76
beýan edilen bölümlerde hem, soňky döwürlerdäki bölümlerde-de dil
biliminiň bölümleri anyk beýan edilmändir. Olaryň
arasynda birlik
saklanylmaýar.
Dil biliminiň bölümleriniň kesgitlenilmegi, olaryň sanynyň kö-
pelmegi, dürli bölümleriň ýüze çykmagy dil hakyndaky ylmyň ösüşi
bilen baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, öň bütewi bir bölümiň için-
de öwrenilýän dil hadysalary, olara mahsus bolan birtopar dil element-
leri has çuň öwrenildigiçe, ylmy maglumatlaryň artmagy netijesinde
täze bölümler ýüze çykýar. Meselem, diliň ses ulgamyny öwrenýän
fonetika, many meseleleri bilen iş salyşýan semasiologiýa we beýleki
bölümler emele gelýär.
Dil biliminiň bölümleri olaryň emele geliş taryhy boýunça bi-
ri-birinden tapawutlydyr. Käbir bölümleriň taryhy dil biliminiň özi
ýaly gadymy bolsa, käbirleri has ýaşdyr.Meselem, etimologiýa uzak
geçmişde dörän bolsa, frazeologiýanyň ylym hökmündäki öwrenilip
başlan wagty ХХ asyryň 40-njy ýyllaryna degişlidir.
Do'stlaringiz bilan baham: