Umumy dil bilimi


R.O.Ýakobson, B.Gawranek, W.Skaliçka


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet37/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

R.O.Ýakobson, B.Gawranek, W.Skaliçka degişlidir. Praga lingwistik 
mekdebiniň wekilleri üçin dili we sözleýşi biri-birinden tapawutlandyr-
mak, dile funksiýa hökmünde düşünmek häsiýetlidir. Şoňa görä-de 
funksiýa nazaryýeti Praga dilçilik mekdebinde esasy orny eýeleýär we 
mekdep funksional lingwistik mekdep diýlip atlandyrylýar.
Amerikan dil biliminiň Ýel mekdebini esaslandyryjy «Dil» (1933 
ý.) atly kitabyň awtory L. Blumfilddir. Bu mekdebiň wekilleri Z. Har-
ris, Ç. Hokket dagylar lingwistikanyň esasy edip teksti, onuň böle-
kleri (segmentleri) edip – sesleri we morfemalary hasaplaýarlar, söze 
fonemalaryň, morfemalaryň yzygiderliligi hökmünde düşünýärler. Ýel 
mekdebinde dil biliminiň esasy meselesi hökmünde beýan ediş usul-
laryny işläp düzmegi, kämilleşdirmegi öňe sürýärler, şonuň üçin-de bu 
mekdep deskriptiw (beýan ediji) lingwistika diýlip atlandyrylýar.
Kopengagen mekdebi XX asyryň 30-njy ýyllarynda döreýär, 
onuň baştutany L.Ýelmslew öz nazaryýetini glossematika (dil) at-
landyrýar. Glossematikaçylaryň öňe sürýän pikirine laýyklykda, 
aňladyşyň görnüşi bilen mazmun görnüşiniň arasyny belli bir kes-
gitlenilen baglanyşyk birikdirýär, ol baglanyşyk glossematikada 
özgerme diýlip atlandyrylyp, şeýle kesgitlenilýär. «Eger mazmun 
meýilnamasyndaky tapawuda aňladyş meýilnamasynda haýsy-da 
bolsa bir tapawut gabat gelse ýa-da aňladyş meýilnamasyndaky 
tapawuda mazmun meýilnamasynda bir tapawut barabar bolsa, 


63
şonda ýüze çykýan tapawutlar şol dil üçin möhüm hasap edilýär, 
ýagny türkmen we rus dillerinde mazmun meýilnamasynda erkek 
hem aýal düşünjeleri bar, grammatik aňladyşda bularyň arasynda 
tapawut ýüze çykýar (oн-oнa), emma türkmen dilinde aňladylanda 
hiç hili tapawut ýok (ol-ol)». (A. Annanurow. Dil biliminiň esaslary. 
Aşgabat 1971, 52 sah.).
Dil biliminiň bu ugrunyň wekilleri şekilleri we hyzmatlary 
hasaplamagyň kömegi bilen dil biliminiň subut edilmesiz (aksioma-
tik) nazaryýetini döretmäge synanyşypdyrlar. Şekiller – bu birlikleriň 
alamatlarydyr, funksiýa agzalaryň hyzmatlarynyň arasyndaky 
tabynlykdyr. Dil biliminiň nazaryýeti L.Ýelmslewiň pikiri boýunça 
dil biliminiň usulyýetiniň nazaryýetidir. Bu usulyýet mantyk-mate-
matiki modelleşdirmegiň mysalydyr.
Häzirki zaman dil bilimi dürli dilçilik mekdeplerini özünde jem-
leýär. Ýöne dile çemeleşiş seljerişiň usulyýeti mekdeplerde dürli hili 
bolsa-da, umumy dil bilimi ýa-da umumy lingwistika esasy üç bölüm-
den ybarat bolýar: 
1. Ekstralingwistika – sosiolingiwistika, mentalingiwistika;
2. Interlingwistika – fonologiýa, morfologiýa, sintaksis, lek-
sikologiýa;
3. Komparatiwistika – deňeşdirme-taryhy dil bilimi, tipologiýa, 
areal lingiwistika.
Bu bölümler başgaça daşky lingwistika (ekstralingiwistika), 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling