Umumy dil bilimi
mekdebiniň nazaryýetçisi Krateta Malosskiniň
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Eliý Stilon, Awreliý Opill, Staberiý Erot, Antoniý Gnifon
- Mariýa Saserdotyň
- Konstantinopola
mekdebiniň nazaryýetçisi Krateta Malosskiniň umumy okuwlary
düýpli täsir edipdir. B.e.öň II we I asyrlaryň sepgidinde grammatika jemgyýetde görnükli orun eýeläp, ösüşiniň ýokary basgançaklary- na çykypdyr. Rim grammatikasynyň ösmegine Eliý Stilon, Awreliý Opill, Staberiý Erot, Antoniý Gnifon, aýratyn hem Mark Terensiý Warron, Nigdiý Figul uly goşant goşupdyr. Rime ellinizm döwründe Ýunanystandan diliň döreýşi, söz bilen onuň aňladýan manysynyň arasyndaky tebigy ýa-da şertli baglanyşyk hakyndaky jedeller-de gelipdir. Rim dil biliminde meşhur dilçi alym Mark Terensiý Warron aýratyn orun eýeleýär. Ol «Latyn dili hakynda», «Latyn sözleýşi hakynda», «Sözleriň meňzeşligi hakynda», «Sözleýşiň peýdasy hakynda», «Latyn diliniň emele gelşi hakynda», «Harplaryň gadymy- lygy hakynda» atly ýygyndylaryny, dokuz jiltden ybarat bolan «Ylym» atly ensiklopedik işini ýazypdyr. Warron öz işlerinde zatlary we sözleri dört bölüme bölüp öwrenýär, ilkinji gezek ýöňkemede üýt- geýän hem-de üýtgemeýän sözler toparlara bölünýär. Biziň eýýamymyzyň III asyrynda lingwistika bilen baglanyşykly ylmy işleriň ýazylyşy pese düşüp ugraýar. Bu döwürdäki köp bol- madyk işlerden Mariýa Saserdotyň grammatikasyny görkezmek bo- lar. IV asyrda dil bilimi ýene ýokary galyp başlaýar, alymlar Noniý Marseliň, Arusian Messiniň sözlükleri peýda bolýar. Eliý Donatyň «Ars grammatika» atly gollanmasy görlüp-eşi- dilmedik derejede üstünlik gazanýar. Ol latyn dilini okatmak üçin müň ýyldan gowrak döwrüň dowamynda okuw kitaby hökmünde peýdalanylýar. Bu işiň «Ars minor» atly giriş, başlangyç bölüminde söz toparlary, sorag, jogap sözlemleri barada giňişleýin maglumat be- rilýär. IV asyryň ahyrlarynda Rim imperiýasynyň ýykylmagy bilen dil 51 bilimine degişli işleriň merkezi Konstantinopola geçipdir. Bu ýerde VI asyryň başlarynda Prissiýanyň 18 kitapdan ybarat bolan «Insti- tutio de arte grammaticae» atly latyn diliniň meşhur grammatikasy peýda bolýar. Awtor Apolloniý Diskola we köpsanly rim grammati- kaçylaryna, esasan-da, Flawiýa Kapra daýanýar. Ol atlary, işlikleri, baglaýjylary, hallary, ümlükleri anyk beýan edýär, sintaksisiň mesele- lerine-de degip geçýär. Sözlemiň gurluşynda işlikleriň hem-de atlaryň hyzmatlaryny doly belleýär. Şol döwrüň grammatikasy gadymy dil biliminiň ýeten derejesiniň jemi bolmak bilen, latyn diliniň gramma- tikasyny okatmakda XIV asyra çenli (sekiz ýüz ýylyň dowamynda) peýdalanyldy. Gresiýada we Rimde dörän dil hakyndaky ylymlar biri-biri bilen baglanyşykly, şol bir wagtda-da olaryň her haýsy doly özbaşdak bo- lup, bütewi ýewropa lingwistik däpleriniň emele gelmeginde basgan- çak bolan Ortaýer deňiz lingwistik däplerini emele getirdiler. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling