Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Hindi dil bilimi
Soraglar we ýumuşlar:
1.Hytaý dil biliminiň taryhynyň häsiýetli taraplary nämeden ybarat? 2.Hytaý diliniň fonetikasy barada edilen işleri häsiýetlendiriň. 3.Häzirki zaman hytaý dil bilimniň esasy aýratynlyklary nähili? Hödürlenilýän edebiýatlar: 1.Амирова Т.А., Олховиков Б.А., Рождественский Ю.Б. История языкознания. М., 2007. 2. История лингвистических учений. Средневековый Восток. Л.,1981. 3. Лингвистический энциклопедический словарь. М., 1990. Hindi dil bilimi Gündogaryň özboluşly dilçilik däpleriniň ýene biri Gadymy Hindistanda ýüze çykypdyr. Ol hem edil hytaý dil bilimi ýaly, diňe bir özboluşly aýratynlyklary özünde saklaman, goňşy ýurtlarda dil bilen baglanyşykly pikirleriň emele gelmegine, ösmegine düýpli tä- sir edipdir. B.e.öň II müňýyllygyň başynda Demirgazyk-Günbatar Eýran we Hindistan hindi-ýewropa taýpalary tarapyndan eýelenýär. Şunuň netijesinde hindi-eýran dilleri iki şaha – eýran hem-de hin- -diari dillerine bölünýär. Birinji şahadan ýaýran dillerde gepleýän 40 halklar häzirki Owganystanyň we Täjigistanyň çäklerinde ýaşapdyr diýlip çaklanylýar. Hindiarililer barada aýdylanda bolsa, olar dilden- dile geçirilýän tekstleriň – wedalaryň (Rigweda, Samaweda, Ýad- jurweda, Atharwaweda), weda medeniýetiniň (b.e.öň I müňýyllyk- b.e I müňýyllygyň ortalary) eýeleri hökmünde tanalýar. Weda dili diýlip atlandyrylýan dini dessuryň dilini arassa saklamaga ymtylyş netijesinde b.e.öň I müňýyllykda diliň meseleleri bilen gyzyklanyl- magyna sebäp bolupdyr. Weda dili ýokary gatlagyň wekilleriniň – brahmanlaryň arasynda ýaýrapdyr, bu dil hudaýlaryň dili hökmünde görlüp, onda jadyly güýç bar hasaplanylypdyr. Weda diliniň düzümin- de könelişen sözler hem bolup, olara hatda, brahmanlaryň özleri hem düşünmändirler. B.e. I müňýyllygynyň ortalarynda weda dili eýýäm ulanylyşdan galypdyr. Hytaý dil biliminden tapawutlylykda Hindistanda dil bilimi diniň täsirinde bolupdyr. Hindi dil biliminde esasy orun gepleýiş dili- ne berlipdir, ýazuw diliniň – hatyň emele gelmegi has soňky döwür- lere degişli edilýär. Şoňa görä-de, ilkinji nobatda ses kanunlaryna, owaza, sazlaşyga, şeýle-de käbir ýagdaýlarda sözleriň gelip çykyşyna üns berilýär. Gadymy hindiler gepleýiş seslerini we olaryň toparlara bölünişini emele geliş taýyndan öwrenmekde hem uly üstünlikler ga- zanypdyrlar. Olar fonemalaryň hem-de gepleýiş sesleriniň şol bir zat däldigine düşünipdirler, bogun-fonema düşünjeleri barada maglumat- lar beripdirler. Hindileriň sesleri emele gelşi taýyndan anyk bölümle- re bölmegi netijesinde, harp-bogun ulgamly hatlaryň (brahmi-b.e.öň VIII asyr töweregi, nagari, dewanagari, şarada we ş.m hatlar) döreme- gi üçin şertler döräpdir. Gadymy hindilerde leksikografiýa (sözlük düzüş) ugurlarynda hem uly üstünlikler gazanylypdyr. Olar sanskrit dilinde weda gimnle- ri ýerine ýetirilende amala aşyrylýan däp-dessurlaryň düşündirişlerini beripdirler. Şunuň bilen bir hatarda weda diline-de üns berlip- dir. «Rigwedada» öň ulanylyp, soň ulanylyşdan galan sözleriň düşündirişleriniň berilmegi ilkinji dilçilik tejribelerine degişlidir. Hindi dil biliminiň ösüşiniň soňky döwürlerinde nirukta atly ýörite ders döreýär, bu ders dini dessurlarda ulanylýan sözleriň ge- lip çykyşyny derňemek bilen meşgullanýar. Hudaýlaryň atlary, he- reketleri, olar bilen baglanyşykly zatlar baradaky sözleri ýygnamak, 41 düşündiriş bermek hem işjeň häsiýete geçýär. Gadymy hindi dilçileriniň biri bolan Ýaskanyň «Niruktasy» şol ugurdan biziň döwrümize gelip ýeten ilkinji giňişleýin leksikografik işdir. Bu iş bäş bölümden ybarat bolup, özünde manydaşlyk (sinonim) hataryny, zatlaryň adynyň tematik bölünişini, işlikleriň, işliklerden ýasalan atlaryň, sypatlaryň sanawyny jemleýär. Ýaska öz işinde, esasan hem, sözleriň gelip çykyşyna (eti- mologiýa) uly üns beripdir. Şunuň bilen birlikde ol öz «Niruktasyna» grammatiki maglumatlary – sözleriň grammatiki bölünişini, söz ýasalyş barada maglumatlary, düşüm baradaky düşünjäni hem goşupdyr. Hindi dil biliminde grammatikanyň çylşyrymly meselelerini işläp düzmekde has uly üstünlikler gazanylýar. Grammatika barada ýazylan işleriň içinde görnükli hindi dilçisi Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling