Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
D.Dringer) bu ýazuwyň bir ýurtda, bir halk tarapyndan döredilen-
digini belleýärler. Munda, esasan, ideografik ýazuwyň müsür ýa- zuwyndan ýa-da şumer ýazuwyndan dörändigi göz öňünde tu- tulýar. W.Istrin ideografik ýazuwyň döremeginde müsür, hytaý, şumer ýazuwlarynyň her biriniň goşandynyň bardygyny belleýär. Gadymy döwürlerde ideografik ýazuw ulgamyndan Müsür- de, Şumerde, Hytaýda, Meksikada we käbir beýleki sebitlerde peý- dalanypdyrlar. Iň gadymy ideografik ýazuwlaryň biri müsür ýa- zuwydyr. Bu ýazuw b.e.öň Afrikada ýaşan halklaryň arasynda giňden ýaýrapdyr. Müsür ýazuwy piktografiýanyň esasynda döräpdir. Şoňa görä-de, ýazuwyň esasy bölegini şekiller-suratlar düzüpdir we bu su- ratlar zatlaryň, hereketleriň aňladylmagyna hyzmat edipdir. Öz görnüşi we häsiýeti boýunça hytaý ýazuwy hem ideogra- fik ýazuwlaryň iň kyn görnüşlerine degişlidir. Hytaý ýazuwyna düşünilmeginiň kynlygy onuň iýeroglifleriniň mukdarynyň örän köp- dügi we olaryň ýazylyşynyň çylşyrymlydygy bilen düşündirilýär. Hy- taý ýazuwy b.e.öň ýüze çykypdyr. Ol ýazuwyň dörän anyk taryhy en- tek ylym tarapyndan doly kesgitlenilenok. Arheologlaryň tapan ýüzi hatly süňkleri, pyşbaga çanaklary bu hatyň biziň eýýamymyzdan XV asyr öň hem ulanylandygyna şaýatlyk edýär. Hytaý ýazuwynda ýüzlerçe iýeroglifiň ulanylmagy onuň ýa- zuwyny kynlaşdyrýar. Mundan başga-da, iýeroglifleriň ýazuw düzgü- ni hem çylşyrymlydyr. Meselem, «adam» sözüni aňladýan iýeroglifiň ýeke özi ýazylanda – «adam» diýen manyny, iki gezek ýazylanda «ýola salmak», «yzyna düşmek» manylaryny berýär. Häzir dünýä halklarynyň birnäçesi ideografik ýazuwdan peýdalanýar. Sillabografik ýazuw. Bogunlaryň şertli belgiler arkaly görkezil- ýän ýazuwyna sillabografik (grekçe sullabe – bogun, basym, grap- ho – çekmek, ýazmak) ýa-da bogun ýazuwy diýilýär. Bu ýaz uw ulgamynyň talabyna laýyklykda dilde näçe bogun bolsa, şonça-da sillabogramma bolýar. 151 Sillabografik ýazuw ondan öňki ýazuwlarda hem ulanylypdyr. Ol ýazuwlarda ideogrammalar bilen bilelikde sillabogrammalar hem duş gelýär. Gadymy bogun belgileri şumer ýazuwynda emele gelipdir. Be- rilýän maglumatlara görä, şumerleriň ilki ýazuwy piktografik ýa- zuw bolsa-da, onuň belgileriniň arasynda bogun bellikleri-de duşýar. Şumer ýazuwy özüniň belgileri boýunça beýleki ýazuwlardan ta- pawutlanýar. Onuň belgileri myha meňzeşdir. Şonuň üçin-de, ol ýa- zuw belgileriniň görnüşine laýyklykda arapça – «mismary», parsça «myhy», türkmençe – «myh ýazuwy» atlandyrylýar. Taryhy maglumatlardan görnüşi ýaly, soňlugy bilen minoý, hindi we beýleki dilleriň bogun ýazuwyndaky hatlary emele gelipdir. Bo- gun ýazuwyny ulanýan dilleriň biri-de ýapon dilidir. Ýöne, ýapon ýa- zuwynda diňe bogun ýazuwy däl, eýsem, iýeroglifler-de ulanylýar, diýmek, ol garyşyk hatdyr. Häzirki zaman ýapon ýazuwynyň kata- Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling