Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- F. I. Buslaýew
- G. Şteýntalyň
Wilgelm fon Gumboldtyň «Ýawa adasyndaky kawi dili
hakynda» (1836-1839) atly üç tomluk nazary işiniň sözbaşysynda işlenilip düzülen diliň filosofiýasy dil bilimine uly täsir etdi. W. fon Gumboldt dili şahsyýetiň işi diýip belläp, milletiň akyl ýetirişi bilen aýrylmaz bagly hasap edýär. Ol : «Halkyň dili – onuň ruhudyr, halkyň ruhy bolsa onuň dilidir» diýýär. Diliň jemgyýet, aň bilen baglanyşygy diliň bar bolan hem-de hemişelik özboluşlylygy bolup, diliň görnüşini emele getirýär. Diliň görnüşi bolsa diliň degişlilikde daşky hem-de içki görnüşlerini düzýän dil birlikleriniň iki tarapynyň bütewiligidir. Diliň daşky görnüşi onuň ses ulgamydyr, şeýle-de grammatiki we etimologiki görnüşidir (kökleridir). Içki görnüşi bolsa halkyň öz-özüne akyl ýetirişiniň dilde beýan edilmegine mümkiçilik berýän dil görnüşiniň guralmagydyr. Görnüş dile durnuklylyk berýär, ol umumyadamzat düşünjelerini beýan edýän dil akyl ýetirişlerini ýüze çykarmak bilen mantyk (logika) görnüşlerinden tapawutlanýar. Söz zatlary däl-de, olar hakyndaky düşünjeleri aňladýar. W. fon Gumboldt diliň görnüşlerini 59 mantyk jedelleri boýunça kowumdaş dilleriň çäklendirilen sanynda kowumdaş we kowumdaş däl, ösen, ösmedik dilleri deňeşdirmek esasynda, diliň tebigatyna görä öwrenmeli diýip belleýär. W. fon Gumboldtdan soň gapma-garşy goýlan mantyk we taryhy, umumy we şahsy, mantyk we psihologik, görnüş we many gatnaşyklary adaty lingiwistik nazaryýetlerine öwrüldiler. XIX asyryň ortalarynda häzir- ki zaman dil biliminde öz şöhlelenmesini tapan, mantyk (logika) we psihologik ugurlar resmi taýdan ykrar edildi. Dil biliminiň mantyk (logika) ugry üçin dilleriň many taýdan meňzeşligini tapmaga ymtylma häsiýetlidir: sözlemleriň manysy pikirlenme, sözüň manysy düşünje bilen barabardyr. Lingwistik seljermäniň usulyýetine örän uly üns berilýär. Mantyk ugry ilkibaşda psihologik görnüşde emele gelip, XVII asyrda Fransiýada A. Arnonyň we K. Lanslonyň «Ählumumy rasional grammatikasynda» öňe sürül- ýär. XIX asyrda mantyk-grammatiki ugur birtopar ýurtda işlenilip düzülýär. Onuň Russiýadaky uly wekilleriniň biri «Rus diliniň taryhy grammatikasyny» dörediji F. I. Buslaýew bolupdyr. Psihologik ugur üçin häsiýetli aýratynlyk diliň içki görnüşiniň aýratynlyklaryny, sözleýiş kanunalaýyklygyny ýüze çykarmaga çalyşmakdyr. Psihologik ugruň tarapdarlary sözleriň manylary (göni we göçme manylar) we grammatiki kategoriýalar hakynda taglymat döretdiler. Psihologik ugruň emele gelmeginde G. Şteýntalyň we Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling