Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
gan we hiragan atlandyrylýan iki görnüşi bar. Katagan sada ýazuw
bolup, ol mekdepleriň okuw kitaplarynda, sapaklarda we ş.m ulany- lýar. Hiragan ýazuwy çylşyrymly tekstlerde peýdalanylýar. Sillabogrammalara häzirki zaman ýazuwynda hem duş gelmek bolýar. Rus dilindäki я, е, ю, ё harplary birentek sözlerde bogun şekilinde gelýär. Meselem; Я harpy: Мо + я Ю harpy: Ю + ра Ё harpy: Ё + жик Umuman, ýazuwyň ösüş taryhynda sillabografik ýazuw ulgamy özboluşly bir hadysadyr. Ol ideografik ýazuwa garanyňda ýazuwyň taryhynda uly ösüşdir. Ýöne ses ýazuwy bilen deňeşdireniňde, belgileriniň köplügi bilen tapawutlanýar. Bogun ýazuwynda azyndan 300 töweregi belgi bolýar, ses ýazuwynda bolsa iň köp bolanda 60–70 belgi bar. Şuňa görä-de, ses ýazuwy ulanmak üçin örän amatlydyr. Fonografik ýazuw. Diliň seslerini şertli belgiler arkaly aňladýan ýazuwa fonografik, ýa-da ses ýazuwy diýilýär. Ol başgaça, harply ýa- zuw diýlip atlandyrylýar. Ýazuwyň beýleki görnüşlerinden tapawut- lylykda, fonografik (grekçe phone – ses, grapho – çekmek, ýazmak) ýazuwda diliň ol ýa-da beýleki sesi aýry-aýry rafemalar, ýagny har- plar, orfografik belgiler (apostrof, hereket we ş.m belgiler) arkaly aňladylýar. 152 Ses ýazuwy ýazuwyň beýleki görnüşleri bilen baglydyr. Ýazuwyň bu görnüşi, esasan, ideografik ýazuwdan emele gelipdir. Mälim bolşy ýaly, ideografik ýazuwyň belgileri wagtyň geçmegi bilen bütewi sözi däl-de, sözüň seslerini aňladyp başlapdyr, şonuň netijesinde-de ses ýazuwy, harply ýazuw ýüze çykypdyr. Fonografiýanyň ýüze çykma- gy jemgyýetiň medeni durmuşynyň taryhynda iň möhüm hadysalaryň biri boldy. Harply ýazuwy dünýäde ilkinji bolup, garyşyk ýagdaýda müsürliler ulanypdyr. Şolaryň täsiri bilen, soň-soňlar, beýleki halklar hem harply ýazuwa geçipdir. Harply ýazuwlar häsiýetlerine görä, iki topara bölünýär: konsonant we wokal ýazuwlary. Käbir ýazuwlarda diňe çekimsizler harplar arkaly görkezilýär. Beýle ýazuwlar konsonant diýlip atlandyrylýar. Ýazuwyň beýleki bir toparynda bolsa, sözlerdäki çekimliler hem, çekimsizler hem harplar bilen bellenilýär. Bu ýazuwlar bolsa, wokal ýazuwlarydyr. Harply ýazuw ýazuwyň ösüş taryhynda iň ýokary derejedir. Bu ýazuw okamak hem-de ýazmak üçin sada, aňsat hem-de amatlydyr. Bu ýazuw dünýä dilleriniň köpüsiniň gurluşyna laýyk gelýär. Hatyň taryhyny öwreniji alym W. Istriniň berýän maglumatyna görä, dünýä halklarynyň 50 göterimi harply ýazuw ulgamyndan peýdalanýar. Olaryň 10 göterimi konsonant, 40 göterimi wokal ýazuwlardyr. Harply ýazuwlar dünýä dillerinde birsyhly köpelýär. Dilleriň köpüsi ýuwaş-ýuwaşdan harply ýazuwa geçýär. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling