Umumy dil bilimi
zym Bekiň işlerinde gabat gelmek bolýar. Türkmen diliniň sintaksisiniň meseleleri babatda P. Azymowyň
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Tejribe dil biliminiň bölümleri.
zym Bekiň işlerinde gabat gelmek bolýar.
Türkmen diliniň sintaksisiniň meseleleri babatda P. Azymowyň, M. Hamzaýewiň, G. Saryýewiň işleri bellidir.1962-nji ýylda P. Azy- mowyň ýolbaşçylygynda hem-de işjeň gatnaşmagynda «Häzirki za- man türkmen dili» (sintaksis) kitaby neşir edilýär. M.Hamzaýewiň düzmeli goşma sözlemler baradaky ylmy işleri dürli döwürdlerde ylmy neşirlerde çap edilipdir. Türkmen dil biliminiň uly wekilleriniň biri bolan G.Saryýew bolsa 1974-nji ýylda «Türkmen edebi dilinde söz düzümleri» diýen tema boýunça doktorlyk dissertasiýasyny go- raýar. Bu iş 1972-nji ýylda aýratyn kitap bolup çykýar. Tejribe dil biliminiň bölümleri. Dil biliminiň bu şahasynyň 84 hem birnäçe bölümi emele gelipdir. Olara, esasan, grafika, orfogra- fiýa, orfoepiýa, leksikografiýa, terjimeçilik degişlidir. Grafika. Grafika giň manyda ulanylýan adalgadyr. Ol diňe bir dil biliminde däl, eýsem, ylmyň başga-da dürli pudaklarynda gabat gelýär. Grafika grek dilindäki graphikos (çyzmak, çekmek) sözündendir. Gra- fika adalgasy dil biliminde hatlaryň ýazylmagynyň (çyzylmagynyň) formalary we ol ýa-da beýleki harpyň haýsy sesi, sesleri aňlatmagy, nähili okalmalydygy baradaky meseleleri aýdyňlaşdyrýar. Dil biliminiň grafika bölüminiň taryhy XIX asyrdan başlanýar. Alymlar bu asyrda ses bilen harpyň arasyndaky tapawutlary, aýry- -aýry harplaryň gurluşyndaky aýratynlyklary anyklapdyrlar. Şunuň netijesinde hem dil biliminiň grafika bölümi döräp, onuň wezipeleri, maksady ýüze çykypdyr. Her bir milli grafik ulgamdaky harplar sany, ýazylyş usullarynyň aýratynlyklary boýunça tapawutlanyp bilýärler. Harplary aňladýan grafik belgiler şertli häsiýete eýedir. Olarda sesleriň aýratynlygy göz öňünde tutulmaýar. Bir sesi aňladýan harpyň deregine başga bir harpyň ulanylmagy kabul edilse-de, sesde hiç hili üýtgeşme ýüze çyk- maýar. Meselem, «s» sesi rus kril elipbiýinde «c» harpy , latyn elip- biýinde «s» harpy bilen aňladylýar. Ýöne şekilleriň üýtgemegi sese täsir etmeýär. Fonografik ýazuwlardaky harplar ölçegleri, gurluşlary boýunça birnäçe hili bolup bilýär. Gadymy fonografik ýazuwlarda harplaryň diňe bir ölçegdäki ýazylyşy ulanylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen harplaryň iki dürli ölçegdäki görnüşleri emele gelipdir. Beýle ýa- zuwlara latyn we slawýan ýazuw ulgamlaryny mysal getirmek bolar. Bu ýazuwlaryň esasynda döredilen elipbiýlerde harplar ölçeglerine laýyklykda baş we setir harplar görnüşinde iki topara bölünýär. Arap ýazuw ulgamynda harplar ölçegi babatdan baş we setir harplaryna bölünmeýär. Fonografik ýazuwlardaky harplar gurluşy babatdan sada hem çylşyrymly harplara bölünýär. Ýazylyşy aňsat bolan, bir şekilden yba- rat harplar sada harplardyr, meselem: a, o, s, h we ş.m. Çylşyrymly harplar ligatura harplary we diakretik şekilli harplar görnüşindedir. Ligatura (latyn dilindäki ligare – bitişmek, birleşmek) harplary iki ýa-da ondan köp harpyň birleşip bir ses aňlatmagydyr. Ligatura harplary 85 birleşýän ligaturalar we ýanaşýan ligaturalar görnüşinde bolýar. Bir harpyň beýleki harpa birleşdirilmegi netijesinde bir sesi aňlatmakda ulanylýan ligaturalar birleşýän ligaturalardyr. Türki dillerindäki «ň» sesini arap elipbiýinde ýazmak üçin «nun» we «gäp» harplary birleşdirilip ulanylýar. Iki we ondan köp bolan harplaryň bir sesi aňlatmakda birleşdirilmezden, ýanaşyk ýagdaýda peýdalanylmagy ýanaşýan ligaturalardyr. Meselem, nemes dilinde «ş» sesini «sch», iňlis dilinde «ç» sesini «ch» ligaturalary berýär. Olar ýanaşýan liga- turalardyr. Diakretik şekilli harplaryň aşagynda, ýokarsynda ýa-da ortasynda bellikler goýlup, başga bir fonema aňladylýar. Meselem, türkmen elip- biýindäki ü, ö harplary diakretik belgiler bilen ýasalypdyr. Harplaryň uzynlygyny we ş.m görkezmekde ulanylýan fonetik transkripsiýanyň belliklerini diakretik bellikler hasaplamak bolmaýar. Arap elipbiýin- däki nokatlar diakretik belliklere degişlidir, sebäbi şol nokatlaryň goýulmagynyň esasynda ol harp başga bir sesi aňladar. Harplaryň elýazma we çap görnüşleri bar. Elipbiýlerdäki harplaryň çap we elýazma görnüşleriniň tapawudy olaryň ýazuw teh- nikasy bilen baglydyr. Grafikanyň esasy wezipeleriniň biri harplaryň çap görnüşiniň emele gelmegini aýdyňlaşdyrmakdyr. Çap harplary düz, ýarym aýlaw görnüşlerinde bolup bilýär. Meselem, K, L, Z, T we ş.m, harplar düz harplara, O, U, Ö, Ç we ş.m. harplar ýarym aýlaw harplara degişlidir. Grafikanyň esasy meseleleriniň biri ol ýa-da beýleki elipbiýler- däki harplar bilen sesleriň mynasybetini düşündirmekden ybaratdyr. Grafika elipbiýdäki harpyň haýsy sesi aňladýandygyny, nähili okalýandygyny ýüze çykarýar. Meselem, bir elipbiýdäki harp beýleki elipbiýde başga sesi aňladyp biler. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling