Umumy dil bilimi
LINGWOETIKA AGZEKI SÖZLEÝŞIŇ ETIKASY
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Soraglar we ýumuş
- Diliň emele gelmegi. Glottogenez
- Hindistanda, Hytaýda, Müsürde, Wawilonda, Eýranda, Gresiýada
LINGWOETIKA
AGZEKI SÖZLEÝŞIŇ ETIKASY ÝAZUW SÖZLEÝŞIŇ ETIKASY Sözleýjiniň eti- kasy Diňleýjiniň etikasy Ýazýanyň eti- kasy Okaýanyň eti- kasy 100 Lingwoetikanyň görkezilen bölümleriniň her biri degişlilikde sözleýjiniň, diňleýjiniň, ýazýanyň, okaýanyň sözleýiş kadalaryny öwrenýär. Dürs ýazuw, dyngy belgiler düzgünleri ýazýanyň etiketine degişlidir. Labyzlylyk, takyklyk, yzygiderlilik bolsa, agzeki sözleýşiň etikasyna girýär. Ýazuw sözleýşiniň düzgünleri mekdeplerde mydama öwredi- lip gelnen bolsa, sözleýiş medeniýeti soňky döwürlerde döredi. XX asyryň 80-nji ýyllaryndan başlap ýokary okuw mekdepleriniň dil we edebiýat bölümlerinde sözleýiş medeniýeti öwredilip başlandy. Hä- zirki wagtda lingwoetikanyň ulanylyş çägi has-da giňelýär. Soraglar we ýumuş: 1. Dil biliminiň ylmy-pudaklaýyn gurluşynyň nähili bölümleri bar? 2. Ol bölümleriň her birini özüňizçe häsiýetlendiriň. 3. Diliň filosofiýasynyň nähili ugurlary bar? Hödürlenilýän edebiýatlar: 1. Норман Б.Ю. Теория языка. М., 2008. 2. Общее языкознание. Внутренняя структура языка. Под ред. Б.А. Серебренникова. М., 1972. 3. Попова З.Д., Стернин И.А, Общее языкознание. М., 2007. Diliň emele gelmegi. Glottogenez Gadymy döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekýän meseleleriň biri hem diliň döreýşi-golottogenez meselesidir.Halk döredijiliginiň dürli eserlerinde, çeper we ylmy edebiýatlarda diliň emele gelşi bilen baglanyşykly dürli pikirler aýdylypdyr. Bu pikirleriň käbirleri sada, käbirleri bolsa belli bir ylmy garaýyşlara esaslanýar. Biziň eýýamymyzdan öňki müňýyllyklarda gadymy Hindistanda, Hytaýda, Müsürde, Wawilonda, Eýranda, Gresiýada ýaýran ro- waýatlarda, goşgularda, ertekilerde dil keramatly zat hökmünde gör- lüp, ony beýik Ýaradyjynyň ýaradyp, öz tabynlygyndakylara sowgat hökmünde berendigi aýdylýar. Ýer ýüzüniň dürli künjeginde ýaşaýan halklaryň dini ynançlary- nyň taryhynda hem diliň döreýşi bilen baglanyşykly köpsanly çakla- malara, aýtgylara duş gelmek bolýar. Dünýä dinleriniň ählisinde diýen 101 ýaly, diliň gelip çykyşyna degişli pikirler bar. Biziň eýýamymyzdan öňki döwürde ýewreý dilinde ýazylan gadymy dini kitapda dünýäniň nähili ýaradylandygy, adamlaryň nähili dörändigi bilen baglanyşykly, diliň gelip çykyşyna, ýaýraýşyna degişli maglumatlar hem bar. Bu ki- tapda aýdylyşyna görä, Hudaý ýagty wagty «gündiz», garaňky wagty «gije», suwuň üýşen ýerini «deňiz» diýip atlandyrypdyr. Soňra Hudaý bütin haýwanlary hem-de guşlary toprakdan ýaradypdyr, ilkinji ynsan bolan Adamy jana getiripdir. Adam bolsa, Ýer ýüzündäki haýwan- lara, guşlara, ösümliklere hem-de gaýry zatlara at dakypdyr. Ýöne, bu kitapda Adamyň bütin barlyga at goýanda haýsy dilde gepländi- gi, ol atlaryň haýsy dilde goýlandygy barada maglumat berilmeýär (A.Gurbanow. Umumy dilçilik, Baku 1977, 210 sah.). Diliň döreýşi bilen baglanyşykly başga bir kitapda her bir diliň öz Hudaýy bar diýlip hasaplanylýar. Ol Hudaý şol halkyň dilini döre- dipdir, şeýle-de adamlaryň arasyndaky gepleşigi öwredipdir. Gadymy müsürliler özleri üçin diliň Hudaýy diýip, Totuny, gadymy grekler Prometeýi hasap edipdirler. XIV asyrda ýaşap geçen beýik türkmen alymy Nasyred- Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling