Umumy dil bilimi


I.N.Berezin Eýran-Astrabat türkmenleriniň dili boýunça käbir bellikle- ri edýär. Şol ýyllarda N.I.Ilminskiý


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet40/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   36   37   38   39   40   41   42   43   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

I.N.Berezin Eýran-Astrabat türkmenleriniň dili boýunça käbir bellikle-
ri edýär. Şol ýyllarda N.I.Ilminskiý ýomutlaryň hem-de çowdurlaryň 
gepleşigi boýunça öz belliklerini nemes dilinde neşir edýär. Türkmen 
dili, edebiýaty, medeniýeti hakyndaky maglumatlara A.Wamberiniň 
«Orta Aziýa syýahat» işinde hem duşmak mümkin. Dilimiziň aýry-aýry 
meselelerine degişli gymmatly materiallara P.M.Melioranskiniň 
ylmy-barlaglarynda-da gabat gelinýär. Türkmen dili boýunça XIX 
asyrdaky işlere A.N.Samoýlowiçiň işlerini hem goşmak gerek. Ol 
türkmenler we olaryň dili hakyndaky ilkinji garaýyşlaryny «Живая 
старина» žurnalynyň sahypalarynda, Rus arhiw jemgyýetiniň Gün-
dogar bölüminiň ýazgylarynda ýerleşdiripdir. A.N.Samoýlowiçiň 
Abdysetdar Kazynyň tekeleriň söweşi baradaky kitaby boýunça ýa-


66
zan düýpli işi (Книга рассказов о битвах с текинцами. Спб., 1914)
has-da tapawutlanýar. Ol bu kitapda türkmenleriň asly, etniki esasy 
hakynda degerli maglumatlar bermek bilen, eseriň diliniň fonetiki 
hem-de morfologik aýratynlyklaryny beýan edýär. A.N.Samoýlowiç 
bu işinde «çagataý dili» diýilýän dili Orta Aziýa klassyky türki dili 
diýip atlandyrýar. Abdysetdar Kazynyň kitabynyň dili çagataý diliniň 
stilinde ýazylypdyr. Samoýlowiçiň şol kitabyndaky fonetika-gramma-
tiki aýratynlyklary hakyndaky bellikleri XIX asyr türkmen gepleşik 
diliniň özboluşly aýratynlyklaryny hem belli bir derejede görkezýär. 
XIX asyryyň ikinji ýarymynda türkmen diliniň şiweleri bilen-de 
gyzyklanylypdyr. A.Starçewskiý Orta Aziýada bolan wagtynda salyr, 
saryk, teke, çowdur, ýomut, ärsary, gökleň şiweleri boýunça material 
toplapdyr.Beýleki türkmen şiweleri bilen bir wagtda birnäçe asyr öň 
Demirgazyk Kawkaza göçüp giden türkmenleriň dili barada gymmat-
ly işler edilipdir. A. A. Wolodin 1908-nji ýylda Tbliside çap edilen 
«Туркменский степь и туркмени» atly makalasynda käbir türkmen 
obalarynyň atlarynyň ýüze çykyşyny derňäpdir.
Umuman, türkmen diliniň meseleleri aýratynlykda öwrenilmek bi-
len çäklenmän, eýsem, umumytürki dilleriň nazary meseleleri bilen ba-
gly işlerde-de ýatlanylyp geçilipdir.XX asyryň başyndan başlap türkmen 
diliniň fonetikasy, morfologiýasy, sintaksisi, stilistikasy, şiweşynaslygy 
nazaryýet we tejribe taýdan yzygiderli öwrenilip başlanýar. 1923-24-nji 
ýyllarda türkmen diliniň başlangyç mekdepleri üçin ilkinji okuw kitap-
lary peýda bolýar. 1925-nji ýylda Magaryf Halk Komissarlygynyň ga-
ramagynda Döwlet Alymlar Geňeşi we Türkmen ylmy-barlag instituty 
döredilýär. Bu döredilen ylmy barlag edarasy türkmen diliniň nazary we 
tejribe meselesini çözmekde uly ähmiýete eýe bolýar. 1929-njy ýylda 
Türkmenmedeniýetiň garamagynda ýörite lingwistik kabinet döredilip, 
türkmen diliniň öwrenilişine has-da uly itergi berilýär. Şol ýyl türkmen 
diliniň grammatikasy çap edilýär, onda fonetikanyň, morfologiýanyň, 
sintaksisiň ylmy esaslary beýan edilýär. 
Ýigriminji ýyllaryň ahyrynda çykan ähmiýetli işlerden A. P. Po-

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   36   37   38   39   40   41   42   43   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling