Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Ikinji duýduryş ulgamy
- Sorag we ýumuşlar
- Hödürlenilýän edebiýatlar
ji duýduryş ulgamy akyl ýetirişe diňe yşarat edýär, haçan-da daşky
dünýäniň predmetleri, hadysalary duýgy agzalarymyza galtaşanda, bizde belli bir derejede duýgy (görüş, eşidiş, tagam we ş.m) döredýär, bu duýduryş ulgamy haýwanlara hem mahsusdyr. Ikinji duýduryş ulgamy akyl ýetirişiň ikinji basgançagyna degişlidir, ol düşünjeleriň, pikirlenmäniň, netije çykarmanyň emele gelmeginde uly ahmiýe- te eýedir. Şeýlelikde, ikinji duýduryş ulgamy dil aragatnaşygynyň esasynda ýatýar. Ikinji duýduryş ulgamy diňe adama mahsusdyr. Ol janly synlaýyşdan hyýaly pikirlenmä geçmegi, öz beýan etmelerini söz arkaly aňladýan düşünjeleriň, pikirleriň, netijeleriň emele gelme- gini üpjün edýär. Söz diňe bir takyk predmetiň däl, eýsem, birmeňzeş predmetleriň tutuş toplumynyň bellenilmegine mümkinçilik bermek bi- len çäklenmän, ol predmetleri toparlary, hyzmatlary ýa-da umumy ala- matlary babatdan birleşdirýär. Bu bolsa,adamda daşky dünýäniň zatlary we hadysalary hakynda düşünjäniň kemala gelmegine ýardam edýär. Sorag we ýumuşlar: 1. Diliň we pikirlenmäniň özboluşly gatnaşygyny düşündiriň. 2. Pikirlenmäniň we akyl ýetirişiň baglanyşygy nämeden ybarat? 3. Iki duýduryş ulgamynyň diliň we pikirlenmäniň gatnaşygyny üpjün etmekdäki ähmiýetini düşündiriň. Hödürlenilýän edebiýatlar: 1. Annanurow A. Dil biliminiň esaslary. I bölek. Aşgabat, 1971. 2. Bagyýew H. Dil bilimine giriş. Aşgabat, 1992. 3. Koдухов В.И. Oбщее языкознание. M., 1974. Dil we ýazuw Umumy dil bilimi ýazuwyň emele gelmegi we ösmegi bilen hem meşgul bolýar. Ýazuw, onuň dile bolan gatnaşygy, olaryň arasyndaky baglanyşyk dil biliminiň esasy meseleleriniň biridir. Gadymy ata- -babalarymyzyň bize goýup giden iň gymmatly mirasy bolan ýazuw häzirki günlerimize gelip ýetýänçä köpsanly kynçylyklary başdan ge- çirip kämilleşipdir. 10. Sargyt № 89 146 Ýazuwyň ýüze çykyşy we ýaýraýşy baradaky mesele ilki bilen dünýä medeniýetiniň taryhy üçin örän peýdalydyr. Şoňa görä-de, ýazuwyň taryhyny öwrenmek köp ýýllardan bäri alymlaryň üns mer- kezinde durýar. Bu mesele bilen diňe bir dilçiler däl, eýsem, arheolog- lar, taryhçylar hem gyzyklanýarlar. Amala aşyrylan ylmy barlaglaryň netijesinde ýazuwyň taryhyna – paleografiýa (grek dilindäki palaios – gadymy, grapho – ýazýaryn sözlerinden emele gelen) bagyşlanylan köp sanly ylmy işler ýazyldy. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling