Umumy dil bilimi


Moskwa lingwistik mekdebini


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet36/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   32   33   34   35   36   37   38   39   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Moskwa lingwistik mekdebini Moskwa uniwersitetiniň pro-
fessory F. F. Fortunatow esaslandyrýar, onuň işini Ý. F. Budde, 
M. M. Pokrowskiý, D. N. Uşakow, A. A. Şahmatow dowam etdi-
rýär. Moskwa dilçilik mekdebiniň wekilleri hindi-ýewropa dilleriniň 
fonetikasynyň, morfologiýasynyň meselelerini işläp düzmek bilen 
birlikde rus diliniň taryhy boýunça ylmy derňewler geçirip, I. I. Srez-
newskiniň, F. I. Buslaýewiň, A. A. Potebnýanyň däplerini ösdürýär-
ler. F. F. Fortunatow we onuň şägirtleri umumy grammatika düýpli 
goşant goşdular, olar söz düzüminiň we sözüň görnüşi hakynda tagly-
mat döretdiler.
Ženewa lingwistik mekdebini dörediji Ferdinand de Sos-
sýurdyr, ol ilki Parižde, soň Ženewada sapak berýär. 1916-njy ýy-
lda onuň «Umumy lingwistik sapaklary» atly kitaby çap edilýär. F. 
de Sossýuryň öňe süren pikirleri Ş. Balliniň, Parižde bolsa A. Meý-
ýäniň, Ž. Wandriýesiň işlerinde ösdürilýär. Eger Boduen de Kur-


62
tene we F. F. Fortunatow, esasan, dil birliklerine: fonemalara, mor-
femalara, sözlere, söz düzümlerine üns beren bolsa, F. de Sossýur 
dil gatnaşyklaryny öwrenýär, onuň düşündirişine görä, dil belgileriň 
ulgamydyr. Dil bilimi ylmynyň özi Sossýuryň pikiriçe, birnäçe ylym-
laryň – daşky, içki, diahronik, sinhronik dilçiligiň jemlenmesidir.
I. A. Boduen de Kurtenäniň, N. W. Kruşewskiniň, F. F. For-
tunatowyň, A. A. Şahmatowyň, F. de Sossýuryň, A.Meýäniň 
işlerinde häzirki zaman dil biliminiň esasy düzgünleri – deňeşdirme, 
durmuşy, gurluş esaslary jemlenipdir. Ýöne XX asyryň 30–40-njy 
ýyllarynda täze lingwistik ugur – strukturalizm ýüze çykýar. Praga, 
Ýel, Kopengagen mekdepleri dil biliminiň strukturalizm ugrunyň 
esasy mekdepleridir. 
Praga lingwistik mekdebi 1926-njy ýylda W. Matezius tara-
pyndan esaslandyrylýar, onuň işjeň agzalaryna – N. S. Trubeskoý, 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   32   33   34   35   36   37   38   39   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling