44
hyzmat eden paliý dili durýar. Paliý dili boýunça işleriň
awtorlary
Kaççaýananyň, Sanghanandiniň, Brahmadatta Aýndranyň gram-
matiki mekdebiniň artykmaçlyklaryny nazarda tutýarlar. Ilkinji sözlükler
peýda bolýar.
Amarasimha (V a.) hindi leksikografiýasynyň ugurlaryny
(many alamatlary boýunça toparlara bölmek, manydaş sözleriň tertibe
salnan sanawy, köpmanyly sözleriň düşündirişleri, goşgy görnüşindäki
sözlük makalalary) işläp düzýär. Soňky döwürlerde sözleriň birinji hem-
-de ikinji manylaryny tapawutlandyrmak, many birliginiň bölünmezligi
boýunça sözleri bölmeklige üns berlip başlanylypdyr.
Hindi dil biliminde «mantra» düşünjesi hem peýda bolýar. Mant-
ra – maksada gönükdirilen dil işjeňliginiň
merkezini bellemek bolup,
aňladylyşyň we mazmunyň bütewiligidir.
Hususy dilçilik däpleri häzirki zaman hindi dil biliminde şu
günlerde-de ulanylýar. Ýöne hindi alymlary, aýratyn-da olaryň gün-
batarly kärdeşleri sanskrit dili we beýleki hindi dilleri öwrenilende
Günbataryň däplerine laýyklykda işlenilip düzülen deňeşdirme-
taryhy usulyny peýdalanmaga çalşypdyrlar.
Gadymy Hindistanda dil biliminiň örän ýokary derejelere ýeten-
digi dünýä alymlary tarapyndan ykrar edilýär. Daniýaly meşhur dil-
çi W.Tomsen (1842-1927) gadymy hindi dil bilimini häsiýetlendirip
şeýle ýazýar: «Dil biliminiň hindilerde baryp ýeten belentligi bütin-
leý adatdan daşary bir zatdyr, Ýewropada dil hakyndaky ylym şu be-
lentlige tä XIX asyra çenli galyp bilmedi, hatda şonda-da köp zatlary
hindilerden öwrenip, şol derejä ýetdi» (A.Annanurow. Dil biliminiň
esaslary, Aşgabat, 1971, 14-15-nji sah.).
Do'stlaringiz bilan baham: