Umumy dil bilimi
Hödürlenilýän edebiýatlar
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Dil we medeniýet
Hödürlenilýän edebiýatlar:
1. Ахманова О. С. Словарь лингвистических терминов. М., 1966. 2. Баранникова Л. И. Введение в языкознание. Саратов, 1973. 3. Березин Ф. М. История лингвистических учений. М., 1975. 4. Вендина Т.И. Введение в языкознание. М., 2008. Dil we medeniýet «Dil we medeniýet» meselesi köptaraplydyr. Oňa medeniýetiň taryhyny öwreniji, dilçi, filosof, psiholog, etnograf we edebiýaty öwreniji dürli nukdaýnazardan çemeleşýär. Ýöne medeniýete dil bi- limi tarapyndan çemeleşiş ikitaraplaýyn bolandygy üçin, dil we me- deniýet özara baglanyşygy saklaýar. Bir tarapdan medeniýetde bo- lup geçýän özgerişlikler dile täsir edýär, beýleki tarapdan bolsa dil medeniýete täsir edýär. Ýöne, ilkinji nobatda «dil» we «medeniýet» düşünjeleriniň gatnaşygy hakyndaky mesele berk kanuny esaslara daýanýar. Latyn dilindäki cultura (colo- gaýtadan işlemek, bejermek, ýeri işläp bejermek) ýabany ösümliklerden tapawutlylykda, adamyň zähmeti bilen ösdürip ýetişdirmegi aňladýar. Medeniýet adamlaryň işjeňliginiň netijesi däl-de, sosial (durmuşy) önümdir. Dil bol- sa medeniýetiň hem-de tebigatyň önümi hökmünde çykyş edýär. Beýleki bir tarapdan dil adamzatyň durmuşy taryhynyň ýeten beýik üstünligidir, ol medeniýetiň bir bölegi we onuň guraly bolup çykyş edýär. Ýöne, beýleki tarapdan, bar bolan dil gurluşlarynyň häsiýet- lerinde, diliň materiýasynyň özünde adamyň biologik tebigaty şöhlelenýär. Bu ýerde gepleýiş işiniň fiziologik we psihofiziologik mümkinçilikleriniň köpüsi kesgitlenilendir. Dünýä dilleriniň ähli- sinde çekimli we çekimsiz sesleriň bolmagy çekimlileri hem-de çe- kimsizleri gezekleşdirmek arkaly ses zynjyrynyň emele getirilmegi medeniýet arkaly şertlendirilen däldir, ol tebigatyň işidir. Adam diňe çekimlilerden ýa-da diňe çekimsizlerden ybarat bolan gepleýşi amala aşyrmaga, şeýle-de kabul etmäge ukyply däldir. Adamyň belliklere ygtyýar etmek işiniň psihofiziologik mümkinçilikleri diliň derejeleýin gurluşynda şertlendirilendir. Häzir diliň käbir derejeleriniň mukdar 139 çäkleri kesgitlenildi, meselem, fonologik ulgamyň möçberi dürli dil- lerde 10-dan 100 birlige çenli aralykda üýtgeýär, sözleriň möçberi dile laýyklykda 5-10 müňden ýarym milliona çenli aralykdadyr. Tebi- gat şunuň ýaly görnüşde diliň belli bir çäkleriniň gurluşyny, kanuna- laýyklyklaryny kesgitleýär. Medeniýet bellikler ulgamynyň mazmun planyny belleýär. Şuňa laýyklykda her bir medeniýetde millilik we halkara täsirler, her bir diliň semantikasynda umumadamzat medeniýetiniň umumylyklary, şeýle- de anyk alnan halkyň özboluşly medeniýetiniň şöhlelenmeleri bolýar. Medeniýetiň dile täsiriniň häsiýetleri we görnüşleri özboluşly mede- niýet bilen şertlendirilen dilleriň başga diller bilen deňeşdirilmesinde aýdyň görünýär. Şeýle görnüşdäki tapawutlar daşky hakykat bilen gönüden-göni baglanyşykly nominatiw dil serişdelerinde, frazeologiýada, leksika- da aýdyň görünýär. Islendik dilde we şiwede bir söz bilen beýleki dile terjime edip bolmaýan sözler bardyr. Bular ekwiwalentsiz sözler diýlip atlandyrylýar. Ekwiwalentsiz sözler, esasan, ýerli medeniýetiň özboluşly hadysalary bellenilende döreýär. Eger ekwiwalentsiz söz- ler başga bir dile geçen ýagdaýynda, olar ekzotik sözler diýlip at- landyrylýar (bu hakynda «Dil täsirleri» atly temamyzda durup geçip- dik). Ekzotizmler we etnografizmler diňe bir ýat, alynma medeniýeti düşündirmek, açyp görkezmek bilen çäklenmän, şol medeniýetiň simwoly (nyşany) bolýar. Meselem, eskwaýr, spiker, kriket, şilling Angliýany, gyşlak, aryk, daýhan, manat Gündogary, Orta Aziýa me- deniýetini, sakura, ikebana, sake milli ýapon medeniýetini, baz, ku- ren, maýdan, priwda don kazaklaryny janlandyrýar. Medeniýetiň dile täsiri edebi dilleriň tipologik aýratynlyklarynda aýdyň ýüze çykýar. Edebi dil bilen edebi dil derejesine ýetmedik diliň gatnaşygy, dil serişdeleriniň funksional differensiasiýasy (hyzmatyň aýrabaşgalaşmagy) jemgyýetiň medeni taryhynyň barşynda, ýazuwyň, edebiýatyň, döwletiň, mekdebiň, dünýägaraýşyň taryhynda kesgitlenýär. Halkyň medeniýetiniň onuň edebi diliniň kada-stilistik ulgamynyň tipologik aýratynlygyna täsir etmegi medeniýetiň sözlüge täsirine garanyňda has çuň häsiýte eýedir. Eger sözlük medeniýetiň aýnasy bolsa, kada-stilistik ulgam onuň rentgen arkaly düşürilen su- ratydyr. Leksikanyň arkasynda zatlaryň we hadysalaryň dünýäsi dur, 140 sözler zatlar hem-de hadysalar bilen bagly, olar jemgyýetiň medeni şekiliniň ýüzleý söhlelendirilmesidir. Stilistika medeniýetiň gurluş aýratynlyklarynyň dil arkaly suratlandyrylmagydyr. Medeniýetiň dile täsir etmegi dürli medeniýetlerde gepleýşiň dowamyndaky özboluşlylygy ýüze çykarýar. Bu leksikanyň we grammatikanyň käbir aýratynlyklarynda, şeýle-de diliň kada-stilistik düzgünlerinde göze ilýär. Her bir medeniýetde adamyň özüni alyp barşy ýüze çykýan ýagdaýa baglylykda sazlaşdyrylýar. Durmuşyň dürli ýagdaýlaryna laýyk gelýän gepleýiş, dil serişdeleriniň toplumy döredilýär. Gepleýşiň tutuş mazmuny, gepleýiş tertibi jemgyýetiň medeni däplerine görä kesgitlenýär. Dürli halklarda, şol bir ýag- daýlarda (meselem, är-aýalyň, ogul bilen kakanyň, mugallym bilen okuwçynyň, myhman bilen öý eýesiniň, başlyk bilen işgäriniň we ş.m) gepleýşiň stilistik aýratynlygy ýüze çykýar. Bir medeniýetde çagalary bilen ene-atasynyň gepleşigi düýpli stilistik tapawuda eýe- dir (hormat goýmagyň ýörite görnüşleri, tabynlygyň, sadyklygyň bildirilmegi, ene-ata «siz» diýlip ýüzlenilmegi we ş.m.), beýleki bir halkda bolsa bu gepleşik doly derejede «deňhukuklyk» ýörelgelerine esaslanýar. Gündogar halklarynyň milli medenýetlerinde aýalynyň adamysyna ýüzlenilmegi kiçiniň ula ýüzlenmegi ýaly hormata eýe- dir. Seýlelikde, medeniýetiň dile täsiri, birinjiden, diliň sözleriniň milli-medeni özboluşlylygynda, ikinjiden, diliň kada-stilistik aýratynlygynda, üçünjiden gepleýşiň özboluşlylygynda hem-de onuň bilen baglanyşykly leksik, grammatik hadysalarda ýüze çykýar. Diliň we medeniýetiň baglanyşygy has giň hem-de dürli ýag- daýlary öz içine alýar. Halkyň medeniýetiniň dil kadalarynyň ösüşine täsir edýän möhüm pursatlary jemgyýetçilik işgärleriniň, alymlaryň, ýazyjylaryň işlerinde şöhlelenýär. Täze edebi dilleriň ösüşi häzire çenli kada grammatikalarynyň, sözlükleriň, dürs ýazuw düzgünleriniň düzülmegini talap edýär, medeni aň-bilim işleri sözleýiş medeniýe- tini, edebi kadalaryň ýaýramagyny, tassyklanmagyny zerur düzüm hökmünde özüne birikdirýär. Edebi kadalaryň döremeginde hem-de ösmeginde sungat işgärlerine we ýazyjylara ägirt uly rol degişlidir. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling