Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet73/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   69   70   71   72   73   74   75   76   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Soraglar:
1. Dil näme?
2. Dilde belgileriň haýsy görnüşleri bar?
3. Diliň derejeleýin gurluşy näme? Haýsy derejeleri atlandyryp bilersiňiz?
4. Fonetik derejäniň birligi diliň beýleki derejeleriniň birliklerinden, 
esasan, nämesi bilen tapawutlanýar?
5. Leksiki derejäniň birlikleriniň nähili hyzmatlary bar?
6. Sintaktik derejäniň birlikleri nähili hyzmaty ýerine ýetirýär?
Hödürlenilýän edebiýatlar:
1. Джон Лaйoнз. Введение в теоретическую лингвистикy. М., 1978. 
2. Кодухов В.И. Общее языкознание. М., 1974.
3. Попова З.Д., Стернин И.А. Общее языкознание. М., 2007.
Dil maşgalalary. Dilleriň genealogik bölünişi
Öň belläp geçişimiz ýaly, käbir diller biri-birine örän meňzeşdir. 
Ol dillerde gepleýän adamlar öz aralarynda hiç hili terjimeçisiz aňsat 
düşünişip bilýärler. Mysal üçin, türkmen adamsy garagalpak, azerbaý-


113
jan, türk adamlary bilen, rus adamsy belarus, ukrain adamlary bilen, 
norwegiýaly adam daniýaly ýa-da şwed bilen, italiýaly ispaniýaly ýa-
da portugaliýaly bilen, biraz kynçylykly bolsa-da, düşünişip bilýärler. 
Dilleriň şunuň ýaly meňzeşligi, olaryň umumy kök – dilden emele 
gelendigi bilen düşündirilýär. Türkmen, garagalpak, azerbaýjan, türk 
dilleri gadymy oguz dilinden, rus, ukrain, belarus dilleri gadymy rus 
dilinden, norweg, şwed dilleri gadymy skandinaw dillerinden, ispan, 
italýan, portugal (şeýle-de Ýewropa dilleriniň birtopary) latyn dilin-
den emele gelendir.
Bir umumy kök dilden emele gelen dillere garyndaş diller diýlip 
at berilýär. Ýakyn garyndaşlyk, meselem, türk we türkmen dilleriniň, 
rus, ukrain, belarus dilleriniň arasyndaky ýakynlyk hiç-hili ylmy 
subutnamalar talap etmezden, mese-mälim görnüp dur. Garyndaşlygy 
has aňyrdan gaýdýan dilleriň, meselem, türkmen we ýakut dilleriniň, 
rus we litwa dilleriniň garyndaşlygy ýörite derňewleriň netijesinde 
kesgitlenilýär. Gelip çykyşynyň umumylygynyň esasynda dilleriň 
bölünmegine dilleriň genealogik bölünişi diýilýär. Garyndaş dilleriň 
iň uly birleşmesi maşgala diýlip atlandyrylýar. Dil maşgalalary topar-
lara, olar bolsa öz gezeginde toparçalara bölünip bilner. Käbir toparlar 
we toparçalar ozünde onlarça dili jemleýär, käbirlerine bolsa bary-
-ýogy bir dil degişlidir. Biziň mähriban ene dilimiz bolan türkmen dili 
türki diller maşgalasyna degişlidir. Dünýä dil biliminde diller genea-
logik taýdan aşakdaky toparlara bölünýär:

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   69   70   71   72   73   74   75   76   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling