Umumy dil bilimi


Beýniniň biolingwistikasy


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet63/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Beýniniň biolingwistikasy. XIX asyryň ikinji ýarymynda 
beýniniň çep tarapky çanagynda eşidiş we sözleýiş merkezi ýüze çy-
karylýar. XX asyryň ýetmişinji ýyllarynda beýniniň asimmetriýasynyň 
açylmagy bu meseläniň öwrenilişinde täze garaýyşlary ýüze çykardy.
Saglakaý (esasy işleri sag eli bilen ýerine ýetirýänler) adamlaryň 
(çepbekeýleriňkide tersine ) çep tarapky beýni çanagynde sözleýşe 
ýöriteleşme, sag tarapky beýni çanagynda aýdyňlyga, keşpleri 
aýratynlaşdyrmaga ýykgyn etmek ýüze çykaryldy. Düzgün bolşy 
ýaly, alymlarda, ylym bilen meşgullanýan adamlarda beýniniň çep 
tarapky çanagy, suratkeşlerde sag tarapky bölegi ösýär.
Eger adamyň beýnisiniň sag tarapky çanagynyň işi bozulsa, ol 
özüni gurşap alýan ýagdaýdan kynlyk bilen baş çykarýar. Onuň çep 
tarapky çanagynyň işinde näsazlyk ýüze çyksa, gepleýşiň bozulmasy 
(afaziýa) bolup geçýär. Afaziýada tekstiň sintaktik gurluşy üýtgedil-
ýär, zatlaryň adynda ýalňyşlyklar goýberilýär. Beýniniň biolingwisti-
kasy beýni bilen baglanyşyklylykda sözleýiş işinde ýüze çykýan me-
seleleri öwrenýär. Psiholingwistika – dile onuň psihiki aýratynlyklary 
nazaryndan serediýär. Ol psihologiýanyň we lingwistikanyň arasynda 
hünärara ýagdaýa eýedir. Şoňa görä-de ol sözleýjiniň sözleýiş işiniň 
psihiki aýratynlyklary bilen baglanyşykly meselelerini öwrenmek bi-
len gyzyklanýar.
Şonuň üçin-de ol sözleýjiniň psiholingwistikasy hem-de diňleýjiniň 
psiholingwistikasy görnüşinde iki topara bölünýär. Sözleýjiniň psiho-
lingwistikasy sözleýän adamyň gepleýiş işiniň psihiki aýratynlyklary 
bilen iş salyşýar. Bu iş üç döwre − sözsüz pikirlenme, içki sözleýiş, 


97
7. Sargyt № 89
daşky sözleýiş döwürlerine bölünýär. Sözsüz pikirlenme döwründe 
adam aýdyljak bolunýan zadyň ilkibaşky şekilini aňynda şekillendirýär. 
Munda diliň kömeginden peýdalanylmaýar. Içki sözleýişde adam özi 
üçin gepleýär. Ol ilkinji nobatda sözleýşiň predmetiniň pikir şekilini 
söz şekiline geçirmäge niýetlenilendir. Içki sözleýiş netijesinde şol 
predmet sözleýiş işiniň birinji döwründäkisinden has anyk şekile eýe 
bolýar. Munda içki sözleýşiň öwrenijilik häsiýeti ýüze çykýar. Özüniň 
görnüşi boýunça içki sözleýiş daşky sözleýişden düýpli tapawutlanýar. 
Içki sözleýiş diňleýjä niýetlenilen däldir, tertibe salynmadykdyr hem-
-de gysgadyr. Käbir ýagdaýlarda adam sesli pikirlenmäge başlaýar. 
Ol içki sözleýşini materiallaşdyrýar, ýöne bu daşky sözleýiş däldir. Ol 
özüniň tebigaty boýunça içki sözleýişligine galýar. Daşky sözleýiş,
adatça, içki sözleýşiň dowamy bolup gelýär. Ýöne, muňa içki sözleýşiň 
giňeldilen, materiallaşdyrylan görnüşi diýip, gönüden-göni düşünmeli 
däldir. Hakykatdan, daşky sözleýiş içki sözleýişden ýeterlik derejede 
garaşsyzdyr. Mundan başga-da daşky sözleýişde umumy aragatnaşyk 
we stilistik düzgünler saklanylýar.
Umumy aragatnaşyk düzgünler islendik stilistik tekstde ulanyl-
ýar, ýöne, stilistik düzgün diliň haýsydyr bir kesgitli stiline gatnaşykda 
ýöredilýär. Umumy aragatnaşyk düzgünleriň möhümleriniň biri öz 
aýdýan sözleriňe ägä bolmakdyr. Bu düzgün köpsanly nakyllarda, 
atalar sözlerinde öz beýanyny tapypdyr:
Dil bela – diş gala.
Başa bela iki barmak dilden geler.
Dil düwnüni diş çözmez.
Dili ýamanyň güni ýaman.
Dilde ygtyýary ýoguň, ilde ähtibary ýok.
Tekstiň stilistik görnüşiniň saýlanylmagyna üç sany aýratynlyk 
täsir edýär:
1. Aragatnaşygyň amala aşyrylýan medeni çägi (dini, ylmy, es-
tetiki, etiki, syýasy we ş.m.). Bularyň her biri diliň degişli stili bilen 
baglanyşyklydyr.
2. Aragatnaşygyň amala aşyrylýan ýeri (okuw otagy, köçe, öý, 
açyk tebigat we ş.m.).
3. Sözleýjiniň diňleýjä gatnaşygy (onuň biofiziki, psihiki, mede-
ni aýratynlyklary).


98
Diňleýjiniň psiholingwistikasy sözleýşe akyl ýetirmegiň psihik 
aýratynlyklaryny öwrenýär. Ol birinjiden, diňleýjiniň sözleýjiden ka-
bul edip alýan sözleýiş birliklerinden, ikinjiden, şol birlikleriň dile 
degişli bolmadyk ol ýa-da beýleki närselere laýyk gelmeginden yba-
ratdyr. Sözleýşe akyl ýetirmek deslapky we esasy döwürlerde ama-
la aşyrylýar. Deslapky döwür sözleýjiniň sözlerine akyl ýetirmäge 
taýýarlyk döwrüdir. Şözleýşe akyl ýetirmegiň derejesi bellibir dereje-
de şu taýýarlygyň derejesine baglydyr. Bu taýýarlyk sözleýjiniň söz-
lerine akyl ýetirmegiň netijesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly 
düzgünleri işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Sözleýjiniň sözleri umumy 
aragatnaşyk we hususy aragatnaşyk görnüşinde bolup biler. Bularyň 
birinjisi islendik aragatnaşyk ýagdaýyny, ikinjisi bolsa sözleýiş 
ýagdaýynyň aýratyn görnüşlerini öz içine alýar.
Umumy aragatnaşyk düzgünleriniň arasynda iň esasylarynyň 
biri sözleýjiniň sözlerine hormat bilen çemeleşmekdir. 
Hususy aragatnaşyk düzgünleri diňleýjä aýratyn sözleýiş ýag-
daýlaryna çuňňur düşünmäge ýardam edýär. Olar bir tarapdan
sözleýşiň bellibir ugry (dini, ylmy, estetiki, etiki, syýasy we ş.m.), 
onuň amala aşyrylýan ýeri (metjit, laboratoriýa, teatr we ş.m.), beýle-
ki tarapdan sözleýjiniň dürli häsiýetleri (onuň fiziki, psihiki, medeni 
aýratynlyklary) bilen baglydyr.
Esasy döwür sözleýjiniň tekstine bolmalysy ýaly akyl ýetiril-
ýän, düşünilýän, kabul edilýän döwürdir. Tekste akyl ýetirilmeginiň 
derejesi birinjiden, gürrüňi edilýän zat hakynda diňleýjide bar bo-
lan maglumatyň möçberine, ikinjiden, onuň teksti kabul edýän pur-
sadyndaky aragatnaşyk işjeňligine baglydyr. 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling