Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet70/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   66   67   68   69   70   71   72   73   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Lýudwig Nuare (1829-1889) öňe sürüpdir. L.Nuare diliň döreýşini 
esaslandyrmaga çalyşýan alymlaryň biri bolup, diliň emele gelmegini 
ilkinji gezek zähmet bilen baglanyşdyrypdyr.
L.Nuareniň zähmet gykylyklary nazaryýetine görä, dil zähmetiň 
dowamynda ynsanlaryň çykarýan biygtyýar gykylyklarynyň 
esasynda döräpdir. Meselem, odun çapýan adamyň paltany urandaky, 
deňizçileriň labyry galdyrandaky, pälwanlaryň göreşdäki çykarýan 


108
sesleri diliň ilkinji sözleri bolup hyzmat edipdir hem-de beýleki sözler 
olardan emele gelipdir.
L.Nuareniň pikiriçe, zähmet bilen dil paralel amallardyr. Olar-
dan dil adamyň zähmet prosesiniň kömekçisi bolup hyzmat edýär. Ol 
mundan başga-da diliň kömekçi bolman hem biljekdigini, ýagny ses 
çykarmazdan agaja palta urup boljakdygyny hem belläp geçýär.
Diliň döreýşini bu nazaryýet hem aýdyňlaşdyryp bilmeýär. Ony 
aşakdaky subutnamalar görkezýär.
1.Iş wagtynda adamyň çykarýan dürli sesleri, galmagallar dil-
de aýratyn mana eýe bolmaýan sazlaşykly seslerdir. Olar diliň 
aragatnaşyk we beýleki hyzmatlaryny ýerine ýetirmeýär. Dile mahsus 
bolan aýratynlyklaryň hiç biri zähmet gykylyklarynda ýokdur. Şonuň 
üçin-de zähmet gykylyklary diliň döremeginde esas bolan sözler ha-
saplanylyp bilinmeýär.
2.Zähmet bilen dil L.Nuareniň belleýşi ýaly, ugurdaş ýaşaýan 
hadysalar däldir. Olar biri-birinden aýratyn zatlardyr.
3.Dil zähmete goldaw bermek maksady bilen däl, ynsanlaryň 
arasyndaky aragatnaşygy amala aşyrmak üçin emele gelipdir.
4.Zähmet gykylyklary örän azdyr.Şolar ýaly gykylyklar haý-
wanlarda hem bardyr.Eger bu gykylyklar diliň esasyny düzýän bolsa, 
onda haýwanlar hem gepläp bilerdi.
Diýmek, zähmet gykylyklary nazaryýeti hem diliň döreýşini 
esaslandyryp bilmeýär.
Diliň döreýşi baradaky mesele gadymy döwürlerden bäri öwre-
nilýän hem bolsa, ol entek çözülmedik ýagdaýynda galýar.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   66   67   68   69   70   71   72   73   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling