Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet61/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   57   58   59   60   61   62   63   64   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

W. A. Bogorodiskiniň «Заметки по экспериментальной фонетике» 
(M., 2008), L.W.Şerbanyň «Русские гласные в качественном и 
количественном отношении» (L., 1983) atly kitaplarynda beýan 
edilipdir. Häzirki zaman lingwofiziki barlaglaryň netijeleri bolsa
rus dilçileri L. W. Bondarkonyň «Звуковой строй современного 
русского языка» (1977), L. R. Zinderiň «Общая фонетика» (1979) 
kitaplarynda görkezilýär.
Islendik ses bellibir zadyň yrgyldaýan hereketiniň netijesidir. 
Gepleýiş sesleri sözleýjiniň gep organlaryny herekete getirmegi ar-
kaly döreýär. Bu sesleriň akustiki häsiýeti dört sany ýagdaýa-yrgyl-
daýan hereketiň ýygylygyna, olaryň amplitudasyna (sesiň gerimine), 
dowamlylygyna hem-de sesleriň aýdylyşynda energiýanyň derejesine 
(spektr) baglydyr.
Yrgyldynyň ýygylygy sesiň çykýan çeşmesiniň hereketine bagly 
bolup, ol gersde olçenilýär. Meselem, haýsydyr bir sesiň ýygylygy 
400 Gs-e deň diýilse, onda şol sesi çykarýan çeşmäniň sekundda 300 
yrgyldy edýändigini aňladýar. Yrgyldynyň ýygylygy sesiň belentli-
gine baglydyr, az ýygylykly sesler pes sesler, köp ýygylykly sesler 
belent sesler hasaplanylýar.
Ses yrgyldysynyň amplitudasy (gerimi) sesiň intensiwligine 
(güýjüne) baglydyr. Ol eşidiş organlary bilen kabul edilýär hem-de 
desibelde ölçenilýär. Şunda 20 paskallyk ses basyşy nol dereje hasap-
lanylýar. Ses çeşmesiniň yrgyldamagyndan ýüze çykýan howanyň 
basyşy paskalda ölçenilýär.
Sesiň emele geliş wagty onuň dowamlylygyny emele getirýär. 
Sesiň dowamlylygy sekundyň müňden bir bölegi millisekunt (ms) bi-
len ölçenilýär. Ol ýa-da beýleki sesi aýtmak üçin adama 30-50 ms 
wagt gerek bolýar. Gepleýişde sesiň dowamlylygy onün tempine 
(depginine) baglydyr. Meselem, rus dilinde «сад» sözündäki «a» se-
sini orta depginde aýtmak üçin 250-300 ms , «садовод» sözündäki 
«a» sesini aýtmaga bolsa 50-60 ms wagt gerek.
Adamyň owaz perdeleri yrgyldaýan kirişleri ýada salýar. Owaz 
perdeleriniň dürli ýerlerinde döreýän yrgyldylaryň amplitudasy (geri-
mi) birmeňzeş däldir. Gepleýiş sesleri yrgyldyly hereketleriň tutuş bir 
toplumynyň netijesini özünde jemleýär. Biz ol ýa-da beýleki sesi ýygylyk 
spektri görnüşinde göz öňüne getirip bileris. Ol spektr dürli adamlaryň 
emele getirýän birmeňzeş seslerinde hem özboluşly aýratynlyga eýedir. 


95
Bu her bir adamyň ses emele getiriş organlarynyň tebigatynyň şahsylygy 
(indiwidual) bilen düşündirilýär. Spektr aýratyn alnan sözleýjiniň 
gepleýişine şahsy äheň berýär. Oňa diňleýji tarapyndan sesiň tembri 
(aýratynlygy, mylaýymlygy) hökmünde baha berilýär. 
Diýmek, gepleýiş sesleriniň akustik häsiýetine onuň ýygylygy, 
amplitudasy, dowamlylygy we spektri degişlidir. Bu häsiýetleriň her 
biri diňleýji tarapyndan aýratyn görnüşde kabul edilýär. Sesiň ýygy-
lygyna onuň belentligi, amplitudasyna gatylygy, dowamlylygyna uzak-
lygy, spektirne tembri baglydyr. 
Biolingwistika dili onuň biologik aýratynlyklaryny göz öňünde 
tutup derňeýär. Bu aýratynlyklary adamyň gepleýiş işine gatnaşýan or-
ganlaryny öwrenmek arkaly ýüze çykaryp bolar. Ol organlar biologiýa-
da öwrenilýär. Biolingwistika bolsa, biologiýa bilen lingwistikanyň 
arasyndaky ylymdyr. Gepleýiş işiniň biologik mehanizmlerini öwren-
mek biolingwistikanyň meselesidir. Ol mehanizmlere eşidiş organ-
lary, artikulýasiýa (sesi hasyl etmek üçin gep organlarynyň işleýşi) 
organlary, beýniň gabyklary degişlidir. Biolingwistika bu organlaryň 
gurluşyny, ýerine ýetirýän hyzmatlaryny öwrenmek bilen, eşidişiň 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   57   58   59   60   61   62   63   64   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling