Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet56/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Latyn elipbiýinde
Rus elipbiýinde
B harpy «b» sesini aňladýar.
B harpy «w» sesini aňladýar.
P harpy «p» sesini aňladýar.
P harpy «r» sesini aňladýar.


86
Häzirki döwürde milli grafikalary giňişleýin öwrenmek dil 
hakyndaky ylmyň wajyp meseleleriniň biridir. Bu elipbiý we orfogra-
fiýa (dürs ýazuw) meselelerini çözmekde möhümdir.
Orfografiýa. Tejribe dil biliminiň bölümleriniň biri orfografiýadyr. 
Orfografiýa adalgasy grek dilindäki orthos (düzgün), grapho (ýazmak) 
sözlerinden emele gelipdir. Ol iki many aňladýar: 1) edebi diliň dürs 
ýazuw kadalarynyň ulgamy, 2) olara degişli dürs ýazuw nazaryýeti.
Her bir edebi diliň dürs ýazuw kadalarynyň işlenilip düzülmeginiň 
uly ähmiýeti bardyr. Dürs ýazuw edebi diliň kämilleşmegine, pikirleriň 
aýdyň beýan edilmegine ýardam berýär, ýazuwda ýalňyşylmazlygyny 
üpjün edýär. Dürs ýazuw kadalary bellibir ýörelgelere (prinsiplere) 
esaslanýar. Fonografik ýazuwlarda öňe sürülýän köpsanly dürs ýazuw 
ýörelgeleriniň hemmesi esasy ýörelge hasap edilmeýär, meselem, ini-
sial ýörelgesi, ýagny sözleriň ilki harplarynyň ýazylmagy: G.Ezizow, 
A.S.Puşkin we ş.m., suspensiýa ýörelgesi, ýagny sözleriň birnäçe 
harplarynyň ýazylmagy, meselem, sah. (sahypa), prof. (professor), akad. 
(akademik) we ş.m, kontaksiýa ýörelgesi, ýagny sözleriň ortasyndaky 
harplaryň aýrylyp ýazylmagy: d-r (doktor), z-d (zawod), t-n (türkmen) 
we ş.m.
Görkezilen orfografik ýörelgeler esasy hasaplanylmaýar. 
Esasy dürs ýazuw ýörelgeleri kesgitleýjilik häsiýetlidir. Olaryň 
sany hakynda dürli pikirler bar. Rus dilçisi A.A. Reformatskiý dürs 
ýazuwyň alty ýörelgesini (fonetik, fonematik, etimologik, taryhy, 
morfologik, simwolik) öňe sürýär (А.А.Реформатский. Введение в 
языкознание.М., 1967, (373). Dilçileriň köpüsi bolsa üç esasy ýörel-
gäni (fonetik, morfologik, taryhy) belleýärler.
Türkmen dilinde dürs ýazuwyň fonetik, morfologik, taryhy, eti-
mologik ýa-da grafik, differensiasiýa ýörelgeleri bellenilýär (Häzirki 
zaman türkmen dili. Morfologiýa, Aşgabat – 1960, 64 sah.).
Orfoepiýa. Edebi dil umumyhalk diliniň kadalaşdyrylan (nor-
malaşdyrylan) görnüşidir. Kadalaşdyrylmak ony ýönekeý gepleşik 
dilinden, şiwelerden tapawutlandyrýar. Kadalaşdyrmak edebi dil 
düşünjesiniň esasyny düzýär. Edebi diliň kadalary sözleýşiň akgynly, 
takyk we täsirli bolmagyna kömek edýär. Edebi kadalar ýazuwa-da 
sözleýşe-de mahsusdyr. Edebi diliň gepleýiş görnüşiniň kadalarynyň 
esasynda emele gelen orfoepik kadalaryň ulgamyna orfoepiýa (grekçe 
ortpos – düzgün, epos (gepleýiş) diýilýär.


87
Häzirki zaman edebi dilleriň her biriniň orfoepik ulgamy şeýle 
bölümlerden ybaratdyr:
1.Çekimlilleriň aýdylyşyna degişli kadalar.
2. Çekimsizleriň aýdylyşyna degişli kadalar.
3.Grammatik şekilleriň aýdylyşyna degişli kadalar.
4.Alynma sözleriň aýdylyşyna degişli kadalar.
Orfoepik kadalar az wagtyň önümi däldir. Dil biliminiň orfoe-
piýa bölüminiň taryhy gadymydyr. B.e. öň hindi dilçileri «Şikşa» we-
dasynda fonetika bilen bilelikde orfoepiýa hem uly üns beripdirler. 
Orfoepiýa asyrlaryň dowamynda kämilleşip, XIX we XX asyrlarda 
has hem giňden öwrenilýär. Häzirki döwürde sözleýiş medeniýetini 
ösdürmekde orfoepiýanyň ähmiýeti uludyr.
Leksikografiýa. Dil biliminde sözlükçilik işleriniň amaly we na-
zary meselelerini öwrenýän bölüme leksikografiýa diýilýär. Asly grek 
sözünden bolan leksikografiýanyň manysy «sözlük ýazýaryn» diý-
mekdir. Dil biliminiň esasy bölümleriniň biri bolan leksikografiýanyň 
özüne mahsus wezipeleri bardyr. Adatça, alymlar leksikografiýany 
leksikologiýanyň içinde öwrenýärler. Ýöne leksikografiýa özüniň we-
zipeleri we maksady boýunça dil biliminiň aýratyn bölümidir.
Leksikografiýa adalgasy sözlük düzmek bilen bilelikde, söz-
lük düzmek baradaky taglymaty hem öz içine alýar. Sözlükleriň 
görnüşleri, gurluşy, sözlüklerde sözleri ýerleşdirmegiň usullarynyň 
hem-de ýörelgeleriniň ylmy esaslary bu bölümiň nazary meselelerine 
degişlidir. 
Sözlük düzmegiň kökleri gadymy döwürlere uzap gidýär. Hindi 
alymlary müňlerçe ýyl ozal sözleri toplamak, olary düşündirmek işleri 
bilen meşgul bolupdyrlar. B.e.öň VI asyrda hindi dilçisi Amarusipha 
sanskrit diliniň sözlügini düzüpdir. Hindiler ol sözlügi «Amarakoşa» 
diýip atlandyrypdyrlar, bu «Amaranyň sözlügi» diýmekdir. B.e.öň 
V asyrda hindi dilçisi Ýaska leksikografiýa boýunça uly işleri amala 
aşyrypdyr.
Biziň eýýamymyzyň başlarynda sözlük düzmek işleri köp ýurt-
larda giňden ýaýrapdyr. II asyrda hytaýly dilçi Lýu Si hytaý diliniň 
leksikografiýa işiniň esasyny goýýar. VII asyrda «Kitab el-aýn» diýlip 
atlandyrylýan arap diliniň sözlügi düzülýär. Leksikografiýa işleri XI 
asyrdan başlap has-da güýçlenýär. Dürli dillerde düşündiriş we terji-
me sözlükleri düzülýär.


88
Häzirki döwürde dünýä dil biliminde sözlükleriň sany 
müňlerçedir. Sözlükleriň ählisi ensiklopedik we filologik sözlükler 
görnüşinde iki sany uly topara bölünýär. 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling