Umumy dil bilimi
Hödürlenilýän edebiýatlar
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Edebi diliň stilleri
- Resmi-iş stili
Hödürlenilýän edebiýatlar:
1. Azymow P. Türkmen diliniň meseleleri. Aşgabat, 1969. 2. Amansaryýew J. Türkmen dialektologiýasy. Aşgabat, 1970. 3. Çöňňäýew Ý. Häzirki zaman türkmen dili. Aşgabat, 1988. 4. Nartyýew N. Türkmen dialektologiýasynyň esaslary.Çärjew, 1994. 5. Вендина Т.И. Введение в языкознание. М., 2008. Edebi diliň stilleri Öňde belläp geçişimiz ýaly, diliň iň kämil görnüşi edebi dil- dir. Ýöne edebi dil hem öz gezeginde adamyň durmuşynda ulanylyş aýratynlygy, niýetlenilişi boýunça dürli toparlara bölünýär. Ýazuw dili üçin, esasan, dört: ylmy, resmi-iş, gazet-publisistik, çeper ede- biýat, agzeki gepleşik üçin janly gepleýiş stili öňe sürülýär. Şeýle-de aralyk ýagdaýlar hem bolup bilýär. Meselem, ylmy-populýar ede- biýatlarda ylmy we çeper edebiýat stilleriniň aralyklary ulanylýar. Her bir stil sözleri we grammatik aýratynlyklary babatdan tapawut- lanýar, janly gepleýiş stili mundan başga-da aýdylyş äheňi tarapyndan hem birmeňzeş däldir. Ylmy stil duýgy bildirmeýändigi we takyklygy bilen tapawut- lanýar. Sözler ylmy stilde diňe göni manyda ulanylýar, mundan başga-da onda ýörite adalgalar köp bolýar. Ylmy stiliň sözlemleriniň gurluşy çylşyrymly bolup, tekst baplara , paragraflara, abzaslara takyk bölünýär. Bu stiliň häsiýetli aýratynlyklarynyň ýene biri, onda «biziň pikiri- mizçe», «bize mälim bolşuna görä», «hakykata laýyk gelýär» we ş.m. ýaly söz düzümleriniň köp ulanylýandygydyr. Türkmen diliniň ylmy stilinde «men» at çalyşmasyny ulanmakdan gaça durulýar. Onuň ýe- rine, adatça, köplük manysyna garamazdan, «biz» at çalyşmasy ula- nylýar. Türkmen diliniň ylmy stilinde «meniň pikirimçe» diýen söz düzümine seýrek gabat gelinýär, onuň deregine «bize mälim bolşy ýaly» we ş.m. söz düzümleri ulanylýar. 124 Resmi-iş stili ylmy stil ýaly, maglumatlary bermekde takyklygy, sözleriň göni manyda ulanylýandygy bilen häsiýetlidir. Bu stil edebi diliň stilleriniň arasynda has standartlaşdyrylan stil hökmünde bellidir: resminamalar hökümet edaralary tarapyndan tassyklanylan görnüşler esasynda düzülýär. Resmi-iş stiliniň aýratyn taraplarynyň biri onda «siziň dykgatyňyza ýetirýäris», «haýyş edýäris», «laýyklykda», «esasynda» ýaly sözleriň hem-de söz düzümleriniň köp ulanylmagydyr. Resmi-iş stiliniň, şeýle-de ylmy stiliň tas ýeke-täk diýen ýaly hyz- maty, haýsydyr bir maglumaty takyk habar bermekdir. Bulardan ta- pawutlylykda, gazet-publisistik we çeper edebiýat stili okyjyda duýgy döretmek, duýgusyny oýarmak hyzmatyny hem ýerine ýetirýär. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling