Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Wilgelm Maks Wund
- Ý.Wan.Kinneken
- Zähmet gykylyklary nazaryýeti.
4. Yşaratlar nazaryýeti. Diliň döreýşi baradaky öňe sürlen
nazaryýetleriň giňden ýaýranlarynyň biri yşaratlar nazaryýetidir. Bu nazaryýetiň esasy manysy – ilki dil yşaratlar şekilinde bolupdyr, adamlar ilkibaşda yşaratlar bilen gepleşipdir, gepleýiş dili bolsa soň emele gelip, yşaratlar diline kömekçi bolupdyr. Bu nazaryýetiň esasy wekilleriniň biri bolan nemes psihology Wilgelm Maks Wund (1832-1920) yşaratlary we sesleri birleşdiripdir. Onuň pikirine laýyklykda, yşaratyň ses bilen bilelikdäki hereketiniň netijesinde dil emele gelipdir. Yşaratlar nazaryýeti az wagtyň dowamynda giňden ýaýrap, munuň bilen baglanyşykly täze pikirler ýüze çykypdyr. Iňlis alymy F.Penjet gepleýiş diliniň ilkinji dörändigini inkär edýär. Ol ilkinji adamlaryň ellerini, dillerini, dodaklaryny hereketlendirmegi netije- sinde gepleşendiklerini görkezýär. Penjetiň pikiriçe, adamlar esa- san, el arkaly gürleşipdirler, ýöne, soňlugy bilen eliň üstüne ýaşaýyş üçin zerur bolan beýleki zähmetleriň ýüklenilmegi netijesinde, eliň aragatnaşyk hyzmaty peselipdir. Şoňa görä-de ses çykarmak zerur- lygy döräpdir, netijede gepleşik sesleri emele gelipdir. Amerikaly alym Trondaýk ilkinji ynsanlaryň el hereketinden başga gepleýiş ag- zalaryny hereketlendirip, pikirini beýan edendigini belläpdir. 107 Yşaratlar diliniň tarapdarlarynyň biri meşhur dilçi N.Ý.Marrdyr. Ol yşaratlar dilini «kinetik dil», «el hereket dili» diýip atlandyryp, diliň döreýşi barada täze nazaryýet döretmek isläpdir. N.Ý. Marr diliň aslynda yşaratlar görnüşinde ýüze çykandygyny, gepleýiş diliniň has soňky döwre degişlidigini belleýär. Yşaratlar dili nazaryýetiniň tarapdarlarynyň arasynda iki sany pikir biri-birinden tapawutlanýar. Alymlaryň bir topary ýokarda belleýşimiz ýaly, ilkinji adamlaryň el, dil, dodak hereketleriniň kö- megi bilen gepleşendiklerini oňe sürýärler. Beýleki topary bolsa, diňe eliň hereketi arkaly aragatnaşyk edilendigini nygtaýar. Meselem, gol- land alymy Ý.Wan.Kinneken ynsanlar öz pikirini diňe eliň kömegi bilen beýan edipdir diýip belleýär. Yşaratlar nazaryýeti aşakdaky sebäplere görä, diliň döreýşini subut edip bilmeýär: 1. Yşaratlar görmek bilen baglanyşykly hadysalara degişlidir. Olary eşidip däl-de, görüp bolýar. Dil bolsa gepleşilýän we eşidilýän hadysadyr. 2. Yşaratlarda söz ýokdur. Şoňa görä-de yşarat we mimika zadyň, hadysanyň ady bolup bilmez. 3. Yşaratlar gepleýiş dilinden öň emele gelmändir. Olar gepleýiş diliniň emele gelşiniň dowamynda ýa-da ondan soň döräpdir. Umuman, yşaratlaryň ähmiýetini düýbünden inkär etmek bol- maz. Ýöne, yşaratlar ol nazaryýetiň tarapdarlarynyň belleýşi ýaly, diliň döremeginde esas däldir, olaryň kömekçilik hyzmaty bardyr. Teatrlarda görkezilýän oýunlarda sahna ussatlarynyň hereketleri olaryň gepleýiş diliniň has emosional bolmagyna täsir edýär, janly- lygy artdyrýar. 5. Zähmet gykylyklary nazaryýeti. Bu nazaryýet XIX asyrda emele gelipdir. Muny şol asyryň 70-nji ýyllarynda fransuz filosofy Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling