Umumy dil bilimi


riýa), Kairde (Müsür), Granadada (Andalusiýada) we Sewilýada


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet13/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

riýa), Kairde (Müsür), Granadada (Andalusiýada) we Sewilýada 
döräpdir.
Arap dil biliminiň kemala gelmeginde we örän gysga döwrüň 


28
içinde ösüşiň ýokary derejesine ýetmeginde arap halkynyň çalt ösme-
gine getiren taryhy şertler uly ähmiýete eýe bolupdyr. 632-nji ýylda 
harby – dini döwlet Arap halyflygy esaslandyrylypdyr. Onuň çäkle-
ri adatdan daşary çaltlyk bilen giňelip, öz düzümine Ýakyn we Orta 
Gündogary, Hindistanyň köp bölegini, Kawkazy, Demirgazyk Afri-
kany, Ispaniýany birleşdiripdir. Yslam dini bilen bilelikde arap dili 
hem giňden ýaýrapdyr. Ol diniň, döwleti dolandyrmagyň, magaryfyň 
hem-de ylmyň diline öwrülipdir. Orta asyrlarda latyn dili Günbatar 
Ýewropada nähili ähmiýete eýe bolan bolsa, Halyflyk döwründe arap 
diliniň ähmiýeti hem şol derejä ýetipdir.
Şol döwrüň arap dünýäsinde tebigy hem-de ynsanperwer ylym-
lar ösüşiň ýokary derejesini başdan geçiripdir. Dil bilimi bilen 
meşgullanmak, esasan hem, arap dili bilen meşgullanmak hormatly kär 
hasaplanylýar, hatda halyflygyň hökümdarlary-da dil biliminden daşda 
durmandyrlar. Arap diliniň ilkinji grammatikasyny döredijiniň 
656–661-nji ýylda hökümdarlyk eden halyf Alydygyny taryhy mag-
lumatlar tassyklaýar. Görnükli arap alymy Ibn Hallikanyň ýazma-
gyna görä, bir gün orta asyr arap dilçisi Abdulaswad halyf Alynyň 
ýanyna baranda onuň çuňňur oýa batyp oturandygyny görüpdir. Ol 
hökümdardan munuň sebäbini soranda, ol: «Biziň şäherimizde sözleýiş 
medeniýetiniň kadalary dogry ýerine ýetirilmeýär, şonuň üçin hem arap 
diliniň grammatiki düzgünleri hakynda kitap ýazasym gelýär» diýip jo-
gap beripdir. Şondan birnäçe gün geçenden soňra Halyf Abdulaswada 
bir depder berýär, onda söz toparlarynyň atlara, işliklere hem-de ow-
nuk böleklere bölünendigi bellenilip geçilýär. Şol söz toparlarynyň her 
haýsynyň häsiýetli aýratynlyklary aýdyň düşündirilipdir.
Allatagala tarapyndan Gurhanyň arap dilinde inderilmegi bu dile 
bolan garaýşa uly täsir edipdir. Arap diliniň arassalygyny saklamaklyga 
döwletiň esasy meselesi hökmünde garalypdyr. Araplaryň öz ene dil-
lerine bolan buýsanjy olaryň birtopar atalar sözlerinde şöhlelenmesini 
tapypdyr: «Rimlileriň paýhasy olaryň beýnilerinde, hindileriňki –
olaryň hyýalbentliginde, grekleriňki – olaryň duýgusynda, araplaryňky 
bolsa olaryň dilinde», «Ynsanyň piri Adamata, parslaryňky Selman 
pir, hebeşileriňki – Bilal, guşlaryňky – bürgüt, ösümlikleriňki – lotos, 
aýlaryňky – remezan, günleriňki anna güni, dilleriň piri arap dilidir». 
Dile bolan şeýle derejedäki söýgi arap dil biliminiň ösmeginde iňňän 
uly ähmiýete eýe bolan hadysalaryň biridir. 


29
Biz şu ýerde bir zada üns bermeli: orta asyrlaryň dil bilimi 
araplaryňkydan tapawutlylykda Ýewropada nähilidi? Umumy taryh-
dan bilşimiz ýaly, orta asyrlarda Ýewropada katolik buthanasy höküm 
sürüpdir. Katolik buthanasy ylmyň ösmegine bellibir derejede zyýan 
berip, onuň ösmegini bökdäpdir. Erkin pikirli birtopar alymlar otda 
ýakylyp öldürilipdir. 
Arap ýazuwy yslam dini kabul edilmezinden öň emele gelip-
dir. Ol sagdan çepe ýazylyp, günbatar semit ýazuwynyň düzgünleri-
ne esaslanypdyr. Arap ýazuwynyň kökünde nabateý (b.e.öň IV-b.e I 
asyrlary) , arameý ýazuwlary durýar. Nabateý ýazuwyny Sinaý ýarym 
adasyndaky we Demirgazyk Arabystandaky ýaşan arap dilli halklar 
VI asyra çenli ulanypdyrlar. Araplaryň öz hususy ýazuwlary VI asyrda 
Lahmid welaýatynyň Hira şäherinde döredilipdir. Ol VII asyryň orta-
laryndan Gurhanyň ilkinji ýazmaça nusgasyndan öz ösüşine başlapdyr. 
VII asyryň ikinji ýarymyndan başlap, goşmaça astyn, üstün belgileri, 
uzyn hem-de gysga çekimlileri aňlatmak üçin belgiler, çekimsizle-
ri goşalandyryp aýtmak üçin belgiler girizilýär. Orta asyrlarda arap 
ýazuwynyň köp sanly musulman halklarynda ulanylyp, başlanmagy
täze grafiki ulgamyň emele gelmegine getiripdir. Öňki SSSR-iň bir-
topar respublikalarynda-da tä XX asyryň 20-nji ýyllaryna çenli arap 
ýazuwyndan peýdalanylypdyr. Arap diliniň ilkinji grammatikasynyň 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling