Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- L.S.Wygotskiý
- Ronald Langacker
- I.P.Pawlowyň
Dil we pikirlenme
Dil we pikirlenme dil biliminiň nazaryýetiniň çylşyrymly hem je- delli meseleleriniň biridir. Dil hakyndaky ylmyň taryhynyň dürli döwür- lerinde bu mesele dürlüçe çözülipdir. Dil we pikirlenmäniň biri-birine gatnaşygy babatda iň gadymy filosoflardan häzirki döwrüň dilçi hem filosof alymlaryna çenli aralykda düýpli ylmy işler edilipdir. Gadymy grek akyldary Platon pikirlenmä hem-de sözleýşe bir zat hökmünde garap, içiňden (sessiz) sözlemegiň – ruhuň daşa ses çykarman, diňe öz- -özi bilen gürleşmegidigini belläpdir (Dogan Aksan. Her yönüyle dil, Ankara, 2007, 53 sah.). Dil bilen pikirlenme barada häzirki döwre çenli edilen işlerde dürli garaýyşlara, pikirlere duş gelmek bolýar. Alymlaryň bir topary Platon ýaly pikirlenmäniň we diliň arasynda tapawut goý- maýarlar. Meselem, görnükli psiholog L.S.Wygotskiý pikirlenmäniň hem diliň gatnaşygyny ýörite formula bilen berýär: PIKIRLENME=DIL-SES Dilçi Andre Martinet bolsa doly, durnukly ýagdaýa geçen pikiriň diňe dil arkalay hasyl edilip bilinjekdigini belläp, munuň jemgyýet bilen arabaglanyşygyna ünsi çekipdir. XIX asyryň dilçi- leri diliň we pikirlenmäniň biri-birinden tapawutlanýan iki işdigi, özbaşdak aýratynlyklara eýe bolan iki ruhy zähmetdigi baradaky pi- kiri goldapdyrlar. Dil biliminiň logiki ugrunyň wekilleri bu düşünjeleri birmeňzeş zat hasaplapdyrlar (wagta degişli bolmadyk hem-de ählumumy zat- lar laýyk gelmelidir diýen ýaly logiki kategoriýalar, olaryň pikiriçe uniwersal dil kategoriýalarydyr). Psihologik ugruň wekilleri bu me- seläni diliň pikirlenmä, pikirlenmäniň dile bolan gatnaşygyndaky agdyklyga esaslanyp, köpbasgançakly tekizlik boýunça çözmäge synanyşypdyrlar. Amerikan strukturalizminiň tarapdarlary bolsa diliň gurluşy pikirlenmäniň gurluşyny hem-de daşky dünýä akyl ýetirmegiň usullaryny kesgitleýär diýip çaklaýarlar. Häzirki zamanyň belli dilçileriniň biri bolan Ronald Langacker özüniň «Dil we gurluş» (Language and its Structure) atly kitabynda «Dil bilen pikiriň baglanyşygy nämeden ybarat, dil bolmasa pikirle- 143 nip bilerismi, pikirimiz dilimize görä laýyklykda döreýärmi?» ýaly soraglara ünsi çekip, pikire aňyň miwesi hökmünde garap, onuň dil- den tapawudynyň mese-mälim ýüze çykjakdygyny belleýär. Ol saz düzmek, heýkel ýasamak ýaly käbir işleri mysal getirip, kähalatlarda pikirimizi aňladyp biljek sözüň tapylmaýan ýagdaýyny-da ýatladýar we eger dilsiz pikirlenip bilmeýän bolsak, şeýle meseläniň ýüze çykyp bilmeýändigini aýdyp, pikiriň dilsiz emele gelip biljekdigini nyg- taýar. Seýle-de bolsa, alym işiniň dowamynda pikirlerimiziň esasy böleginiň dilimiz bilen baglanyşyklydygyny tassyklaýar. Şunuň bilen birlikde-de, diliň hyzmatynyň, esasan, adalat, demokratiýa, erkinlik, söýgi ýaly abstrakt düşünjeleri aňlatmakda has zerurlygyny nygtaýar, ýagny «adalat» sözüniň «galam» ýaly predmeti görkezmeýändigini, ony aňlatmakda kynçylygyň dörejekdigine ünsümizi çekýär. Alym dil bilen pikiri biri-birinden tapawutlandyrsa-da, bu babatda birnäçe so- wala jogap bermekde kynçylyk çekýär. Bu meseläniň dürli çözgütlerine garamazdan, alymlaryň hem- mesi dil bilen pikirlenmäniň arasynda baglanyşygyň bardygyny, bu baglanyşygyň hili, tebigaty barada mesele ýüze çykanda, diliň hem- -de pikirlenmäniň tapawudynyň ýüze çykýandygyny belleýärler. Alymlaryň käbiri pikirlenmäniň mehanizmi dil bilen beýan edilýän belgilere bagly däl, dile garaşsyzlykda uniwersal predmet belgileri (pikir belgileri) arkaly aňladylýar diýip çaklaýarlar, birentek alym- lar bolsa, pikirlenmäniň mehanizmi dil bilen aýrylmaz baglanyşykly, dil bolmasa pikirlenme bolup bilmez, alymlaryň üçünji topary bolsa, pikirlenme söz bilen beýan edilip, şeýle-de beýan edilmän (duýgy ar- kaly) biler diýýärler . Pikirlenmäniň guraly dildir, şeýle-de beýleki dil ulgamlarydyr (matematiki we himiki formulalar ýa-da sungatdaky takyk şekiller). Dil belgiler ulgamy hökmünde pikirlenmäniň material daýanjydyr, ol pikirleri materiallaşdyrýar we maglumatlaryň alşylmagyny üpjün edýär. Eger pikirlenme hakykaty şöhlelendirýän bolsa, dil ony beýan edýär. Pikirlenme ideal (düşünje görnüşinde) bolsa, dil materialdyr (onuň hemme birlikleri sesler bilen örtülendir). Pikirde zat aýratynlygy (agram, dykyzlyk, göwrüm we ş.m.) bolmaýar. Diliň pikirlenme bilen baglanyşygy onuň kommunikatiw (aragatnaşyk) we kognitiw ( hakyky barlyk hakynda täze bilimleri almagyň serişdesi bolmakda öwreni- 144 jilik hyzmaty) hyzmatlarynyň ýüze çykmagyna mümkinçilik berýär, dil daşky dünýädäki hadysalar hem-de zatlar hakyndaky garaýyşlary diňe bir geçirmek bilen çäklenmän, eýsem, gurşap alýan dünýä bara- daky bilimlerimizi belli bir derejede tertibe salýar, bölümlere bölýär, aňymyzda berkidýär. Seýlelikde, dil bir tarapdan pikiri beýan etmegiň serişdesi, beýle- ki tarapdan bolsa, onuň emele gelmegi üçin gural bolup hyzmat edýär. Psihologiýa we psiholingwistika ugurlary boýunça soňky döwür- lerde edilen işler pikirlenmäniň diliň kömegi bolmasa hem ýüze çykyp biljekdigini subut etdi. Bu ýerde görkezme-duýgy şekilleri (suratkeşiň, heýkeltaraşyň, kompozitoryň görkezme-şekil pikirlen- meleri) göz öňünde tutulýar. Pikirlenmäniň we diliň taryhy ösüşiniň dowamynda olaryň özara täsiriniň häsiýetleri üýtgewsiz galmandyr, ýazuwyň ösmegi diliň pikir- lenmä bolan täsirini güýçlendiripdir, pikiri bezeýji serişde hökmünde diliň mümkinçilikleri giňelipdir. Pikiriň ösmegi hem dile öz täsirini ýetiripdir, sözleriň manysynyň giňemegi diliň leksik hem-de frazeo- logik düzümini artdyrypdyr. Pikirlenme akyl ýetiriş bilen hem baglanyşyklydyr. Şöhlelenme nazaryýetine laýyklykda, akyl ýetirişiň birinji basgançagy hakykaty duýgy arkaly kabul etmekdir. Adamyň duýgy agzalaryna täsir eden daşky dünýä adamda belli bir duýgyny döredýär. Daşky dünýäniň hadysalarynyň we predmetleriniň emele getiren duýgusy pikirlenme üçin material bolup, adamda predmet hakynda garaýyş peýda bolýar, onuň esasynda düşünje kemala gelýär. Ikinji basgançakda duýgy ar- kaly kabul edilen takyk predmet has anyklaşdyrylýar, ol hakyndaky düşünje görnüşe salynýar, ýagny söze öwrülýär. Adamzadyň ösüşiniň dürli döwürlerinde onuň dünýä hakyndaky bilimi birmeňzeş bolmaýar, şonuň üçin-de ösen dillerden hem halkyň ýönekeý pikirlenmesini görkezýän köpsanly sözleri tapmak mümkindir. Hindi-ýewropa dillerinde adamy – ýer, hudaýy – gök bilen aňlatmak düşünjesi bar, «Gün dogdy», «Gün ýaşdy» aňlatmalaryna laýy klykda, öňler Ýer däl-de, Gün Ýeriň daşyndan aýlanýar diýlip hasap edilipdir. Şöhlelenme nazaryýeti I.P.Pawlowyň iki duýduryş ulgamy ba- radaky garaýşy bilen ylalaşýar. Bu nazaryýetlere laýyklykda, adam dünýä akyl ýetirende iki duýduryş ulgamyndan peýdalanýar. Birin- |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling