Umumy dil bilimi
Ý. B. Şnister, N. A. Pawlenko, W. A. Istrin, D. Dringer
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
Ý. B. Şnister, N. A. Pawlenko, W. A. Istrin, D. Dringer ýaly alymlar
ýazuwyň taryhyna uly goşantlary goşdular. Häzirki döwürde hem ýazuwyň meseleleri barada düýpli ylmy işler alnyp barylýar. Indi alymlary ýazuwyň umumy meseleleriniň beýan edilişi bilen bilelikde aýry-aýry halklaryň ýazuwynyň eme- le gelşi baradaky meseleler-de gyzyklandyrýar. Ýazuwyň taryhy dünýä dil biliminiň, şol sanda türkmen dil biliminiň hem möhüm meseleleriniň biridir. Adamzat özüniň ösüş taryhynda ýüzlerçe şekilleri döredipdir, her bir şekil maksadyna hem-de wezipesine laýyklykda jemgyýetiň ösüşinde belli bir ähmiýete eýe bolupdyr. Ynsanyň döreden şekilleriniň içiinde iň gymmatlysy ýazuwdyr. Ýazuw görüş agzasy bilen kabul edilýän pikiriň beýan edilme- ginde esasy orunda durýan gepleýşe kömekçi bolan şekiller (çyzyklar, grafemalar) ulgamydyr. Ýazuwyň özüne mahsus aýratynlyklary bolýar. Gepleýiş diline kömekçi hökmünde emele gelendigi sebäpli, ýazuwy hiç wagt dilden aýry beýan etmek mümkin däldir. Mundan başga-da ol ýa-da beýleki pikiri gepleýiş dili arkaly başga birine ýe- tirmek mümkin bolmadyk ýagdaýda ýazuwyň kömegine bil baglamaly bolýar. Ýazuw uzak aralykdaky adamlaryň pikirlerini biri-birine ýe- tirýär, olaryň sözlerini, pikirlerini, düşünjelerini taryhyň dowamynda saklap, geljekki nesillere ýetirýär. Seýle-de ýazuw şekilleriň ul- gamyndan ybarat bolup, şertli şekiller arkaly ýazylyp, görüş agzamyz arkaly okalýar. Ýazuw adamlaryň medeni durmuşynda gazanan üstünliklerini olaryň indiki nesillerine ýetirmekde hiç zat bilen çalşylyp bolmajak ähmiýete eýedir. Adamzat jemgyýetiniň ösüş taryhynda bolup geçen wakalary iň dogry, anyk habar berýän zat ata-babalarymyzyň goýup 147 giden ýazuw ýadygärlikleridir. Biz ýazuwyň kömegi bilen dünýä halklarynyň we öz halkymyzyň iň gadymy taryhyny öwrenýäris, olaryň edim-gylymlary, däp-dessurlary, ýaşaýyş-durmuş aýratynlyk- lary, edebiýaty we ş.m bilen tanyş bolýarys. Mälim bolşy ýaly, ylym, sungat, tehnika we beýleki ugurlar asyrlaryň dowamynda ösüp, kämilleşip gelýärler. Olaryň gazanan tejribeleriniň öwrenilip, nesilden-nesle geçirilmeginde-de ýazuw hemişe uly ähmiýete eýe bolupdyr. Häzirki zaman dünýäsiniň gym- matly pikirlerini, gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini toplap sak- lamakda hem ýazuw öz gymmatyny ýitirmeýär. Ýazuw häzirki zaman ynsanlarynyň dünýägaraýşynyň kämil- leşmeginde, olaryň ählitaraplaýyn ösmeginde-de uly ähmiýete eýedir. Ýer ýüzündäki millionlarça adamlar ýazuw arkaly bilim alyp, dürli ylymlaryň syrlaryny öwrenýärler. Adamzat häzirki döwrüň ylmynyň, tehnikasynyň, sungatynyň ähli gazananlaryny aňynda saklap bilmeýär. Ýazuw bu meseläniň çözgüdini öz üstüne alyp, ony islendik wagt gaý- tadan janlandyrmaga, täzeden dikeltmäge hyzmat edýär. Medeniýetiň esasy alamatlarynyň biri bolan ýazuw dünýä halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösmegine düýpli täsir edýär. Ol ýa-da beýleki ýurtda ýüze çykýan esasy syýasy, ylmy, edebi we şuňa meňzeş hadysalar ýazuw arkaly bütin Ýer ýüzüne ýaýraýar. Ynsanlaryň estetik duýgularynyň ösmeginde-de ýazuwyň uly ähmiýeti bar. Meşhur söz ussatlarynyň çeper döredijiligi hem ýazuw arkaly adamlaryň kalbyna aralaşýar. Ýazuw şahsyýete öz pikirlerini tertibe salmaga, umumylaşdyrmaga-da kömek edýär. Ol takyk ylmy şekilleriň, esasan-da, grammatiki, fiziki, himiki, astronomiki, mate- matiki şekilleriň kömegi bilen aňladylýan düşünjeleriň düşnükli bol- magyna ýardam edýär. Edebi dilleriň döremeginde, kämilleşmeginde, täsiriniň artmagynda hem ýazuwyň ähmiýeti uludyr. Ýazuwyň emele gelmegi örän gadymy döwürlere degişlidir. Adamlaryň arasyndaky gatnaşygy amala aşyrmakdaky zerurlygyň netijesinde dörän ýazuw ilkibaşda çyzgy şekilleri görnüşinde bol- mandyr. Ilkibaşda pikiri beýan etmek, öz pikiriňi uzak ýerlere ýetir- mek üçin belli bir zatlardan peýdalanypdyrlar. Şol zatlaryň üsti bi- len aýdyljak bolunýan pikire düşünilipdir. Meselem: okuň iberilmegi urşuň başlanýandygyny, duzuň, çöregiň iberilmegi parahatçylygyň, 148 dostlugyň alamatyny aňladypdyr. Gülleriň reňkleri arkaly adamlar biri-birlerine söýgi, isleg, aýralyk ýaly duýgularyny ýetiripdirler. Gadymy döwürlerde jansyz zatlar bilen bilelikde janly zatlar ar- kaly hem pikir bildirilipdir. B.e.öň 513-nji ýylda Dariý atly şa özüni skiflerden has güýçli hasap edip, olary özüne tabyn etmek isläpdir. Şonuň üçin-de skifleriň hiç hili garşylyk görkezmezden boýun egme- gini talap edip, suw we toprak iberipdir. Skifler bolsa oňa diri gurba- ga, syçan, guş we bäş sany ok bilen jogap gaýtarypdyrlar. Gadymy gerek taryhçysy Gerodot ol zatlaryň manysyny şeýle düşündirýär: «Siz parslar gurbaga ýaly batgalykda gizlenmeseňiz, syçan ýaly ýeriň aşagyna girmeseňiz, guş ýaly uçmasaňyz, biziň topragymyza aýak basan badyňyza oklarymyzdan heläk bolarsyňyz». Gadymy adamlar haýsydyr bir maglumaty uzaklara ýetirmekde ýüpe düwün düwmek usulyndan-da peýdalanypdyrlar. Pikiri düwünler arkaly beýan etmek hytaýlylaryň, parslaryň, meksikalylaryň we başga-da birentek halklaryň arasynda giňden ýaýrapdyr. Pikiri balykgulaklar ar- kaly başga birine ýetirmek hem käbir halklaryň giňden ulanylan usulydyr. Demirgazyk Amerikanyň indeý taýpalarynyň birentegi bu serişdeden yzygiderli peýdalanypdyr. Balykgulagyň ölçegi, reňki berilýän habaryň mazmunynyň beýan edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Pikiriň zatlar arkaly aňladylmagynyň özboluşly artykmaçlygy bar. Munuň üçin adamyň haýsy dilde gepleýändiginiň ähmiýeti bol- maýar. Islendik dilde gepleýän adam zatlar arkaly berilýän pikire öz dilinde düşünip bilýär. Mundan başga-da, pikir beýleki adama ýa-da adamlara düşnükli hem-de tiz ýetýär. Meselem, dükanyň tekjesinde köwşüň durandygyny gören her bir adam şol ýerde aýakgap satyl- ýandygyny biler. Eger adam bu habary ýazuw arkaly bilmeli bolsa, onda ol köwüş satylýan ýere ýakyn baryp, ýazylan ýazgyny okamaly bolardy. Zat arkaly pikir aňlatmanyň kemçilikli tarapy onda diňe sada zatlar hakyndaky pikiri beýan etmek mümkindir, pikir çylşyrymlaşan ýagdaýynda bu usuly peýdalanyp bolmaýar. Sada pikirleri aňlatmak maksady bilen zatlaryň üsti bilen pikir aňlatmak häzirki döwürde hem ulanylýar. Meselem, ýollarda gyzyl, sary, ýaşyl reňkli ýol yşyklarynyň goýulmagy we ş.m. Wagtyň geçmegi bilen pikiriň çyzyklar arkaly beýan edilmegi ýüze çykýar. Şunuň netijesinde-de häzirki ýazuwlaryň ýüze çykmagy başlanýar. 149 Häzirki zaman dil bilimi ýazuwyň dört görnüşiniň bardygyny belläp geçýär. Olara piktografiýa, ideografiýa, sillabografik ýazuw, Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling