Umumy dil bilimi


lingwany (1903 ý), oksidentaly


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet88/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   84   85   86   87   88   89   90   91   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

lingwany (1903 ý), oksidentaly (1922 ý), ido dilini (1907 ý), nowi-
aly (1928 ý) hem goşmak bolar. Ýöne bular hem giňden ýaýramady-
lar.
Şu wagta çenli bar bolan emeli dilleriň arasynda diňe esperanto 
wagtlaýyn halkara aragatnaşyk serişdesi bolmaga hakyky mümkinçi-
lik aldy. 
Halkara emeli dili döretmäge edilen synanyşyklar bilen bilelikde, 
hatyň halkara ulgamyny döretmäge hem birnäçe gezek synanyşyklar 
edilipdir. Onuň kömegi bilen islendik dilde okap boljak tekstleri 
döretmek mümkindir. Hatyň şunuň ýaly ulgamy pazigrafiýa diýlip 
atlandyrylýar. Pazigrafiýa mysal hökmünde gollandiýaly K.Ýansen 
tarapyndan döredilen surat ýazuwy-piktony görkezmek bolar. Ine şol 
hatyň käbir belgileri: : ⌂ «öý», Λ «gitmek», ∞ «geplemek», ♥ «söý-
mek», I «men, maňa, meni», II «sen, saňa, seni», III «ol, oňa, ony», 
•□ «öňünden», □• «ýzyndan», |-«bolmak» işligi häzirki zamanda, 
•|-«bolmak» işligi öten zamanda, |–• «bolmak» işligi geljek zamanda, 
|+ «özüňe almak, edinmek», Ō «şäher”.
Mundan başga-da, şunuň ýaly çylşyrymly bolmadyk surat ul-
gamy arkaly köpsanly san pazigrafiýasy hem döredilipdir, onda her 
bir söz belli bir sanlaryň toplumy arkaly belgilenilipdir. Surat pazigra-
fiýasy-da, san pazigrafiýasy-da giňden ýaýramandyr. Pazigrafiýanyň 
ulanylýan görnüşi hökmünde arap we rim sanlaryny mysal getirmek 
mümkindir. Olar ähli dillerde şol bir manyny aňladýar. 
Soraglar we ýumuş:
1. Araçy dileriň hyzmatyny düşündiriň. 
2. Taryhyň dürli döwürlerinde Ýewropada haýsy diller araçy dil 
hökmünde hyzmat edipdirler? 
3. Gündogarda araçy dil hökmünde haýsy dil hyzmat edipdir? 
4. Haçan we kim tarapyndan halkara emeli dil döretmäge ilkinji gezek 
synanyşyk edilipdir? 
5. Haýsy emeli dil ilkinji gezek hakyky halkara aragatnaşyk serişdesi 
hökmünde ulanylypdyr? 
6. Häzirki döwürde emeli dilleriň haýsysy has giňden ýaýrandyr?
7. Pazigrafiýa diýlip nämä aýdylýar? 


138

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   84   85   86   87   88   89   90   91   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling