Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Meý Inszonyň
- Gu Ýan
- Žuan Ýuanyň
Meý Inszonyň sözlüginde (1615) ieroglifler 214 bölege – açara
bölünýär. Bu sözlük soň Çžan Szyle tarapyndan täzeden işlenilýär (1671) hem-de ieroglifleriň dürli görnüşlerde ýazylyşy seljerilýär. Mançžur nesilşalygy döwründe Meý Inszonyň kitabyna daýanýan resmi standart sözlük (1716-njy ý.) ýüze çykýar, ol biziň günlerimize çenli peýdalanylypdyr. 1711-nji ýylda gadymy hytaý ýadygärliklerin- den başlaýan, ägirt köp suratlar bilen bezelen, ieroglifleriň dürli ýer- lerde ulanylyşyna bagyşlanyp 444 jiltden ybarat bolan kitap ýazylyp gutarylýar. XVII–XVIII asyrlarda taryhy fonetika düýpli işlenilip, bu babat- da uly üstünlikler gazanylýar. Ol gadymy tekstleri düşündirmäge hyz- mat edýär. Hytaý dil biliminde taryhy fonetikany dörediji hökmünde Gu Ýan (1613–1682) bellidir, ol gadymy hytaý kapiýalar ulgamyny dolulygyna dikeltmäge çalşypdyr. Bu däp belli dilçiler Daý Çžen (1723–1777), Kun Gansen (1752–1786), Sýan Dasin (1728–1804) we ş.m. tarapyndan dowam etdirilipdir. XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başlarynda gadymy hytaý diliniň taryhy fonetikasyna gyzy- klanmalar gaýtadan döredi. Taryhy fonetikanyň ösüşi Hytaý dil biliminiň gazanan üstünlikleriniň biridir. Hytaý diliniň şiwelerini toparlara bölmäge edilen ilkinji synanyşyklar XVI asyryň ahyryna ýa-da XVIII asyryň başlaryna (Min döwrüne) degişlidir. Gadymy sözleriň manysyna düşündiriş berýän 38 sholastika täze ösüşe eýe bolýar. Şu nukdaýnazardan Žuan Ýuanyň (1764–1849) ýolbaşçylygynda köpjiltlik ýygyndy düzülýär. Köne sözleriň manysyna düşündiriş bermek bilen meşgullanýan ugurdan ýuwaş-ýuwaşdan grammatika bölünip aýrylýar. Ilkinji no- batda «Gullukçy sözleriň sözlügi» atlandyrylýan sözlük düzülýär. Lu Iweýiň (1592), Lýu Siniň (1711), Wan Inçžiniň (1766–1834) düzen sözlüklerine gullukçy sözler hökmünde görülýän baglaýjylardan, ow- nuk böleklerden başga-da inkär ediji, sorag, görkeziji sözler, käbir hallar hem-de sypatlar girizilipdir. Ýuý Ýue (1821–1906) gadymy hytaý sintaksisiniň düzgünleriniň, düşnüksiz grammatiki gurluşlaryň birtoparynyň üstünde işläpdir. Irki orta asyrlarda hytaý alymlarynyň daşary ýurt dilleri bilen meşgullanandygy baradaky maglumatlar göze ilmeýär. Ýöne XV asyryň başlarynda goňşy ýurtlaryň hökümet- leri bilen ýygy-ýygydan bolýan gatnaşyklar netijesinde hytaý dilin- den daşary ýurt dillerine terjime edilen sözlükler peýda bolýar. Olarda daşary ýurt sözleri hem hytaý ierogliflerinde berilýär. Ýewropa dil bilimi bilen ilkinji tanyşlyk XVI asyryň aýaklarynda XVII asyryň başlarynda bolýar. Ilkinji gezek hytaý dilinde Günbataryň ylmy we tehnikasy hakynda kitaplar çykarylýar. Olaryň arasynda Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling