Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Ümlükler nazaryýeti.
1. Sese öýkünme nazaryýeti. Bu nazaryýet diliň emele gelme-
gi barada öňe sürlen ilkinji nazaryýetleriň biridir. Ol b.e.öň V–IV asyrlarda gadymy Gresiýada ýaýrapdyr. Sese öýkünme nazaryýetine laýyklykda, ilkinji adamlaryň eşidýän seslerine görä ses çykarmak- lary netijesinde dil emele gelipdir. Adam gören zadyny başga bir adama habar bermek üçin şol zadyň çykarýan sesini gaýtalap görke- zipdir, meselem, goýun görendigini mälim etmek üçin kellesini aşak egip mäläpdir, it görendigini habar bermek üçin kellesini ýokary tutup üýrüpdir, gurt görende uwlapdyr, öküz görende molapdyr, şeýlelikde, ähli haýwanlaryň, guşlaryň tebigy hadysalaryň seslerini öwrenipdir. Sese öýkünme nazaryýetiniň tarapdarlarynyň pikiriçe, gaýtalanma- gy öwrenilen sesler soňlugy bilen birleşip sözlere öwrülipdir. Diliň beýleki sözleri hem şol sözlerden ýasalypdyr. Bu nazaryýetiň esasynda diliň emele gelmändigini tassyklaýan birnäçe subutnamalar bar: 1. Häzirki zaman dilleriniň leksikasynyň etimologik barlaglary dillerdäki öýkünme sözleriniň örän azdygyny görkezýär. 104 2. Biziň daş-töweregimizi gurşap alýan maddy barlygyň biren- tegi ses çykarmaga, ses döretmäge ukyply däldir. Şol sebäpden hem, olaryň adyny sese öýkünme bilen düşündirip bolmaýar. 3. Dildäki öýkünme sözler-gagyldy, uwwuldy, şarryldy we ş.m. adamyň durmuşynda zerur bolmadyk sözlerdir. 4. Käbir dilleriň leksikasynyň ylmy derňewleriniň görkezmegine görä, öýkünme sözler diliň ösüşiniň söňky döwürlerine degişlidir. 5. Diliň sözlük düzüminiň esasy sözlerini asyl sözler tutýar, olaryň bolsa, öýkünme sözler bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur. 6. Dunýä dillerinde ulanylýan öýkünme sözleriniň ses düzümi birmeňzeş däl. Itiň üýrmegi, atyň kişňemegi, suwuň şaggyldysy her dilde başgaça aňladylýar. Sunuň ýaly kemçilikleriniň bardygyna garamazdan, sese öýkün- me nazaryýeti XVII asyryň başlaryndan başlap has giňden ýaýrapdyr. XVIII asyryň başynda nemes filosoflary bu nazaryýetiň ýörelgelerini goldap çykyş edipdirler hem-de diliň sese öýkünme netijesinde emele gelendigini subut etmäge çalşypdyrlar. Häzirki döwürde-de birentek dilçiler we filosoflar diliň döremeginiň esasynda sese öýkünmäniň ýa- tandygyny tassyklaýarlar. 2. Ümlükler nazaryýeti. Diliň emele gelmeginde ümlükler nazaryýetiniň öňe sürülmegi hem gadymy Gresiýada ýüze çykypdyr. Bu nazaryýeti esaslandyryjylar Epikuryň tarapdarlarydyr. Ümlükler nazaryýetine laýyklykda, dil adamlaryň agyry, gorky, geň galmak, begenç, gynanç we ş.m. netijesinde çykarýan duýgy aňladýan seslerinden emele gelipdir. Şu nazaryýete görä, adamlar öz ahwallaryny: begenjini, gynanjyny, şatlygyny beýleki adamlara üm- lükler arkaly beýan edipdirler, hem-de olara bellibir manylary berip- dirler. Soň olardan täze-täze sözler döräpdir hem-de dil emele gelipdir. Bu nazaryýetiň tarapdarlary başga-da bir gyzykly pikiri öňe sürüpdir- ler. Olaryň pikiriçe inçe sesli ümlükler begenç bilen bagly duýgyny, Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling