Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Lingwoetika
Lingwokulturologiýanyň (lingwistik medeniýeti öwrenişiň)
bölümleriniň her biri lingwistikanyň hem-de medeniýeti öwrenişiň sepgidinde durýar. Lingwistik dini öwreniş lingwokulturologiýanyň esasy bölümleriniň biri bolmak bilen, dil biliminiň we dini öwrenişiň (teologiýanyň) arasyndaky aralyk ýagdaýy eýeleýär. Ol diliň döreýşindäki mifologik garaýyşlar, diliň jadyly güýji, adatdan daşary hyzmatlary baradaky meseleleri derňeýär. Lingwistik sungaty öwreniş sungatyň dile gatnaşygy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenýär. Ol dil biliminiň we sungaty öwrenişiň arasyndaky garyşyk ýagdaýy eýeleýän hem bolsa, ede- 99 biýaty öwreniş ylmy bu ugruň esasyny tutýar. Lingwistik sungaty öwrenişiň ylymlaryň arasyndaky ýagdaýy onuň düýbünden özbaşdak ylym hökmünde kemala gelmegine päsgel berýär. Onuň meselelerine poetikanyň (şygryýetiň), stilistikanyň we beýleki filologik ugurlaryň çäklerinde seredilýär. Lingwistik sungaty öwrenişi aýratyn ylym hökmünde bölüp aýyrmaga synanyşyga ilkinji gezek meşhur rus dil- çisi W.W.Winogradowyň «О языке художественной литературы» (M., 1959) kitabynda duş gelmek bolýar. Lingwistik sungaty öwrenişiň aýratynlyklaryny göz öňünde tu- tup, onuň meselelerini şeýle görnüşde kesgitlemek bolar: ol çeper edebiýatyň diliniň aýratyn ýazyjynyň diline, şeýle-de dürli edebi akymlaryň (klassisizmiň, romantizmiň, simwolizmiň we ş.m.) diline bolan gatnaşygy bilen baglanyşykly wezipeleri öwrenmegi maksat edinýär. Bu ylmyň materialy ilkinji nobatda çeper döredijilikdir. Lingwoetika (sözleýiş medeniýeti) etikanyň we oňa diliň gatnaşygy hakyndaky meseleler bilen gyzyklanýar. Etika – edep- -terbiýe we onuň esaslary hakyndaky filosofik taglymat, ahlak, edep- -terbiýe özüňi alyp barşyň kadalarydyr (Türkmen diliniň sözlügi, Aşgabat, 1962, 821 sah.). Bu ylmyň örän gadymy taryhy bar. Haýsydyr bir zada dogry çemeleşmek bilen baglanyşyklylykda dürli etiki düzgünler döreýär. Lingwoetika dile dogry çemeleşmek hakyndaky ylymdyr. Dogry çemeleşmek düşünjesine kadalaryň tutuş bir toplumy degişli bolýar. Adam olaryň kömegi arkaly daşky dünýä bilen gatnaşygyny sazlaşdyrýar. Jemgyýetçilik durmuşynda adamyň adama ahlak gatnaşyklarynyň meseleleri bilen meşgullanýan içki eti- ka uly ähmiýete eýe bolýar. Mähribanlyk, akgöwünlilik, söýgi içki etikanyň esasy kadalarydyr. Olar jemgyýetçilik ahlagynyň esasyny düzýär. Biz lingwoetikanyň gurluşyny şeýle görnüşde görkezip bileris: Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling