Umumy dil bilimi


W. Wundtyň işleri uly ähmiýete eýe bolupdyr. Russiýada psihologik  dil biliminiň esasyny goýan A. A. Potebnýa


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet34/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

W. Wundtyň işleri uly ähmiýete eýe bolupdyr. Russiýada psihologik 
dil biliminiň esasyny goýan A. A. Potebnýa hasaplanýar. Ol meşhur 
«Dil we pikir» atly kitabyň awtorydyr. A. A. Potebnýa gepleýşiň umu- 
my adamzat, milli, şahsy taraplaryny seljeripdir, slawýan dilleriniň 
deňeşdirme-taryhy sintaksisiniň esaslaryny goýupdyr.
Dil biliminiň ösmeginde Leýpsig mekdebiniň ähmiýeti uludyr. 
Onuň wekillerini ýaş grammatikaçylar diýip atlandyrypdyrlar. Ýaş 
grammatikaçylaryň has meşhurlary hökmünde K. Brugmany, 
B. Delbrýugy, A. Leskini, G. Pauly görkezmek bolar. G.Paulyň 
«Diliň taryhynyň ýörelgeleri» atly işi diňe bir ýaş grammatikaçylaryň 
ensiklopediýasy bolman, umumy dil biliminiň ilkinji ulgamlaşdyrylan 
okuw kitabydyr.
«Ýaş grammatikaçylar» umumy, deňeşdirme-taryhy, hususy dil 
bilimleriniň mekdebi hökmünde dil bilimindäki taryhylyk we takyk-


60
lyk ýörelgelerini tassyklamaga ýardam edipdir. Olar gepleýän adamy dil 
biliminiň predmeti hasaplapdyrlar, şonuň üçin hem dil biliminiň mede-
niýeti hakyndaky taglymat (medeniýetşynaslyk-kulturowedeniýe) 
hem-de psihologiýa bilen aýrylmaz baglanyşykly bolmalydygyny bel-
läpdirler. Ýaş grammatikaçylar dil bilimine meňzeşlik hakyndaky, ses 
üýtgemeleri baradaky taglymatlary, diliň içki kanunlary hakyndaky 
düşünjäni girizdiler, semasiologiýany, şiweşynaslygy (dialektologiýany) 
döretdiler, diliň sosiologiýasynyň emele gelmegine ýardam etdiler.
 Soraglar we ýumuşlar:
1. Ýewropada XVII-XIX asyrlarda dil biliminiň ösüşini häsiýetlendiriň.
2. Wilgelm fon Gumboldtyň dil bilimine goşandy.
3. «Ýaş grammatikaçylaryň» pikirleriniň dil bilimindäki orny.
4. XVII-XIX asyrlaryň görnükli dilçileri kimler?
Hödürlenilýän edebiýatlar:
1. Амирова Т.А., Олховиков Б.А., Рождественский Ю.Б. История 
языкознания. М., 2007.
2. История лингвистических учений. Средневековая Европa. Л., 
1985. 
3. История лингвистических учений. С-Пб., 1991.
4. Кондрашов. Н.А. История лингвистических учений. М., 1979.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling