Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Hödürlenilýän edebiýatlar
- Diliň hyzmatlary
- akkumulýatiw hyzmaty
Soraglar we ýumuş:
1. Diliň döreýşi baradaky dini garaýyşlary häsiýetlendiriň. 2. Diliň we dilleriň emele gelmeginde nähili tapawut bar? 3. Diliň emele gelmegi baradaky nazaryýetleriň nähili aýratynlyklary we kemçilikleri bar? Hödürlenilýän edebiýatlar: 1. Annanurow A. Dil biliminiň käbir meseleleri. Aşgabat, 1965. 2. Annanurow A. Dil biliminiň esaslary.I bölek. Aşgabat, 1971. 3. Норман Б.Ю. Теория языка. М., 2008. 4. Хроленко А.Т., Бондалетов В.Д. Теория языка. М., 2006. 109 Diliň hyzmatlary Diliň ýerine ýetirýän hyzmatlary dil biliminde anyk kesgitlenilen däldir. Dilçileriň arasynda bu düşünjäniň mazmunyny düşündirmekde bir pikire gelinmeýär. Lingwistika degişli işleriň birenteginde diliň hyzmaty hökmünde onuň esasy niýetlenilýän zady-kommunika- tiw (aragatnaşyk) hyzmaty öňe sürülýär. Bu pikiri rus dilçileri N.I.Zinkin, B.A.Serebrennikow we beýlekiler öz işlerinde yzygi- derli ösdürýärler. Diliň kommunikatiw hyzmaty häzirki zaman şertlerinde üç görnüşde ýüze çykýar: – dar çygra gönükdirilen aragatnaşyk – munda bir adamyň beýle- ki bir adam bilen aragatnaşygy göz öňünde tutulýar, dilden ýa-da ýaz- maça görnüşinde alnyp barylýan dialog; – giň çygra gönükdirilen aragatnaşyk − bir adamyň adamlaryň uly toparyna gönüden-göni ýüzlenmegi (sapak, umumy okuw, ýyg- naklar we ş.m.); – köpçülikleýin atagatnaşyk − adamyň telewideniýäniň, radionyň, gazetiň üsti bilen görünmeýän köpçülige ýüzlenmesi. Diliň beýleki bir hyzmaty onuň ekspressiw (duýgy bildiriş) hyzmatydyr. Bu hyzmat esasan, sözleýjiniň özüne degişlidir. Sebä- bi, sözleýji diliň bu hyzmatyndan peýdalanyp özüniň haýsydyr bir duýgusyny beýan edýär. Mundan başga-da diliň daş-töwreregimizi gurşap alýan zatlary atlandyrmak hyzmaty − nominatiw hyzmaty hem bardyr. Biz gözümiz bilen görýän, haýsydyr bir duýgymyz bi- len duýýan zatlarymyzyň hemmesine sözleri ulanyp at dakýarys. Adamzadyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda gazanan tejribeleri, yl- my-bilimi sözlerde, ýazuw görnüşinde toplanýar. Diliň toplap sak- laýjylyk hyzmatyna onuň akkumulýatiw hyzmaty diýilýär. Biz akkumulýatiw hyzmatyň kömegi bilen gadymy döwürlerden gelýän halk döredijilik eserlerimizi, akyldarlarymyzyň döreden ylmy işlerini, eserlerini, şahyrlarymyzyň goşgularyny nesilden-nesle geçirýäris. Diliň mundan başga-da (öwrenijilik) hyzmaty hem bardyr. Adam dil arkaly beýleki adamlaryň, öňki nesilleriň dünýä akyl ýetirmesiniň ne- tijeleri bilen tanyşýar. Diliň bu özboluşlylygy adamlaryň okuw mek- deplerinde bilim almaklaryny üpjün edýär. 110 Bu hyzmatlar sözleýşiň aýratyn ýagdaýlarynda emele gelýär. Olary diliň kommunikatiw hyzmatynyň hususy ýagdaýlarda ýüze çykmagy hökmünde kabul edip bolar. Dil guraldyr. Guralyň esasy hyzmaty, niýetlenilýän zady bolýar. Ýöne şol guraly niýetlenilmedik zady üçin, zerurlyk bolan ýerinde başga ýagdaýlarda hem ulanmak bolar. Meselem, paltanyň esasy hyzmaty nämedir bir zady çapmak. Ýöne, ony çüý kakmak, agyrlyk üçin ulanmak, gapynyň açylmaz- lygy üçin söýäp goýmak ýaly işlerde hem ulanyp bolar. Şunuň ýaly, diliň esasy hyzmaty aragatnaşykdyr, onuň beýleki esasy däl hyz- matlary bellibir aragatnaşyk şertlerinde aragatnaşyk hyzmatynyň takyklaşdyrylan görnüşidir. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling