Umumy dil bilimi


biolingwistikasy, sözleýşiň biolingwistikasy, beýniniň bioling-


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet62/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   58   59   60   61   62   63   64   65   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

biolingwistikasy, sözleýşiň biolingwistikasy, beýniniň bioling-
wistikasy bölümlerine bölünýär. Gepleýiş işiniň biologik esaslary 
fonetikanyň aýratyn bölümlerinde derňelýär. 
Eşidişiň biolingwistikasy. Adamyň gulagy üç sany esasy bölü-
me – gulak ýelkeninden hem-de daşky eşidiş ötüginden ybarat bolan 
daşky gulaga, çekiçjigiň, üzeňňiniň we sandalyň ýerleşýän ýerindä-
ki ortaky gulaga, reňksiz (limfatik) suwuklykdan doly içki gulaga 
bölünýär. Ses tolkuny daşky gulakdan deprek perdeleriniň (olar ses 
organlaryny has gaty seslerden goraýar) üsti arkaly ortaky gulaga 
ugradylýar. Ortaky gulakdan sesler çekiçjigiň, üzeňňiniň, sandalyň 
kömegi arkaly içki gulaga, ondan soňra bolsa, beýniniň eşidiş merke-
zine geçirilýär. Netijede, sesiň kabul edilişi amala aşyrylýar.
Sözleýşiň biolingwistikasy. Gepleýiş seslerini hasyl edýän gep 
organlary kömekçi we esasy organlara bölünýär. Olaryň birinjisine 
öýken, bokurdak şahalary (bonha), bokurdak (traheýa) degişlidir. 
Bu organlaryň wezipesi sesleri emele getirmek üçin zerur bolan howa 
akymyny esasy gep organlaryna gönükdirmekden ybaratdyr. Esasy 
gep organlaryna bogaz, bokurdak, agyz we burun girýär. Bogaz ýüzük 


96
şekilli, galkan şekilli susak şekilli kitirdewüklerden hem-de owaz per-
delerinden ybaratdyr. Owaz perdelerini bogazyň içinde gerlip duran 
iki sany ýorka emele getirýär. Dymyk çekimsizler aýdylanda ýorkalar 
gowşaýar, çekimliler we açyk çekimsizler aýdylanda bolsa, olar tit-
räp, bu sesleriň döreýiş çeşmelerini emele getirýärler.
Bokurdagyň wezipesi howa akymyny agyz ýa-da burun 
boşlugyna gönükdirmekdir. Haçanda kentlewük perdesi ýokary ga-
landa howa akymy agza gönükýär. Burun sesleri öýkenden gelýän 
howa akymynyň bellibir böleginiň burun boşlugyna gitmeginden 
hasyl bolýar. Agyzda ses emele getirmekde esasy hyzmaty dil ýeri-
ne ýetirýär. Sözleýjiniň emele getirýän sesleriniň köpdürliligi diliň 
öňe-yza, aşak-ýokary hereket etmegine hem köp derejede baglydyr.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   58   59   60   61   62   63   64   65   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling