 
zat hasaplaýar. Ses bilen harpyň arasyndaky meňzeşlik boýunça öňe 
sürlen nazaryýet diliň taryhynda XX asyra çenli dowam etdi. Efla-
tun sözlerdäki ses üýtgemelerini ykrar edip, sesleri toparlara bölmäge 
synanyşyk edýär. Bogny sesden aýratynlykda derňäp, olary ýiti, be-
lent, zarply, agyr, pes we ş.m toparlara bölýär.
Gadymy dilçilik däpleriniň esasyny goýan görnükli akyldarlaryň 
ýene biri Aristundyr (Aristotel) (b.e.öň 387-322-nji ýyllar). Ol il-
kinji bolup köpmanyly sözleriň (polisemiýa) manylarynyň içki 
baglanyşygynyň ýollaryny, şeýle-de düşümleriň, beýleki gramma-
tiki şekilleriň köpmanylylygyny derňeýär. Aristun «söz bilen beýan 
edişiň» üç çägini belläp geçýär: sözleýiş sesleri, bogun we dürli 
görnüşdäki sözler. Ol sözleri: atlar, işlikler, baglaýjylar we çalyşmalar 
diýip, dört bölüme bölýär. Ýöne atlary we işlikleri kesgitlände mor-
fologik hem-de sintaktik çäkleri biri-birinden tapawutlandyrmaýar, 
ilkinji gezek işligiň käbir aýratynlyklaryny beýan edýär.
Aristun sözlemiň we pikir ýöretmäniň biri-birine laýyk gel-
meýän ýagdaýlaryny görkezýär, sözlemleriň görnüşleri hökmün-
de tassyklamany hem-de inkär etmäni tapawutlandyrýar, şeýle-de 
işliksiz sözlemleriň hem bolup bilýändigini subut edýär. Onuň öňe 
sürýän pikirleri sözleriň üýtgemegi we ýasalyşy hakyndaky ilkinji 
garaýyşlardyr. Aristuna stilistika meseleleri baradaky birtopar pikirler 
hem degişlidir. Ol söz bilen onuň aňladýan manysynyň arasyndaky 
baglanyşygyň şertlidigi baradaky garaýşy gutarnykly beýan eden-
digi bilen hem uly meşhurlyk gazanypdyr. Biz şu ýerde Aristunyň 
«Şygryýet» eserinden ýokardaky aýdylanlar bilen bagly mysala 
ýüzlenýäris: «Geçirilen söz (metaphora) – bu jynsdan görnüşe, ýa 
görnüşden jynsa, ýa görnüşden görnüşe, ýa meňzeşligi boýunça geçi-
rilen mahsus bolmadyk atdyr». (Aristun-Aristotel. Şygryýet. Türkme-
nabat. 2000. 34-nji sah.).
B.e.öň V-I asyrlardaky ýunan filosofiýasy dile mantyk (logika) 
boýunça çemeleşmegiň emele gelmeginde uly ähmiýete eýe boldy. 


48
Filosoflar dil düşünjeleri bilen mantyk düşünjeleriniň arasyndaky 
sazlaşygy gözlediler. Gadymy grek filosoflary pikir ýöretme na-
zaryýeti bilen beýan etme nazaryýetiniň arasynda hiç hili çäk goýman, 
mantyk we dilçilik ylymlaryny biri-birinden tapawutlandyrmadylar. 
Olar sözleýşi, pikiri, pikir ýöretmäni, beýan etmäni logos adalgasy 
bilen aňlatdylar, sözleýiş birliginiň morfologik, sintaktik, mantyk hä-
siýetlerini anyklamadylar.
Filosoflaryň we dilçileriň ýeten derejeleriniň netijesinde elli-
nizm döwründe dil we edebiýat ylmy ýüze çykýar, ol nusgawy ýazuw 
ýadygärliklerini düşündirýär, olaryň tankydy tekstlerini taýýarlaýar 
hem-de öwrenýär.
Toplanylan tejribeler netijesinde grammatika özbaşdak ylym 
hökmünde ýüze çykdy. Grammatikanyň emele gelmeginde we ösme-
ginde Ýewropa dilçilik däpleriniň esasyny goýmakda ägirt uly äh-
miýete eýe bolan Aleksandriýa grammatiki mekdebiniň bitiren işleri 
bimöçberdir. Şol döwrüň grammatikasy öz manysy boýunça häzirki 
zaman beýan ediji dil bilimini ýada salýardy.
Grek we Rim dilçileriniň işleri sözlük düzülişiň (leksikogra-
fiýa) ösmegi bilen baglanyşyklydyr. Şol döwürde ulanylyşdan galan, 
berýän düşünjeleri çäklenen sözler ýygnalýar. Ellinizm döwrüniň 
görnükli sözlükçileri (leksikograflary) hökmünde Zenodot Efeslini, 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   20   21   22   23   24   25   26   27   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling