Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet87/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   83   84   85   86   87   88   89   90   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

lapýukdyr. Grammatikasynyň çendenaşa kyndygy, çylşyrymlydygy 
bilen baglylykda wolapýuk dünýäde giň gerime eýe bolup bilmedi 
hem-de XX asyryň ortalarynda ulanylyşdan galdy.
Emeli dilleriň arasynda polýak lukmany L. M. Zamengof tara-
pyndan oýlanylyp tapylan esperantonyň ykbaly has oňat boldy. L.M. 
Zamengof öz döreden diliniň öwrenmek üçin mümkin boldugyça has 
ýönekeý hem-de ýeňil bolmagy babatda uly alada edipdir. Bu oňa 
aňryýany bilen başardypdyr. Esperantonyň dürs ýazuwy «bir ses-bir 
harp» ýörelgesine esaslanýar. Sözler ýazylyşy ýaly okalýar, her bir 
fonema latyn elipbiýiniň: a, b, c, ĉ (ç), d, e, f, g, ĝ (j), h (x), ĥ, i, j, ĵ 
(ž), k, l, m, n, o, p, r, s, š (ş), u, ŭ, v, z harplarynyň birine gabat gelýär. 
Basym sözüň iň soňky bognunyň öňündäki bogna düşýär.
Söz üýtgeýişde, forma we söz ýasalyşda ýönekeý birleşme ýörel-
gesinden ugur alynýar, esperanto köklerden hem-de goşulmalardan 
ybaratdyr. Bu dilde atlarda söz üýtgeýiş dört ýol bilen amala aşyrylýar, 
işlikleriň ýedi şekili bar. Söz toparlary hem-de şekiller forma ýasaýjy 
goşulmalar arkaly ýüze çykarylýar: eger söz o bilen gutarsa, ol atlara 
(feliĉo-bagt), a bilen gutarsa, sypatlara (feliĉa-bagtly), e bilen tamam-
lansa, hallara (mie-meniňçe) degişlidir. 
Dilde bary-ýogy 16 sany grammatiki kada we 40 töweregi suffiks 
hem-de predlog bardyr. Tebigy milli dillerden tapawutlylykda atlaryň 
hem-de işlikleriň ýöňkemede üýtgeýişleriniň birnäçe görnüşlerine 
duş gelýäris. Esperanto dilini öwrenmek üçin, adatça, birnäçe aý ge-
rek bolýar. 1887-nji ýylda bu dili dörediji tarapyndan esperanto dilin-
de ilkinji kitap «Lingvo internacia» («Halkara dil») çap edilýär.
Häzirki wagtda esperanto dilinde döredilen, terjime edilen çe-
per eserleriň ýeterlik mukdary bar, köpsanly gazetler we žurnallar (40 
töweregi döwürleýin neşir) çap edilýär, käbir ýurtlarda radiogepleşikler 
alnyp barylýar. Esperanto dili fransuz dili bilen bilelikde Halkara poç-
ta birleşmesiniň resmi dili hasaplanylýar.


137
Belli bir derejede ulanylyşa giren emeli dilleriň hataryna inter-

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   83   84   85   86   87   88   89   90   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling